Doňdurylan syçanlar bilen geçirilen synag baky ýaşaýyş hakda täze jedeliň döremegine sebäp boldy
23.03.2026 15:21
6.8k+

Doňdurylan syçanlar bilen geçirilen synag baky ýaşaýyş hakda täze jedeliň döremegine sebäp boldy

“Geljegiň hatyrasyna doňmak” baradaky gürrüňler köpden bäri ylmy gözlegleriň, jedelleriň we hatda tankytlaryň temasy bolup gelýär. Şeýle-de bolsa, laboratoriýada alymlar janly beýnini saklamaga synanyşyklarda näderejede uzaga gidip boljagyny seresaplylyk bilen barlamagy dowam etdirýärler
Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy
23.03.2026 15:10
3.4k+

Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar
VAR ulgamynyň ýygy-ýygydan goşulmak meselesi sebäpli UEFA sammit geçirer
23.03.2026 14:47
3k+

VAR ulgamynyň ýygy-ýygydan goşulmak meselesi sebäpli UEFA sammit geçirer

UEFA Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda VAR ulgamynyň ulanylyşyny maslahatlaşmak üçin tomusky sammiti geçirer. «Bi-bi-si-niň» habar bermegine görä, bu duşuşygyň geçirilmegini guramanyň eminler komitetiniň başlygy Roberto Rozetti öňe sürdi
Küýki hem burunlak: Ýaponiýada dünýäniň iň «betgelşik» uçary görkezildi
23.03.2026 14:05
9.8k+

Küýki hem burunlak: Ýaponiýada dünýäniň iň «betgelşik» uçary görkezildi

Ýaponiýanyň täze reaktiw uçary Kawasaki EC-2 özüniň geň we adatdan daşary daşky keşbi bilen köpçüligiň, esasan hem awiasiýa höwesjeňleriniň ünsüni çekdi. Ýük daşaýjy uçaryň binýadynda döredilen bu model, özüniň «çişen» burny we göwresiniň ýokarky bölegindäki iki sany äpet büküri bilen beýleki uçarlardan düýpli tapawutlanýar
Nemes matematigi 60 ýyllyk meseläniň çözgüdi üçin Abel baýragyny aldy
23.03.2026 13:40
3.9k+

Nemes matematigi 60 ýyllyk meseläniň çözgüdi üçin Abel baýragyny aldy

Nemes matematigi Gerd Faltings 1983-nji ýylda öňe sürlen Mordell çaklamasynyň subutnamasy üçin 2026-njy ýylyň Abel baýragynyň eýesi boldy. Bu barada «New Scientist» neşiri habar berýär. Bu çaklama 1922-nji ýylda Luis Mordell tarapyndan düzülipdi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi
23.03.2026 13:18
14k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Döwlet
McDonald’s restoran brendleriniň arasynda liderligini saklady: gymmaty 42,6 milliard dollar
23.03.2026 10:47
2.8k+

McDonald’s restoran brendleriniň arasynda liderligini saklady: gymmaty 42,6 milliard dollar

Brand Finance kompaniýasynyň wersiýasyna görä, McDonald’s bassyr ikinji ýyl iň gymmat restoran brendleriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. 2026-njy ýylda brendiň bahasy 5% ýokarlanyp, 42,6 milliard dollara ýetdi
Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi
23.03.2026 10:34
2.7k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär
Teýlor Swift ABŞ-nyň ses ýazgysy senagatynyň girdejisini rekord derejä ýetirdi
23.03.2026 10:26
1.3k+

Teýlor Swift ABŞ-nyň ses ýazgysy senagatynyň girdejisini rekord derejä ýetirdi

2025-nji ýyda ABŞ-nyň sazçylyk pudagynyň umumy girdejisi rekord derejä –11,5 milliard dollara ýetdi. Bu barada Variety neşiri Amerikanyň ses ýazgysy kompaniýalar birleşigine salgylanyp habar berýär. Tölegli striming abunalaryndan gelýän girdejiler 6,8% ösüp, 5,88 milliard dollara ýetdi
Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy
23.03.2026 09:30
4.1k+

Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand küşt taslamalarynyň maýadary boldy. Ol norwegiýaly işewür Morten Borge bilen bilelikde Chess Mates kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu kompaniýa Norway Chess ýaryşynda we täze döredilen Total Chess World Championship ýaryşynda paý aldy
Panamada iň ownuk ýaprakly agaç tapyldy: görnüş derrew ýitmek howpy astynda diýlip yglan edildi
23.03.2026 09:29
5.7k+

Panamada iň ownuk ýaprakly agaç tapyldy: görnüş derrew ýitmek howpy astynda diýlip yglan edildi

Smitson institutynyň botanikleri Panamada Clusia nanophylla atly täze agaç görnüşini resmi taýdan beýan etdiler. Bu ösümligiň taryhy 2000-nji ýylda Serro-Kolorado daglyk sebitinden başlandy, ýöne bilermenleriň onuň özboluşlylygyny tassyklamagy üçin 25 ýyl gerek boldy
Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär
23.03.2026 07:22
6.7k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär
Şri-Lankada ýangyç ulag belgisiniň tertip sanyna görä guýulýar
23.03.2026 07:13
5.4k+

Şri-Lankada ýangyç ulag belgisiniň tertip sanyna görä guýulýar

Mash Telegram-kanaly Şri-Lankada ýangyjy awtoulagyň döwlet belgisiniň tertip sany boýunça satyp başlandyklaryny habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu düzgün beketlerdäki nobaty azaltmak maksady bilen girizildi
Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi
23.03.2026 07:08
2.2k+

Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy birnäçe kämilleşdirmeler bilen täzelenen SU7 elektromobilini resmi taýdan hödürledi. Indi CLTC sikli boýunça ulagyň geçýän ýoly 902 km ýetýär, LiDAR ulgamy ähli wersiýalaryň adaty üpjünçiligine goşuldy, Max wersiýasynda bolsa zarýad kuwwaty 897 wolta çenli ýokarlandy
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady
23.03.2026 06:56
3k+

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife, şeýle hem ýurduň halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady
«Mançester Siti» «Arsenaly» utup, 9-njy gezek Liganyň kubogyny gazandy
23.03.2026 05:29
6.4k+

«Mançester Siti» «Arsenaly» utup, 9-njy gezek Liganyň kubogyny gazandy

«Mançester Siti» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda Londonyň «Arsenal» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we öz taryhynda dokuzynjy gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Londonyň «Wembley» stadionynda geçirildi
Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar
23.03.2026 05:29
3.6k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi
ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy
23.03.2026 05:25
4.8k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar
«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer
23.03.2026 05:13
1.7k+

«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer

Sony Pictures amerikan kinokompaniýasy Labubu oýunjagy baradaky filmiň önümçiligine başlady diýip, CNBC habar berýär. Kompaniýa filmi düşürmek hukugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda Hytaýyň Pop Mart oýunjak öndürijisinden satyn aldy
Demrewe garşy sanjym infarkt howpuny 32% peseldýär
23.03.2026 00:57
2.5k+

Demrewe garşy sanjym infarkt howpuny 32% peseldýär

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze maglumatlara görä, demrewe garşy sanjym almak ýürek-damar keselli adamlarda infarkt döremek howpuny 32% peseldip biler. Alymlar bu netijäni gazanmak üçin ABŞ-yň ateroskleroz (damarlaryň daralmagy) keselli 246 müňden gowrak ýaşaýjysynyň maglumatlaryny öwrendiler
Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär
23.03.2026 00:03
6k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar
WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?
22.03.2026 23:11
2.7k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär
Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy
22.03.2026 21:15
7.2k+

Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, San-Fransiskonyň oturdaşlar kazyýeti telekeçi Ilon Masky Twitteri satyn almazdan öň maýadarlary ýalňyşdyrmakda günäkär saýdy we munuň üçin öwez tölegini tölemek barada höküm çykardy
Hytaýda artykmaç agramyňy ete «çalyşmak» aksiýasy geçirilýär
22.03.2026 21:14
14k+

Hytaýda artykmaç agramyňy ete «çalyşmak» aksiýasy geçirilýär

Hytaýyň Szýansu sebitindäki ýaşaýjylara horlanylan her 0,5 kg agramy üçin sygyr etiniň önümlerini (dil, guýruk we iç-goşlary) sowgat berýän täze aksiýa yglan edildi. South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, şeýle aksiýa 9-njy martda Usi şäheriniň Lýansi raýonynyň Şanbeý obasynda başlandy we 20-nji marta çenli dowam etdi
Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar
22.03.2026 16:34
4.4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar
Konor Makgregora UFC-ä dolanmaga resmi rugsat berildi
22.03.2026 16:26
11k+

Konor Makgregora UFC-ä dolanmaga resmi rugsat berildi

«UFC-niň iki agram derejesindäki öňki çempiony, meşhur irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor özüne goýlan gadaganlyk möhletiniň tamamlanmagy netijesinde oktagona dolanmaga rugsat aldy» diýip, The Sun neşiri habar berýär
Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji
22.03.2026 16:24
9.1k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi
«Wedmak 3» oýnundaky gorkunç dub agajy tebigatyň ýadygärligi diýip ykrar edildi
22.03.2026 16:14
3.4k+

«Wedmak 3» oýnundaky gorkunç dub agajy tebigatyň ýadygärligi diýip ykrar edildi

«Wedmak 3» oýnundaky iň gynançly hem gorkunç ýerleriň birini döretmäge ylham beren dub agajy Polşada döwlet tarapyndan goralýan tebigat ýadygärligi diýlip ykrar edildi. Bu barada Reddit forumynyň ulanyjylary habar berdiler
Infiniti kompaniýasy Nýu-Ýork awtosalonynda täze QX65 krossower kupesini görkezer
22.03.2026 16:09
2.4k+

Infiniti kompaniýasy Nýu-Ýork awtosalonynda täze QX65 krossower kupesini görkezer

Infiniti kompaniýasy QX60-yň kupe görnüşindäki täze QX65 krossowerini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Täze model 26-njy martda ilkinji gezek görkeziler we aprel aýynyň başynda Nýu-Ýork awtosalonyna çykarylar. ABŞ-da satuw iýun aýynda başlar
Gadymy müsür hatdatlary 3300 ýyl öň häzirki ýaly ştrihler bilen ýalňyşlaryny düzedipdirler
22.03.2026 16:03
4.4k+

Gadymy müsür hatdatlary 3300 ýyl öň häzirki ýaly ştrihler bilen ýalňyşlaryny düzedipdirler

Gadymy Müsüriň hatdatlarynyň papiruslardaky ýalňyşlary häzirki zaman kanselýariýa ştrihine meňzeş madda bilen düzedendikleri alymlar tarapyndan subut edildi. Bu barada Kembrijdäki Fiswilliam muzeýiniň hünärmenleri mälim edýärler
Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar
22.03.2026 15:29
2.3k+

Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar

Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir
Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi
22.03.2026 15:20
3.5k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady
Marsda ilkinji gezek ýakut we sapfir emele getirýän mineral tapyldy
22.03.2026 15:08
2.8k+

Marsda ilkinji gezek ýakut we sapfir emele getirýän mineral tapyldy

"Perseverance" mars apparaty Marsda ilkinji gezek korundyň — Ýer ýüzünde ýakut (rubin) we sapfirleriň emele gelmegine sebäp bolýan mineralyň spektral alamatlaryny ýüze çykardy. Bu yzlar Ýezero krateriniň gyrasyndaky dag jynslarynda tapyldy
Dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi deňiz synaglarynda tizlik rekordyny goýdy
22.03.2026 14:50
5.9k+

Dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi deňiz synaglarynda tizlik rekordyny goýdy

Orient Express Corinthian ýelkenli kruiz gämisi özüniň hereketlendiriji ulgamynyň synaglaryny üstünlikli tamamlady we degişli ölçegdäki ýelkenli gämiler üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Dünýäde şeýle görnüşli iň uly gämi bolmaga taýýarlanýan bu gäminiň uzynlygy 220 metr töweregi bolup, umumy sygymy 25 200 tonna deňdir
Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň ekranlarynyň ýagtylygy bilen bagly nogsany boýun aldy
22.03.2026 14:43
5k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň ekranlarynyň ýagtylygy bilen bagly nogsany boýun aldy

Samsung kompaniýasy Galaxy S26 Ultra ekranlarynyň ýagtylygynyň öňki model bilen deňeşdirilende pesdigini tassyklady. Muňa "Privacy Display" gorag gatlagy sebäp boldy. Kompaniýa ýagtylygyň peselmegini ujypsyz hasaplaýar, emma bu tapawut funksiýa öçürilende hem duýulýar
Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen Pakistana çagyrdy
22.03.2026 13:16
5.9k+

Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen Pakistana çagyrdy

2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär
Sem Altman emeli aň üçin edil jemagat-hojalyk hyzmatlarynyňky ýaly tölemegi teklip etdi
22.03.2026 12:47
1.9k+

Sem Altman emeli aň üçin edil jemagat-hojalyk hyzmatlarynyňky ýaly tölemegi teklip etdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aňdan peýdalanmak üçin töleg usulyny üýtgetmegi we ony edil jemagat-hojalyk hyzmatlaryňka meňzeş etmegi teklip etdi. Gürrüň ulanyjylaryň edil suw ýa-da elektrik energiýasy üçin töleýişleri ýaly, diňe ulanylan mukdara görä töleg etmek barada gidýär
Madonna 24 ýyldan soň ýene kino dünýäsine gaýdyp geldi
22.03.2026 12:38
5.6k+

Madonna 24 ýyldan soň ýene kino dünýäsine gaýdyp geldi

«Amerikaly meşhur aýdymçy Madonna 24 ýyldan soň ýene aktrisalyk kärine dolanmak hyýalyna mündi. Ol «Kinostudiýa» (The Studio) atly serialyň ikinji möwsüminde surata düşýär» diýip, Entertainment Weekly neşiri habar berýär
Bizden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş mümkinçilikli täze super Ýer tapyldy
22.03.2026 12:31
7.2k+

Bizden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýaşaýyş mümkinçilikli täze super Ýer tapyldy

Kosmos kartasynda, astronomik ölçegler boýunça örän golaýda täze bir gyzykly nokat peýda boldy. Ýerden 83 ýagtylyk ýyly uzaklykda alymlar adaty tapyndylardan düýbünden tapawutlanýan bir planetany ýüze çykardylar
Counter-Strike 1.6-ny indi brauzeriň üsti bilen oýnap bolýar
22.03.2026 12:20
3.5k+

Counter-Strike 1.6-ny indi brauzeriň üsti bilen oýnap bolýar

DosZone Team topary Counter-Strike 1.6 oýnunyň brauzer wersiýasyny çykardy. Bu taslamany taýýarlamak üçin takmynan alty aý sarp edildi we oýunçylaryň gatnaşmagynda iki hepdelik synagdan geçdi. Oýun toparyň goşmaça kämilleşdirmeleri bilen "Xash3D" hereketlendirijisinde işleýär hem-de mugt, mahabatsyz we hiç hili tölegsiz elýeterlidir