«Super» diýmek bärden gaýdýar: Google AI Hypercomputer bilen tanyş boluň

06.05.2026, 02:341,925
1 / 2

Google «AI Hypercomputer» atly taslamasyny hödürläp, hasaplaýyş ulgamlarynyň täze bir ugruny döredendigini resmi taýdan yglan etdi.

​Bu emeli aňyň we agent dolandyryşynyň işi üçin kämilleşdirilen ýörite gurluş bolup, ol eýýäm kompaniýanyň «Gemini» flagman modelleri we korporatiw hyzmatlary üçin esas hökmünde ulanylýar.

​Adaty fiziki superkompýuterlerden tapawutlylykda, «AI Hypercomputer» programma we enjamlaýyn ösüşleri birleşdirýän toplumlaýyn infrastruktura hökmünde çykyş edýär.

​Ulgam täze nesil tenzor prosessorlaryna (TPU), Nvidia Vera Rubin NVL72 tizlendirijilerine, şeýle hem ýöriteleşdirilen Arm-prosessorlaryna esaslanan Axion N4A wirtual maşynlaryna daýanýar. Mundan başga-da, «Virgo Network» infrastrukturasy we «Google Compute Engine» wirtual maşynlary hem ekosistemanyň möhüm bölegine öwrüldi.

​Google-yň wekilleri giperkompýuteriň müşderilere çylşyrymly emeli aň modellerini we iş proseslerini ösdürmegi görnetin çaltlaşdyrmaga kömek etjekdigine hem söz berýärler.

​Bu täze arhitekturanyň diňe bir innowasiýalary höweslendirmek bilen çäklenmän, eýsem giň gerimli hasaplamalaryň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly çykdajylary azaltmagyna-da garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.