Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasyny ilkinji gezek gaýtadan uçurdy

20.04.2026, 18:571,673
1 / 2

Blue Origin kompaniýasy 19-njy aprelde uçurylanda New Glenn raketasynyň birinji basgançagyny ilkinji gezek gaýtadan ulandy. Bu raketanyň üçünji missiýasy mahalynda boldy.

Raketa BlueBird 7 hemrasyny orbita çykardy, ýöne soňra onuň ýalňyş traýektoriýada bolandygy anyklandy. Kompaniýa apparatyň bölünendigini we işjeňleşdirilendigini tassyklady, ýöne orbitanyň işlemek üçin gaty pesdigini we hemrany ulanyp bolmajakdygyny boýun aldy.

Birinji basgançak üstünlikli bölünip, Atlantik ummanyndaky platforma gondy. Bu taslama üçin möhüm tapgyrdyr, sebäbi bu basgançaklar azyndan 25 gezek uçurylmaga niýetlenendir.

Uçurylyş Kanaweral burnundan  biraz gijikdirilip amala aşyryldy. Nýu-Glenniň öňki iki uçurylyşy hiç hili bökdençsiz amala aşyrylypdy.

Taslama SpaceX-iň raketa göterijileri bilen bäsleşip biljek gaýtadan ulanyp bolýan raketa döretmegi maksat edinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.