Päkistanly türgen tirsegi bilen 50 sany alýumin bankany döwüp, Ginnesiň rekordyny goýdy

29.04.2026, 07:458,243

Päkistanly söweş sungatynyň ussady Muhammet Raşid Nasim Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Türgen özüniň adaty bolmadyk çaltlygyny görkezip, 50 sany ýapyk alýumin bankany bary-ýogy 22,32 sekundyň içinde tirsegi bilen döwmegi başardy.

​2001-nji ýyldan bäri Päkistanyň söweş sungaty akademiýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy bolup işleýän Nasim yzygiderli täze rekordlary goýmak bilen tanalýar.

Bu-da ussadyň gazanan ilkinji üstünligi däl. Ol 2025-nji ýylda boks ellikleri bilen bir minutda 386 gezek urgy arkaly rekord goýupdy. Şeýle-de, 2024-nji ýylda 30 sekundyň içinde kellesi bilen 39 bankany döwüp, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrmagy başardy. Mundan başga-da, oňa 30 sekundyň içinde tirsegi bilen 39 sany hozy döwmek boýunça rekord hem degişlidir.

​Muhammet Raşid Nasimiň ýolbaşçylygyndaky akademiýa hakyky rekordçylary ýetişdirýän merkez hökmünde tanalýar. Onuň şägirtleriniň we guramanyň öz hasabynda 150-den gowrak toparlaýyn rekord bar. Onuň 10 sany şägirdi hem şahsy rekordlaryň eýesi boldy. Bu bolsa sebitde söweş sungatyny ösdürmekde ulanylýan okuw ulgamynyň ýokary derejededigini görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.