Sony oýunlaryň göwrümini 100 GB-dan 100 MB-a çenli kiçeltjek tehnologiýany patentledi
16.02.2026 15:41
2.9k+

Sony oýunlaryň göwrümini 100 GB-dan 100 MB-a çenli kiçeltjek tehnologiýany patentledi

​Sony ýapon kompaniýasy wideooýunlary saklamagyň täze tehnologiýasy üçin patent hasaba aldy diýip, Tech4Gamers neşiriniň žurnalistleri habar berdiler. ​2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda tabşyrylan patente görä, ulgam maglumatlaryň bulutly akymlaýyn berlişini (streaming) we oýunlaryň lokal işledilmegini birleşdirýär
YouTube 21 ýaşady: Startapdan iň uly wideoplatforma çenli ýol
16.02.2026 15:36
1.8k+

YouTube 21 ýaşady: Startapdan iň uly wideoplatforma çenli ýol

​21 ýyl ozal YouTube wideolary ýüklemek we görmek üçin ýönekeý hyzmat hökmünde işläp başlady, bu gün bolsa dünýädäki iň uly wideoplatforma hasaplanýar. Bu wagtyň içinde ol tutuş internetiň, media senagatyň we diňleýjileriň endikleriniň ösmegine ep-esli täsir etdi
Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy
16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy
«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar
16.02.2026 14:40
1.5k+

«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda özüniň ikinji uly konsertini geçirer. «“Melodiýa” äheňindäki bahar» atly konsert 6-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde bolar we Halkara zenanlar gününe bagyşlanar. Konsertiň maksatnamasyna Waleriý Meladzeniň we Grigoriý Lepsiň meşhur aýdymlarynyň orkestr üçin işlenip taýýarlanylan görnüşleri girizildi
Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy
16.02.2026 14:19
4.4k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy
Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar
16.02.2026 13:58
2.6k+

Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar

Unitree Robotics kompaniýasy Hançžou şäherindäki önümçilik toplumyndan düşürilen wideony paýlaşdy. Onda UnifoLM-X1-0 emeli aň modeliniň dolandyrmagyndaky adamsypat robotlar özlerine meňzeş beýleki robotlary ýygnamak işini ýerine ýetirýär
Bangkokda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy
16.02.2026 13:24
1.5k+

Bangkokda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Bangkok şäherinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Ussat operaçy zenanyň Gresiýadaky ägirt portreti köçe sungatynyň naýbaşy nusgasy diýlip ykrar edildi
16.02.2026 12:25
4.2k+

Ussat operaçy zenanyň Gresiýadaky ägirt portreti köçe sungatynyň naýbaşy nusgasy diýlip ykrar edildi

XX asyryň beýik opera aýdymçysy Mariýa Kallasyň şekillendirilen ägirt uly muraly köçe sungatyny resmileşdirýän we wagyz edýän halkara Street Art Cities platformasy tarapyndan 2025-nji ýyl boýunça dünýäde iň gowusy diýlip ykrar edildi
Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany 10 mln adamdan geçdi
16.02.2026 12:10
2.5k+

Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany 10 mln adamdan geçdi

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask özüniň X sosial ulgamynda Starlink hyzmatyny ulanýanlaryň sanynyň 10 million adama ýetendigini habar berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Starlink-iň dünýäniň 160 ýurdunda we sebitinde 10 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar
Robot itler futbol boýunça dünýä çempionatynda Meksikanyň stadionyna gözegçilik eder
16.02.2026 11:31
6.7k+

Robot itler futbol boýunça dünýä çempionatynda Meksikanyň stadionyna gözegçilik eder

Meksikanyň Gwadalupe şäheriniň häkimiýetleri BBVA stadionynda howpsuzlyk ulgamynyň bir bölegi boljak dört sany it şekilli roboty görkezdi. Bu stadion 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek ýurtdaky üç desganyň biridir diýip, Wired neşiri habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
16.02.2026 11:26
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi
16.02.2026 11:25
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär
Hytaý kompaniýalary on ýyllyk arakesmeden soň dünýä bazarynda ýene işjeňleşýär
16.02.2026 10:56
3.8k+

Hytaý kompaniýalary on ýyllyk arakesmeden soň dünýä bazarynda ýene işjeňleşýär

Tas on ýyla çeken arakesmeden soň, hytaý kompaniýalary daşary ýurtlardaky aktiwleri işjeň satyn alyp başladylar. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hytaýdan çykýan birleşme we goşulyşma (M&A) geleşikleriniň umumy möçberi 12 milliard dollara ýetdi
Kim köp gazanýar, Holandmy ýa Mbappe? Transfermarkt hasabyny çykardy
16.02.2026 10:36
10k+

Kim köp gazanýar, Holandmy ýa Mbappe? Transfermarkt hasabyny çykardy

Futbolçylaryň transfer bahasyny bahalandyrmak boýunça ýöriteleşen Transfermarkt portaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň iň köp hak alýan oýunçylarynyň reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi
Türkmenistanda birža söwdalary geçen hepde 7,6 mln dollardan geçdi
16.02.2026 10:26
1.2k+

Türkmenistanda birža söwdalary geçen hepde 7,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar
Londonyň merkezi Oraza aýy mynasybetli 4-nji gezek baýramçylyk yşyklary bilen bezeldi
16.02.2026 10:09
6.4k+

Londonyň merkezi Oraza aýy mynasybetli 4-nji gezek baýramçylyk yşyklary bilen bezeldi

​Londonyň merkezindäki meşhur Kowentri köçesi musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýy mynasybetli dördünji gezek ýörite yşyklandyryş bilen bezeldi. Yşyklandyryş ulgamy ýene-de Pikadilli-Serkusdan Lester-Skwere çenli bolan aralykda gurnaldy
Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi
16.02.2026 10:02
856

Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi

​Google kompaniýasy emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen özara gatnaşygyny  standartlaşdyrmak üçin niýetlenen MCP protokolynyň brauzer görnüşi bolan WebMCP-ni tanyşdyrdy. Bu täze çemeleşme, agentiň HTML koduny derňemezden we ulanyjynyň  basyşlaryny gaýtalamazdan, saýtda amallary ýerine ýetirmek üçin anyk we öňünden kesgitlenen interfeýs almagyny üpjün edýär
29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty
16.02.2026 09:59
12k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar
Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy
16.02.2026 09:50
1.8k+

Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy

​Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ýaýradylmagy baradaky ilkinji resmi hasabatyny hödürledi. Maglumatlar App Store programmalary dükanyndaky ulanyjy işjeňligine esaslanýar we 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky ýagdaýy görkezýär
Norwegiýaly Ýohannes Klebo gyşky Olimpiadada 9 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy
16.02.2026 08:44
2.1k+

Norwegiýaly Ýohannes Klebo gyşky Olimpiadada 9 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy

Norwegiýaly lyžaçy Ýohannes Klebo gazanan altyn medallaryň sany boýunça gyşky Olimpiýa oýunlarynyň rekordyny goýdy. Ýekşenbe güni ol Norwegiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde estafetada ýeňiji boldy. 29 ýaşyndaky türgen üçin bu Italiýada geçirilýän häzirki Oýunlardaky dördünji altyn medaldyr
Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi
16.02.2026 03:49
2.4k+

Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi

Emeli hemralara ýangyç guýmak we olary abatlamak üçin orbital beketleriň ulgamyny işläp düzýän Spaceium startapy özüniň esasy tehnologiýasyny üstünlikli synagdan geçirdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýa SpaceX Transporter-15 missiýasynyň düzüminde robotlaşdyrylan hereketlendiriji mehanizmi älem giňişligine çykarypdy
Samsung-yň täze funksiýasy Galaxy S26 Ultra-nyň ekranyny ýat gözlerden gorar
16.02.2026 03:47
5.6k+

Samsung-yň täze funksiýasy Galaxy S26 Ultra-nyň ekranyny ýat gözlerden gorar

Samsung-yň Demirgazyk Amerika bölümi ekranyň ýüzüni nätanyş gözlerden gizleýän täze funksiýa hakynda gysgajyk wideo görkezdi. Kompaniýa oňa «Privacy Display» diýip at berýär. Bu tehnologiýany ilkinji bolup, Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonunyň almagyna garaşylýar
«Inter Maýami» MLS-iň iň gymmat kluby boldy
16.02.2026 03:37
5.2k+

«Inter Maýami» MLS-iň iň gymmat kluby boldy

«Forbes» amerikan žurnaly MLS klublarynyň gymmatlygy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawyň birinji ornuny bazardaky bahasy 1,35 mlrd dollara ýeten «Inter Maýami» eýeledi. Klubuň meýdançadan daşary täjirçilik üstünliklerine Lionel Messiniň topara goşulmagy uly täsir etdi
Hindistanda ýurt daşyndan alnan prosessorlary bejermekden ýüz öwrendigi üçin Intel-e 30 mln dollar jerime saldylar
15.02.2026 23:07
5.4k+

Hindistanda ýurt daşyndan alnan prosessorlary bejermekden ýüz öwrendigi üçin Intel-e 30 mln dollar jerime saldylar

Hindistanyň Bäsdeşlik baradaky komissiýasy (CCI) Intel korporasiýasyny bazardaky agdyklyk edýän ornundan bikanun peýdalanmakda aýyplady we kompaniýa takmynan 30 million dollar möçberinde jerime saldy. Komissiýanyň hasabatyna görä, Intel-iň Hindistandaky şahamçasy 2016-njy ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň apreline çenli "kemsidiji kepillik syýasatyny" ýöredipdir
Nissan maliýe kynçylyklaryndan halas bolmak üçin 7 zawodyny ýapýar we 20 müň işgärini çykarýar
15.02.2026 22:54
4k+

Nissan maliýe kynçylyklaryndan halas bolmak üçin 7 zawodyny ýapýar we 20 müň işgärini çykarýar

Ýaponiýanyň awtomobil ägirtleriniň biri bolan Nissan milliardlarça dollar ýitgisiniň öňüni almak üçin dünýä boýunça giň gerimli çäklendirmeleri yglan etdi. Kompaniýanyň täze strategik meýilnamasyna görä, 7 sany zawod ýapylar we takmynan 20 müň işgär boşadylar
Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"
15.02.2026 21:55
1.8k+

Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"

Spotify akym (streaming) hyzmaty kompaniýanyň öňdebaryjy inženerleriniň dekabr aýyndan bäri "bir setir hem kod ýazmandygyny" mälim etdi. TechCrunch neşiriniň habar bermegine görä, bu täze iş usuly arkaly 2025-nji ýylyň dowamynda platforma 50-den gowrak täze funksiýa we üýtgeşme girizildi
Bir tarapy az gördüler... TPV dünýäde ilkinji ikitaraplaýyn telewizory tanyşdyrdy
15.02.2026 21:09
4k+

Bir tarapy az gördüler... TPV dünýäde ilkinji ikitaraplaýyn telewizory tanyşdyrdy

TPV Technology Group kompaniýasy iki tarapynda hem ekrany bolan telewizory tanyşdyrdy. GP TV modelinde 4K durulygy bolan iki sany 48 dýuýmlyk OLED-displeý bar. Gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan metal aýakly telewizor Dolby Atmos ses ulgamy bilen üpjün edilen
Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri  diýip yglan etdi
15.02.2026 20:53
5.1k+

Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri diýip yglan etdi

​Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy
Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi
15.02.2026 20:51
7.8k+

Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär
Şyrkyldawuk leňňeçlerde başga hiç jandarda duş gelmeýän gorag «başgaby» tapyldy
15.02.2026 19:36
3.9k+

Şyrkyldawuk leňňeçlerde başga hiç jandarda duş gelmeýän gorag «başgaby» tapyldy

Şyrkyldawuk leňňeçler öz gyrkyçlaryny gulagyňy deşip barýan derejede şyrkyldadyp, awlaryny we garşydaşlaryny seňseletmek ukyby bilen meşhur. Olar şeýle edenlerinde ýokary tizlikli suw akymyny döredip, güýçli urgy tolkunyny emele getirýärler
Ýewropa Bileleşigi brendlere satylman galan eşikleriň ýoguna ýanmagy gadagan edýär
15.02.2026 18:57
8.9k+

Ýewropa Bileleşigi brendlere satylman galan eşikleriň ýoguna ýanmagy gadagan edýär

Ýewropa Bileleşiginde kompaniýalara satylmadyk eşikleri, aýakgaplary we beýleki sarp ediş harytlaryny ýok etmegi gadagan edýän täze kadalar giriziler. Täze çäreler, her ýyl Şwesiýanyň umumy zyňyndylaryna deň bolan kömürturşy gazynyň bölünip çykmagynyň öňüni almak üçin 2026-njy ýylyň 19-njy iýulyndan başlap güýje girer diýip, Fashion Network portaly habar berýär
Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi
15.02.2026 17:58
5.9k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär
12 müň ýyl öňki tikinçiligiň nusgalary Oregon gowagyndan tapyldy
15.02.2026 17:30
3.1k+

12 müň ýyl öňki tikinçiligiň nusgalary Oregon gowagyndan tapyldy

Arheologlar ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky gowakdan çykan tapyndylary gaýtadan barlagdan geçirdiler. Alymlar olaryň arasyndaky ýüp hem-de tikilen sugun derisi — tikinçilik sungatynyň iň gadymy nusgasy diýen netijä geldiler
Braziliýa gyşky Olimpiadada medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy
15.02.2026 17:16
2.5k+

Braziliýa gyşky Olimpiadada medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy

Braziliýa gyşky Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy. Milano we Kortina-d’Ampessoda geçýän ýaryşlarda gigant slalom boýunça altyn medal gazanan braziliýaly dag lyžaçysy Lukas Pinýeýro Broten bu taryhy üstünligiň eýesi boldy
Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler
15.02.2026 17:03
2k+

Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler

Kurt Wonnegutyň ilkinji romany bolan «Mehaniki pianino» (Player Piano) esasynda çeper film surata düşüriler. Filmiň režissýory Rid Morano bolar, ssenariýasyny bolsa Metýu Woker ýazar diýip, Deadline neşiri habar berýär
Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy
15.02.2026 15:37
7.4k+

Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy

Arheologlar Sinaý ýarymadasynyň günortasynda ýüzüne gadymyýetde ýüzüne suratlar çekilen we oýulyp şekiller galdyrylan gaýany tapdylar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň iň gadymylary takmynan 10 müň ýyl ozal döredilipdir diýip, Yeni Safak neşiri habar berýär
Hytaý Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar
15.02.2026 15:23
5.8k+

Hytaý Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar

Hytaý 1-nji maýdan başlap, Afrikanyň diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin mälim etdi. TASS-yň maglumatyna
Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy
15.02.2026 13:47
3.3k+

Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy

Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply
Mercedes-Benz 2026-njy ýylda onlarça täze modelini çykarmagy meýilleşdirýär
15.02.2026 13:46
4.5k+

Mercedes-Benz 2026-njy ýylda onlarça täze modelini çykarmagy meýilleşdirýär

Mercedes-Benz täze modellerini çykarmagyň giň gerimli meýilnamasyny tanyşdyrdy. Motor1 neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli azyndan 16 awtomobili, 2027-nji ýylda bolsa ýene şonça täze modeli köpçülige hödürlär
ABŞ-da maşynlarda hiç kimiň halamaýan "Start-stop" ulgamyndan el çekdiler
15.02.2026 10:24
10k+

ABŞ-da maşynlarda hiç kimiň halamaýan "Start-stop" ulgamyndan el çekdiler

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) 2009-njy ýylda Prezident Barak Obamanyň döwründe parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen kabul edilen karary ýatyrdy. CBS News neşiriniň habar bermegine görä, indi awtomobil öndürijileri ulaglarynda "start-stop" ulgamyny ulanandyklary üçin ekologik bonuslary we ýeňillikleri alyp bilmezler