79-njy Kann kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

06.05.2026, 15:031,614

Kann kinofestiwaly 2026-njy ýyl üçin eminler düzümini yglan etdi. Eminler agzasynyň başlygy Pak Çhan Uk bilen bilelikde bu düzüme ýene sekiz adam girdi.

Olar amerikaly aktrisa Demi Mur, irland-efiopiýaly aktrisa we prodýuser Rut Negga, belgiýaly režissýor we ssenariçi Laura Wandel, hytaýly režissýor we ssenariçi Hloýa Çžao, çilili režissýor we ssenariçi Diego Sespedes, iwuar-amerikaly aktýor Isaak De Bankole, şotlandiýaly ssenariçi Pol Lawerti we şwesiýaly aktýor Stellan Skarsgard.

Eminler 22 filmiň arasyndan birini saýlap, oňa «Altyn palma şahasyny» gowşurar. Ýeňijiler 23-nji maýda, festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan ediler.

79-njy Kann kinofestiwaly 12-nji maýda açylar. Onuň ilkinji görkeziljek filmi Pýer Salwadoriniň «Elektrik Wenerasy» bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.