Starbucks 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasyny açýar
28.04.2025 14:01
3.3k+

Starbucks 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasyny açýar

Starbucks kompaniýasy 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasynyň gurluşygyny tamamlaýar. Bu barada Dezeen neşiri habar berýär. Kofehana Tehas ştatynyň Braunswill şäherinde ýerleşýär. Onuň meýdany, takmynan, 130 inedördül metre barabar
Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Ermenistandaky halkara ýaryşa taýýarlyk görýär
28.04.2025 13:44
7.4k+

Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Ermenistandaky halkara ýaryşa taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary 2025-nji ýylyň 10–11-nji maýynda Ermenistanyň Gümri şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär. Toparyň düzümine 10 türgen girdi - Meýlis Paşakuliýew, Daýanç Gylyçdurdyýew, Daýanç Hojamyradow, Süleýman Sähedow, Myrat Ekäýew, Lala Abdullaýewa, Myrat Altymuhammedow, Şyhnazar Şirzadow, Döwletýar Allowow we Aýymjan Sulta­nowa
Şanhaýda halkasyz we baş harplar bilen ýazylan täze brendden AUDI E5 Sportback hödürlendi
28.04.2025 13:32
7.6k+

Şanhaýda halkasyz we baş harplar bilen ýazylan täze brendden AUDI E5 Sportback hödürlendi

2025-nji ýylyň Şanhaý awtosalonynda täze AUDI brendiniň ilkinji köpçülikleýin elektromobili görkezildi. Täze brendiň ady indi baş harplar bilen ýazylýar we adaty dört halkaly logotipden aýryldy. Täze E5 Sportback – bu 5 metrlik uniwersal
Samsung ABŞ-da çip öndürmekde milliardlarça ýitgi çekýär
28.04.2025 13:29
3.6k+

Samsung ABŞ-da çip öndürmekde milliardlarça ýitgi çekýär

Samsung ýarymgeçirijileriň önümçiligi sebäpli ABŞ-da düýpli maliýe kynçylygyny başdan geçirýär. Soňky dört ýylda kompaniýanyň Arizonadaky amerikan bölümçesi 1,21 mlrd dollar ýitgi çekdi diýip, Sammobile habar berýär
Baýramçylyk at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny Bezirgen atly at aldy
28.04.2025 13:24
8k+

Baýramçylyk at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny Bezirgen atly at aldy

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
28.04.2025 13:17
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Dabara Mejlisiň Başlygy
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy açyldy
28.04.2025 13:10
5.2k+

Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy açyldy

Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi
Waymo sürüjisiz robotaksilerini hemmeler üçin elýeterli eder
28.04.2025 12:24
7.1k+

Waymo sürüjisiz robotaksilerini hemmeler üçin elýeterli eder

Waymo geljekde öz sürüjisiz ulaglaryny şahsy ulanyş üçin satyp başlamagy mümkin. Bu barada Alphabet konglomeratynyň baş direktory Sundar Piçai mälim etdi, emma anyk wagt aýtmady diýip, «The Verge» neşiri habar berýär
Google Chrome ahyrsoňy PDF-faýllary göni öz içinde açmagy goldap başlady
28.04.2025 12:22
1.8k+

Google Chrome ahyrsoňy PDF-faýllary göni öz içinde açmagy goldap başlady

Google kompaniýasy Chrome-yň Android üçin görnüşine PDF resminamalaryna doly goldaw goşdy. Indi degişli faýllary gös-göni brauzerde açyp bolýar, daşarky programmalar ýüklemegiň zerurlygy ýok diýip, «Android Authority» habar berýär
Kaliforniýa Ýaponiýany geçip, dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti boldy
28.04.2025 12:20
5.5k+

Kaliforniýa Ýaponiýany geçip, dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti boldy

24-nji aprelde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gewin Nýusom Halkara pul gaznasynyň (IMF) 2024-nji ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Kaliforniýanyň nomininal jemi içerki önüminiň (JIÖ-niň) 4,1 trln dollara ýetendigini aýtdy
Samsung içi görnüp duran akylly sowadyjy çykardy
28.04.2025 12:11
6.1k+

Samsung içi görnüp duran akylly sowadyjy çykardy

Samsung kompaniýasy içi görnüp duran gapy bilen enjamlaşdyrylan bölümi bolan Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max atly täze sowadyjysyny hödürledi. Bu barada «SamMobile» portaly habar berýär. Samsung Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max dört gapyly, aýratyn kameralary bolan model bolup, olaryň biri «Food Showcase» diýlip atlandyrylýan içi görnüp duran gapy bilen üpjün edilendir
iPhone 16e ABŞ-da iPhone 16 Pro-dan has meşhur boldy
28.04.2025 12:09
6.1k+

iPhone 16e ABŞ-da iPhone 16 Pro-dan has meşhur boldy

Consumer Intelligence Research Partners analitika kompaniýasy geçiren barlagy iPhone 16e-niň ABŞ bazarynyň 7%-ini eýeläp, arzan bahaly iPhone SE-den hem öňe geçendigini we üstesine-de iPhone 16 Pro-dan hem has meşhur bolandygyny ýüze çykardy
Dünýäniň iň iri kompaniýalary klimata $28 trillionlyk zyýan ýetirdi — barlagyň netijesi
28.04.2025 12:04
6.5k+

Dünýäniň iň iri kompaniýalary klimata $28 trillionlyk zyýan ýetirdi — barlagyň netijesi

Täze geçirilen barlagyň netijelerine görä, dünýäniň iň uly kompaniýalary klimatyň üýtgemegine 28 trillion dollarlyk zyýan ýetiripdir. Bu mukdar ABŞ-nyň 2024-nji ýyldaky jemi içerki önümine deň bolup, ählumumy maýlama sebäp bolýan parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň netijesini görkezýär
ABŞ-da jaýlaryň satuwy 5,9% pese gaçdy
28.04.2025 11:56
3.2k+

ABŞ-da jaýlaryň satuwy 5,9% pese gaçdy

ABŞ-da mart aýynda jaýlaryň satuwlary fewral aýy bilen deňeşdirilende 5,9% peseldi. Bu barada ABŞ-nyň Gozgalmaýan emläk söwdagärleriniň milli assosiasiýasynyň (NAR) çap eden maglumatlarynda aýdylýar. Bu ýagdaý 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, ABŞ-nyň gozgalmaýan emläk bazaryndaky iň uly aýlyk pese gaçyş boldy
«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady
28.04.2025 10:38
9.4k+

«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady

«Liwerpul» futbol kluby taryhynda 20-nji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy. Klub ýekşenbe güni geçirilen oýunda «Tottenhemi» 5:1 hasabynda ýeňip, möhletinden öň çempionlygyny gazandy. Bu «Liwerpul» üçin 2020-nji ýyldan bäri Premýer-ligadaky ilkinji çempionlyk boldy
Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi
28.04.2025 08:08
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi
Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunisdäki ilçileri bellenildi
28.04.2025 08:01
2.6k+

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunisdäki ilçileri bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Degişli resminamalar metbugatda çap edildi
Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy çap edildi
28.04.2025 00:41
14k+

Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusy çap edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren INTERWÝUSY Rizwan Han: Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän, 7 milliondan gowrak ilatly Türkmenistana syýahat etdim
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
28.04.2025 00:29
6.9k+

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda olary sylaglamak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
28.04.2025 00:16
2.3k+

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewiniň eýesine Toyota Camry V6 awtoulagy berildi
27.04.2025 17:44
28k+

2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewiniň eýesine Toyota Camry V6 awtoulagy berildi

26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynda bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04.2025 17:37
10k+

Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynda bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady
27.04.2025 17:24
4.7k+

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, atşynaslary ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady. "Häzirki döwürde ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi
27.04.2025 17:15
36k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly
Arkadag şäherinde türkmen bedewlerine bagyşlanan XVII halkara ylmy maslahat geçirildi
27.04.2025 16:50
3k+

Arkadag şäherinde türkmen bedewlerine bagyşlanan XVII halkara ylmy maslahat geçirildi

25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň
Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi
27.04.2025 16:41
3k+

Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi

24-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ispaniýa saparynyň çäklerinde Madrid şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi
Türkmenistanyň ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
27.04.2025 16:32
3.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

22-nji aprelde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
"Türkmennebit" we "PETRONAS" Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
27.04.2025 16:27
6k+

"Türkmennebit" we "PETRONAS" Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

24-nji aprelde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2025) çäklerinde "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd." kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Garward uniwersiteti Trampyň maliýe kömegini doňdurmagy sebäpli, 1 mlrd dollarlyk paýnamalaryny satmak isleýär
27.04.2025 15:03
11k+

Garward uniwersiteti Trampyň maliýe kömegini doňdurmagy sebäpli, 1 mlrd dollarlyk paýnamalaryny satmak isleýär

Garward uniwersitetiniň gaznasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýüze çykan düşünişmezlikler sebäpli, takmynan, 1 milliard dollarlyk hususy maýa goýum gaznasyndaky paýnamalaryny satmak boýunça gepleşikleri alyp barýar
Teylor Swift iň ýaş zenan milliarder adyny asly hytaýly gyza berdi: onuň baýlygy 1,25 mlrd dollar
27.04.2025 12:29
10k+

Teylor Swift iň ýaş zenan milliarder adyny asly hytaýly gyza berdi: onuň baýlygy 1,25 mlrd dollar

Asly hytaýly Lýusi Go dünýäniň iň ýaş zenan milliarderleriniň sanawynda Teýlor Swifti yzda galdyrdy. «Forbes-iň» hasaplamasyna görä, Lýusi Gonuň baýlygy 1,25 milliard dollara barabar. Lýusi Go kollejini taşlap, 21 ýaşynda emeli aň tehnologiýasyny işläp düzýän Scale AI kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri boldy
TSMC ilkinji 1,4-nm çipleriň çykjak wagtyny mälim etdi
27.04.2025 12:26
2k+

TSMC ilkinji 1,4-nm çipleriň çykjak wagtyny mälim etdi

Demirgazyk Amerikada geçirilen tehnologik simpoziumyň dowamynda, TSMC taýwan kompaniýasy täze 1,4-nm tehnologiýasyny – Gate-All-Around (GAA) ikinji nesil tranzistorlara esaslanýan A14 tehprosessini hödürledi. 2
Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar
27.04.2025 12:23
3.9k+

Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar

Honda kompaniýasy 2014-2020-nji ýyllar aralygynda öndürilen 152 müň 573 sany «Acura MDX» krossowerini täzeden yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Sebäp – yzky çyralara çyglylygyň aralaşmagy. Bu mesele 2019-njy ýylda düzedilmäge synanyşylypdy, ýöne gaýtadan ýüze çykdy: öň bejerilen awtoulaglaryň yzky çyralary hem ýene-de buglanýar we işlemegini bes edýär
Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär
27.04.2025 12:20
11k+

Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär

Şanhaýdaky Posh China restorany myhmanlara sterilizasiýa edilen pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär. Şeýle geň hezzetiň bahasy 550 dollara ýetýär, hyzmatyň özi bolsa hakyky teatrlaşdyrylan sahna öwrülýär diýip, SCMP neşiri habar berýär
Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar
27.04.2025 12:06
3.7k+

Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar

Antonio Banderas meşhur amerikan aşpezi, teleýaýlymyň alyp baryjysy we syýahatçy Entoni Burden hakdaky “Toni” terjimehal filminde oýnamak üçin keşp aldy. Bu barada Variety habar berýär. Filmdäki baş keşbi "Galdyrylanlar" teleserialyndaky keşbi bilen tanalýan Dominik Sessa ýerine ýetirer
Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy
27.04.2025 12:04
6.2k+

Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy

Sorbonna uniwersitetiniň müsüri öwreniji alymy Žan-Giýom Olett-Pelletýe Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin haty tapdy. Bu barada Daily Mail gazeti habar berdi. Obelisk, takmynan, b.e. öňki 1250-nji ýylda faraon Ramses II-niň döwründe gurlupdyr
Ummanlaryň gyzmagy merjenleriň 80%-den gowragyna ýok bolup gitmek howpuny salýar
27.04.2025 11:59
5.5k+

Ummanlaryň gyzmagy merjenleriň 80%-den gowragyna ýok bolup gitmek howpuny salýar

Ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli planetanyň merjenleriň 80%-den gowragynyň reňki soldy. Halkara Merjen gaýalary başlangyjy (ICRI) tarapyndan berlen hasabatda olaryň köpçülikleýin ýok bolup gitmek howpy barada aýdylýar diýip, TASS habar berýär
Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy
27.04.2025 11:56
1.5k+

Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy

2025-nji ýyldaky Kann film festiwalynyň guramaçylary maksatnama birnäçe täze filmi, şol sanda “Alagaraňkylyk” (“Сумерек”) wampir sagasynda ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýan aktrisa Kristen Stýuartyň ilkinji režissýorlyk çykyşyny goşdy
“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy
27.04.2025 11:42
15k+

“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy
Resident Evil 4-üň täzeden işlenen wersiýasynyň satuwy 10 milliondan geçdi
26.04.2025 18:20
4.8k+

Resident Evil 4-üň täzeden işlenen wersiýasynyň satuwy 10 milliondan geçdi

Capcom kompaniýasy Resident Evil 4-üň täzeden işlenen görnüşiniň (remeýkiniň) 10 milliondan gowrak nusgada satylandygyny habar berdi. Kompaniýa bu oýnuň franşizanyň iň çalt satylan oýny bolmagynda galýandygyny hem ýatlatdy
Android 16 täzelenmesini aljak Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň sanawy
26.04.2025 18:18
4.6k+

Android 16 täzelenmesini aljak Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň sanawy

Android 16 esasynda işlenip düzülen HyperOS 3 interfeýsi 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykarylar. Ol täze aýratynlyklary, öndürijilik boýunça kämilleşdirmeleri hem-de täzeden işlenip taýýarlanan interfeýsi üpjün eder