«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

20.04.2026, 13:052,697

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär.

8 hepde dowam etjek bu çäre Niderlandlaryň dünýä bazaryndaky öňdebaryjy ornuny we gülçülik sungatynyň ýokary derejesini görkezýär.

Amsterdamdan 40 km uzaklykda ýerleşýän, sebitiň esasy medeni merkezleriniň biri bolan bu seýilgähe ýylda 1 milliondan gowrak adam gelýär. Häzirki aprel we maý aýlary çigildemleriň hem owadan bolup açylýan döwrüdir.  

Taryhy 17-nji asyrdan bäri gaýdýan seýilgäh, tebigaty goramak we syýahatçylaryň rahatlygyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe häzirki zaman çärelerini girizdi.

Şoňa görä, inid giriş petekleri belli bir wagt aralygyna niýetlenendir. Şeýle-de syýahatçylar üçin öňünden bellenen ýörite ýöriş ugurlary bar. Seýilgähe girýän adamlaryň gündelik sany hem gözegçilik astynda saklanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.