Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy
10.03.2026 15:29
5.2k+

Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy

Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, ýurduň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyny aldy. THP-niň habar bermegine görä, degişli şahadatnama halkara synag üstünlikli tabşyrylandan soň gowşuryldy
BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy
10.03.2026 15:17
2.3k+

BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy

BMW kompaniýasy özüniň i3 atly täze elektrik sedanynyň resmi tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Täze model 18-nji martda köpçülige hödürlener. Şeýle hem öndüriji tarapyndan ulagyň öň tarapynyň deslapky şekili paýlaşyldy
«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar
10.03.2026 14:52
8.5k+

«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar

«Atletikonyň» futbolçylary «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) atly doly metražly filmiň mahabat kampaniýasyna gatnaşar. Madrid kluby Netflix striming hyzmaty bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy
10.03.2026 13:50
9.3k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky
Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar
10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar
UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler
10.03.2026 12:05
5k+

UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler

Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler
Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar
10.03.2026 11:56
2k+

Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar

Samsung özünde kamera we emeli aň ulgamyny jemleýän akylly äýnekleriň üstünde işleýär. Täze enjam baradaky meýilnamalary kompaniýanyň mobil bölüminiň wise-prezidenti Jeý Kim Barselonada geçirilen «MWC 2026» sergisinde mälim etdi
Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi
10.03.2026 11:39
4.2k+

Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisinden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi
10.03.2026 11:37
2.4k+

Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi
Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler
10.03.2026 11:01
6.1k+

Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler

Ford kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Farli Rim papasy Lew XIV-ä ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Ford Explorer awtoulagynyň ýörite görnüşini gowşurdy. Bu awtoulag 2026-njy ýylyň «Ford Explorer Platinum» modeliniň esasynda taýýarlanyp, hromlanan detallary bolan gara reňkli kuzowa hem-de «DA POPE» we «LEO XIV» diýen şahsy döwlet belgilerine eýedir
Alymlar: Faraon Tutanhamonyň kulonyndaky aýna gelip çykyşy boýunça Ýer ýüzünden däl
10.03.2026 10:47
5.2k+

Alymlar: Faraon Tutanhamonyň kulonyndaky aýna gelip çykyşy boýunça Ýer ýüzünden däl

Müsür faraony Tutanhamonyň guburyndan tapylan kulonda Ýer ýüzündäki deňi-taýy bolmadyk sary aýna bar. 2023-nji ýylda alymlar tarapyndan geçirilen nanogurluşly barlaglar bu materialyň gelip çykyşynyň Ýer ýüzüniň daşyndan, ýagny älemden gelendigini subut etdi
Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy
10.03.2026 10:33
6.3k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi
Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar
10.03.2026 08:10
4k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly
UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy
10.03.2026 07:58
7k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy
Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi
09.03.2026 20:53
15k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy
Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi
09.03.2026 20:33
6.1k+

Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi

Venuum týuning kompaniýasy Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň üýtgeşik görnüşi bilen tanyşdyrdy. Black Cullinan Venuum Tyrannus diýlip atlandyrylan bu taslama diýseň giňeldilen kuzowy bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň esasy aýratynlygy onuň haýbatly widebody toplumydyr
Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi
09.03.2026 20:07
3.6k+

Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi

Pekinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän maglumatlara görä, mejlis Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G
42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
09.03.2026 19:56
17k+

42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Malaýziýaly inžener Pratab Muniandi özüniň üýtgeşik ýylgyryşy we agzyndaky 42 sany dişi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. 33 ýaşly malaý ýigidiniň dişleri adaty adamlara mahsus bolan 32 dişden 10 sany köpdür
Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar
09.03.2026 19:31
1.3k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar
«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär
09.03.2026 17:16
8k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder
Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi
09.03.2026 17:12
3.9k+

Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi

Dust2.us neşiriniň habar bermegine görä, Valve kompaniýasy «Counter-Strike: Global Offensive» (CS:GO) boýunça kiber-sport turnirlerini geçirmäge mundan beýläk rugsatnama bermezlik barada karar kabul etdi. Mundan ozal Valve oýnuň nusgawy görnüşini «Counter-Strike 2-den» aýryp, «CS:GO» üçin ýörite aýratyn identifikator (App ID) döredipdi
Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar
09.03.2026 17:03
1.5k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar
Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy
09.03.2026 16:49
22k+

Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy

Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr
Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady
09.03.2026 16:48
4.6k+

Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady

Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady. Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy
Auksionda 23 ýyl öň çykan Ford Mustang-y täzesinden 5 esse gymmada satdylar
09.03.2026 16:19
5.4k+

Auksionda 23 ýyl öň çykan Ford Mustang-y täzesinden 5 esse gymmada satdylar

"Bring a Trailer" onlaýn auksionynda 2003-nji ýylyň Ford Mustang SVT Cobra kupesi 175 müň dollara satyldy. Bu mukdar täze Mustang-yň ABŞ-daky başlangyç bahasyndan (32,6 müň dollar) bäş esse töweregi gymmatdyr. Beýle ýokary bahanyň esasy sebäbi bolsa ulagyň saklanyş ýagdaýydyr
NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar
09.03.2026 16:05
1.2k+

NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar

NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar
Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy
09.03.2026 15:46
2.4k+

Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy

Australian Zoologist ylmy žurnalynda çap edilen täze gözleg, Günorta Awstraliýanyň Ýork ýarym adasyndaky «Dhilba Guuranda-Innes» milli seýilgähinde kiçi girdenek opossumyň (Cercartetus lepidus) bolmagynyň mümkindigini görkezýär
ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi
09.03.2026 15:37
7.3k+

ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar
Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi
09.03.2026 15:36
17k+

Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok
Pixar öz taryhynda ilkinji gezek doly göwrümli mýuzikl taýýarlaýar
09.03.2026 15:28
2.6k+

Pixar öz taryhynda ilkinji gezek doly göwrümli mýuzikl taýýarlaýar

Pixar animasiýa studiýasy taryhynda ilkinji multfilm-mýuziklini taýýarlaýar. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. 2017-nji ýylda surata düşürilen "Kokonyň syry" filmi saz bilen berk baglanyşyklydy, ýöne täze taslama doly göwrümli sazly iş bolar
Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
09.03.2026 15:25
19k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler
Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar
09.03.2026 15:18
2.3k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
09.03.2026 14:53
2.8k+

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi
Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi
09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi
Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy
09.03.2026 12:25
5.8k+

Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr
Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer
09.03.2026 12:18
2.3k+

Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer

NASA-nyň Ýere golaý asman jisimlerini öwreniş merkeziniň hünärmenleri 2024 YR4 asteroidiniň hereket ugruny anykladylar we onuň 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny doly aradan aýyrdylar. Ozal 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda urgy bolmak ähtimallygy 4,3% diýlip çaklanylypdy
Jeýms Kemeron «Awataryň» dowamy barada duýdansyz beýanat berdi
09.03.2026 11:57
3.7k+

Jeýms Kemeron «Awataryň» dowamy barada duýdansyz beýanat berdi

Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar» filminiň dördünji we bäşinji bölümleriniň ekranlara çykmazlygynyň mümkindigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, taslamanyň dowamlylygy «Awatar: Ot we kül»  filminiň girdejisiniň ýagdaýyna bagly bolar
BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi
09.03.2026 11:48
7.4k+

BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi
Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi
09.03.2026 11:12
5.1k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler
Gadymy küýzeleriň seljermesi ýewropalylaryň müňlerçe ýyl mundan ozal näme iýendigini görkezýär
09.03.2026 10:54
3k+

Gadymy küýzeleriň seljermesi ýewropalylaryň müňlerçe ýyl mundan ozal näme iýendigini görkezýär

Alymlar gadymy ýewropalylaryň nahar bişirmek üçin dürli önümleri ulanandygyny anykladylar. Bu barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi. Gadymy medeniýetlerde iýlen iýmit, adatça, küýze gaplaryndaky haýwan ýagynyň galyndylaryny seljermek arkaly öwrenilýär