TDBSI-de «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» atly ýaryşlar başlanýar

29.04.2026, 14:481,855

Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» şygary astynda bedenterbiýe we sport bäsleşiklerini geçirýär. Bäsleşiklere gatnaşmaga ýurduň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylary we sport mekdeplerinde türgenleşýän höwesjeň ýaşlar çagyrylýar.

Bäsleşikleriň esasy tapgyry 2026-njy ýylyň 4 — 9-njy maýy aralygynda institutyň köpugurly sport toplumynda geçiriler.

Çäreleriň maksatnamasy birnäçe tapgyra bölünýär. 4-nji maýdan 6-njy maýa çenli umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça bäsleşikler bolar. 7-nji maýdan 9-njy maýa çenli bolsa sportuň oýun görnüşleri we göreş boýunça ýaryşlar, şeýle hem ýörite beden taýýarlygy boýunça test bäsleşikleri geçiriler. Ýaryşlar her gün sagat 14:00-dan 18:00-a çenli dowam eder.

Mundan başga-da, institutda açyk çempionatlar hem geçiriler: türkmen milli we guşakly göreş (12–14-nji maý), grek-rim we erkin göreş (15–17-nji maý) hem-de sambo (22–24-nji maý) boýunça bäsleşikler guralar.

Gatnaşmak isleýänler QR-kod ulgamy arkaly onlaýn görnüşde ýa-da degişli ýüz tutmasyny tdbsi@sanly.tm elektron salgysyna ibermek arkaly hasaba durup biler. Şeýle-de, ýaryşlar başlamazdan ozal gönüden-göni institutyň özünde hasaba aldyrmak mümkindir.

Bäsleşikleriň düzgünnamalary bilen resmi saýtdan tanşyp bilersiňiz: www.tdbsi.edu.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.