Inženerler bir serwerde 110 günüň dowamynda Pi sanynyň 314 trillion sanyny hasapladylar

22.03.2026, 08:032,000

«StorageReview» barlaghanasynyň inženerler topary Pi sanyny hasaplamakda oturdan soňra 314 trillion sanyna ýetip, täze dünýä rekordyny goýdular. Ähli hasaplamalar ýeke-täk Dell PowerEdge R7725 serwerinde 110 günüň dowamynda bökdençsiz we täzeden ýüklenmesiz ýerine ýetirildi.

Ulgam iki sany AMD EPYC prosessory, 1,5 terabaýt operatiw ýady we 40 sany NVMe SSD-toplaýjysy bilen enjamlaşdyryldy, olaryň 34-si göni hasaplamalar üçin ulanyldy. Iş üçin ägirt uly maglumatlary işläp taýýarlamaga we çylşyrymly amallary ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirmäge ukyply bolan y-cruncher programma üpjünçiligi ulanyldy.

Esasy kynçylyk diňe bir matematiki meseleleri çözmek däl-de, eýsem aralyk maglumatlaryň ägirt uly möçberini gaýtadan işlemekden we geçirmekden ybarat boldy. NVMe-toplaýjylar ýokary tizlikli PCIe liniýalary arkaly göni prosessorlara birikdirildi, bu bolsa saklaýyş ulgamynda bökdençlikleriň öňüni alyp, 280 GB/s çenli geçirijilik ukybyny üpjün etdi.

Serwer ortaça 1600 Wt energiýa sarp etdi, umumy sarp edilen elektrik energiýasy bolsa 4305 kWt·sag-a deň boldy. Bu netije uly klasterleriň kömegi bilen goýlan öňki rekordlardan has netijeli boldy. Iň esasy zat bolsa — bu ylmy simulýasiýalarda, uly maglumatlaryň (Big Data) seljermesinde we emeli aň düzümlerinde ulanylýan döwrebap hasaplaýyş ulgamlarynyň ygtybarlylygynyň subutnamasydyr.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.