Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy

27.04.2025, 06:561,486

2025-nji ýyldaky Kann film festiwalynyň guramaçylary maksatnama birnäçe täze filmi, şol sanda “Alagaraňkylyk” (“Сумерек”) wampir sagasynda ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýan aktrisa Kristen Stýuartyň ilkinji režissýorlyk çykyşyny goşdy.

The Hollywood Reporter-iň habar bermegine görä, onuň “Suw hronologiýasy” (“Хронология воды”) atly çeper filmi “Üýtgeşik garaýyş” bölüminde görkeziler. Film ýazyjy Lidiýa Yuknawiçiň halkara bestsellerine öwrülen ýatlamalaryna esaslanýar. Filmde baş keşbi britaniýaly aktrisa Imojen Puts ýerine ýetirdi.
Bäsleşigiň esasy maksatnamasynda Linn Remsiniň “Öl, söýgim meniň” atly täze filmi görkeziler. Filmde “Alagaraňkylygyň” başga bir ýyldyzy Robert Pattinson çykyş eder. Oňa Jennifer Lourens hem goşular.
Şeýle hem, esasy bäsleşikde eýranly režissýor Said Rustainiň “Zenan we çaga” (“Женщина и ребенок”) filmi görkeziler. Beýleki täze çykan filmleriň arasynda Itan Koeniň  Obri Plazanyň, Kris Ewansyň we Margaret Kuolliniň  gatnaşmagyndaky "Gerek däl, söýgülim!" (“Не надо, дорогая!”) atly işi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.