ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes
18.03.2026 09:46
4.6k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi
Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär
18.03.2026 09:40
2.8k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID
Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy
18.03.2026 00:27
7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
18.03.2026 00:11
2.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi
Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy
17.03.2026 21:11
5.7k+

Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy

Hytaýyň emeli aň we robototehnika ulgamynda iş alyp barýan Deep Robotics kompaniýasy at görnüşindäki üýtgeşik robotyny görkezdi. Bu taslama gündogar senenamasy boýunça 2026-njy – at ýylyna bagyşlanyp taýýarlandy
Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler
17.03.2026 20:58
6.4k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler
Täze batareýaly Ford Explorer 444 kilometre çenli ýol geçip başlady
17.03.2026 20:44
3.3k+

Täze batareýaly Ford Explorer 444 kilometre çenli ýol geçip başlady

Ford kompaniýasynyň Ýewropa bölümi Explorer elektrik krossoweriniň täzelenendigini mälim etdi. Döwrebaplaşdyrmadan soň, awtoulag täze batareýa, artdyrylan ýol aralygyna we goşmaça funksiýalara eýe boldy. Ýewropa ýurtlarynda bu model üçin sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy
Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi
17.03.2026 20:39
954

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer
Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy
17.03.2026 20:33
4.4k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär
Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri
17.03.2026 20:20
8.1k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler
Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki ýaryşlarynyň finallaryna biletler näçeden?
17.03.2026 19:45
6.1k+

Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki ýaryşlarynyň finallaryna biletler näçeden?

 UEFA 2026-njy ýylyň klub ýaryşlarynyň finallaryna biletleri satyp başlady we eýýäm stadiona girmegiň aňsat bolmajakdygy düşnükli. Biletleri diňe guramanyň resmi saýty arkaly alyp bolýar, emma olary göni satyn almak mümkin däl
Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
17.03.2026 19:39
7.6k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi
Britaniýaly ýazyjylar emeli aň ulanylman ýazylan kitaplar üçin ýörite logotip döretdi
17.03.2026 19:09
1.4k+

Britaniýaly ýazyjylar emeli aň ulanylman ýazylan kitaplar üçin ýörite logotip döretdi

Beýik Britaniýanyň «Society of Authors» (SoA) — Ýazyjylar, illýustratorlar we terjimeçiler birleşmesi — «Human Authored» logotipini hödürledi. Ol generatiw emeli aňy ulanmazdan, diňe adamlar tarapyndan ýazylan kitaplary tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar
17.03.2026 18:15
2.9k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň
Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär
17.03.2026 17:48
7.8k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär
Bredli Kuper «Ouşeniň on bir dosty» filminiň prikwelini surata düşürmäge taýýarlanýar
17.03.2026 16:53
1.3k+

Bredli Kuper «Ouşeniň on bir dosty» filminiň prikwelini surata düşürmäge taýýarlanýar

«Amerikaly meşhur aktýor Bredli Kuper «Ouşeniň on bir dosty» filminiň prikweline režissýorlyk etmek isleýär» diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, Kuper diňe bir režissýor bolmak bilen çäklenmän, eýsem ssenariýany ýazmagy we baş keşbi janlandyrmagy-da meýilleşdirýär
Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy
17.03.2026 16:47
1.1k+

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär
Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy
17.03.2026 16:36
4.1k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi
BMW täzelenen 7-nji seriýaly sedanynyň ilkinji suratyny görkezdi
17.03.2026 16:29
5.1k+

BMW täzelenen 7-nji seriýaly sedanynyň ilkinji suratyny görkezdi

BMW konserni täzelenen 7-nji seriýaly sedanynyň ilkinji resmi suratyny çap etdi. Deslapky maglumatlara görä, modeliň tanyşdyrylyş dabarasy aprel aýynyň ahyrynda açyljak Pekin awtosergisinde bolup biler. Çap edilen tizerden görnüşi ýaly, awtoulagyň daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar
BMG dünýäniň sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşynyň kartasyny çap etdi
17.03.2026 16:13
6.8k+

BMG dünýäniň sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşynyň kartasyny çap etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýyla çenli demografiýa çaklamalaryna esaslanýan täze maglumatlary dünýäniň dürli sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşyny görkezýär. Bu görkeziji ilatyň ýarysynyň görkezilen ýaşdan uly, ýarysynyň bolsa has ýaşdygyny görkezýär
Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy
17.03.2026 16:06
3.5k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi
Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
17.03.2026 15:58
8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi
Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy
17.03.2026 15:50
1.9k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi
Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi
17.03.2026 15:49
4.1k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy
Ýapon alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin hemişe aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler
17.03.2026 15:38
11k+

Ýapon alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin hemişe aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler

Ýaponiýanyň Ýamaguti uniwersitetiniň alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler. Bu barlagyň netijeleri The Anatomical Record ylmy žurnalynda çap edildi. Bu ýagdaý haýwanyň oňurgasynyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr
Infiniti QX80 wnedorožnikleriniň has güýçli wersiýalaryny taýýarlaýar
17.03.2026 15:32
2.3k+

Infiniti QX80 wnedorožnikleriniň has güýçli wersiýalaryny taýýarlaýar

Infiniti kompaniýasy täze nesil QX80 modeliniň hataryny has güýçli we çalt modifikasiýalar bilen giňeltmekçi bolýar. Bu barada brendiň önümler boýunça direktory Braýan Maranýo «Automotive News» neşirine habar berdi
“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy
17.03.2026 15:25
2.8k+

“Çelsä” öňki maliýe düzgün bozmalary sebäpli 10,75 million funt sterling jerime salyndy

Angliýanyň premier-ligasy Londonyň “Çelsi” klubuna 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, klub Roman Abramowiçiň eýeçiliginde bolan döwründe goýberilen maliýe düzgün bozulmalary üçin 10,75 million funt sterling (takmynan 14,3 million dollar) jerime saldy
Fransiýa bir asyr mundan öň alnyp gidilen «gepleýän depregi» Kot-d’Iwuara gaýtaryp berdi
17.03.2026 10:56
8.2k+

Fransiýa bir asyr mundan öň alnyp gidilen «gepleýän depregi» Kot-d’Iwuara gaýtaryp berdi

Fransiýa mundan 110 ýyl ozal Kot-d’Iwuardan alnyp gidilen rowaýaty «Jiji Aýokwe» atly «gepleýän depregi» yzyna gowşurdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Uzynlygy 4 metr, agramy 430 kilogram bolan bu äpet saz guraly adamyň gepleýiş sesini gaýtalamaga ukyplydyr
Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar
17.03.2026 10:35
2k+

Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar

Hytaý özüniň ägirt uly maksatnamasy bolan «Tianwen-3» taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge resmi taýdan girişdi we Marsyň toprak nusgalaryny Ýere getirmeli ilkinji missiýasynyň enjamlaryny ýygnap başlady. Nusgalaryň 2031-nji ýylda Ýere getirilmegi meýilleşdirilýär
Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy
17.03.2026 10:29
1k+

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär
Bu Renault brendiniň geljegi: şeýle awtoulaglar goşmaça ýangyç guýulmazdan 1400 km-e çenli ýol geçip biler
17.03.2026 10:18
2.4k+

Bu Renault brendiniň geljegi: şeýle awtoulaglar goşmaça ýangyç guýulmazdan 1400 km-e çenli ýol geçip biler

Renault kompaniýasy ilkinji gezek täze RGEV medium 2.0 modul platformasyny görkezýän R-Space Lab konsepsiýa kompaktweni bilen tanyşdyrdy. Bu arhitektura seriýaly gibridler we elektrik awtoulaglary üçin niýetlenendir
Belgiýaly dizaýner köne harby ýatakhanalary kaşaň myhmanhana öwürdi 
17.03.2026 09:21
4.9k+

Belgiýaly dizaýner köne harby ýatakhanalary kaşaň myhmanhana öwürdi 

Belgiýaly dizaýner Lionel Žado B2Ai binagärlik firmasy we Jam Hotels myhmanhana brendi bilen hyzmatdaşlykda Gent şäherindäki öňki harby ýatakhanany 108 otagly myhmanhana öwürdi. Taslama Studio Lionel Jadot tarapyndan işlenip düzüldi
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar
17.03.2026 09:14
4k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi
17.03.2026 08:01
9.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi
16.03.2026 23:40
19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?
16.03.2026 23:36
7.1k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy
16.03.2026 22:47
14k+

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Duşuşykda möwsümleýin oba hojalyk işleri we sebitlerdäki häzirki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi
16.03.2026 19:40
6.5k+

ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 2024-nji ýylda çaga dogluşynyň umumy koeffisienti her aýal üçin 1,34 çaga deň boldy — bu soňky alty onýyllygyň içinde iň pes görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, 1964-nji ýylda bu görkeziji 2,62-ä deňdi
Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy
16.03.2026 19:31
5.3k+

Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy
«Çirkin ses 7» franşizanyň iň girdejili filmi boldy
16.03.2026 19:24
2.8k+

«Çirkin ses 7» franşizanyň iň girdejili filmi boldy

«Çirkin ses 7» (Крик 7) sleşer filmi dünýä prokatynda 176,9 million dollar girdeji gazanyp, bu meşhur franşizanyň taryhynda iň köp peýda getiren taslama boldy. Mundan ozalky rekord 1996-njy ýylda çykan we 173 million dollar (inflýasiýany hasaba almazdan) girdeji gazanan birinji bölüme degişlidi