Adidas meşhur fransuz futbolçysy Zinedin Zidan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, «Predator» butsysynyň ýörite görnüşini çykardy.
Zidan «Predator» hatarynyň esasy ýüzi. Ol bu butsyda 1998-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, 2006-njy ýyldaky mundialyň finalyna bolsa butsynyň altyn reňkli görnüşinde çykypdy.
Häzir bolsa Adidas döwrebap tehnologiýalary we Zidanyň karýerasynyň esasy pursatlaryny özünde jemleýän aýratyn modeli hödürledi.

Butsy ak hem-de altyn reňklerde taýýarlandy. Daşky tarapynda gök, ak we gyzyl elementler peýda boldy — bu onuň Fransiýanyň ýygyndy toparyndaky üstünliklerine salgylanmadyr.
Sport aýakgabynyň içine eplenýän dilinde Zidanyň şahsy altyn logotipi ýerleşdirildi, onuň dizaýny Zizunyň 2002-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyndaky belli golundan ylham alnyp döredildi.


Aýakgap diliniň aşagyndan geçýän çeýe ýüplerde Zidanyň karýerasynyň geografiýasy ýazyldy. Sag butsyda onuň professional ýolunda möhüm orun eýelän şäherleri, çep butsyda bolsa geljekki rowaýaty şahsyň çagalygy we ýaşlygy geçen Marsel sebitleri agzalýar.
«ZZ30» diýen ýörite belgi bolsa brend bilen futbolçynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny ýatladýar.

Çäkli kolleksiýa eýýäm satuwa çykdy. Butsynyň bahasy 300 ýewro (tas 350 dollar).
Şol bir wagtyň özünde, Adidas brendi Disney bilen hyzmatdaşlykda Ýyldyrym Makkuiniň we Metriň obrazynda hem butsylary çykardy. Aýakgaplar «Cars» («Ulaglar») multfilminiň 20 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ýyldyrymly we 95 belgili gyzyl Adizero modeli 130 dollar baha bilen ýörite gutuda hödürlenýär. Metrli «poslan» butsynyň bahasy bolsa 110 dollar.
