“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

27.04.2025, 06:4215,037
1 / 2

“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy.

Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy. 84-nji minutda Ferran Torres hasaby 2:2 etdi.
90+6-njy minutda duşuşygyň emini wideogaýtalama görlenden soň, madridlileriň derwezesine garşy goýan penaltisini ýatyrdy, Rafinýa bolsa öýkünmesi üçin sary duýduryş aldy.
Ýeňiş goluny 116-njy minutda Žýul Kunde geçirdi.
120+3-nji minutda Antonio Rýudiger gyzyl duýduryş aldy.
Şeýlelikde, “Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Kataloniýalylar üçin bu 32-nji Kubok boldy, olar uly aratapawut bilen ýaryşyň rekord eýesidir. Ikinji orunda Bilbaodan “Atletik” (24) ýerleşýär, üçlügi “Real” jemleýär (20).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.