«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi
09.02.2026 00:09
2.1k+

«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi

Astronomlar «Jeýms Webb» kosmos teleskopunyň kömegi bilen häzirki wagtda mälim bolan galaktikalaryň iň uzakdakysyny tapdylar. «MoM-z14» diýlip atlandyrylýan bu galaktikanyň şuglasynyň Ýer şaryna ýetmegi üçin takmynan 13,5 milliard ýyllyk ýol gerek bolýar
«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy
09.02.2026 00:09
9k+

«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy

«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi
Alyp satarlar sebäpli bolmagy ahmal: Ýaponiýada iPhone 17 indi diňe onlaýn satylýar
08.02.2026 21:23
4.7k+

Alyp satarlar sebäpli bolmagy ahmal: Ýaponiýada iPhone 17 indi diňe onlaýn satylýar

​Apple kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda iPhone 17 smartfonlar hatarynyň satuw modelini üýtgetdi. 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, Ýaponiýadaky resmi Apple Store dükanlary iPhone 17, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleriniň göni satuwyny bes etdi
Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar
08.02.2026 21:15
1k+

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy
Toyota 2026-njy ýylyň "Prado Altitude" modelini täzeledi: goşmaça tölegsiz täze funksiýalar goşuldy
08.02.2026 21:03
7.5k+

Toyota 2026-njy ýylyň "Prado Altitude" modelini täzeledi: goşmaça tölegsiz täze funksiýalar goşuldy

Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýolsuzlyk şertleri üçin iň amatly görnüşi bolan Altitude modeliniň 2026-njy ýyl üçin täzelenmesini çykardy. Indi awtoulagyň enjamlaşdyrylyşyna 18 dýuýmlyk tekerler we hemme ýere niýetlenen şinalar üçin uýgunlaşdyrylan teker basyşyna gözegçilik ulgamy (TPMS) goşuldy
M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi
08.02.2026 20:49
1.5k+

M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi

Režissýor M.Naýt Şýamalanyň ýazyjy Nikolas Sparks bilen bilelikde döreden hekaýasyna esaslanýan täze filmi 2027-nji ýylyň Walentin gününe gabatlanyp ekranlara çykar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy
08.02.2026 19:39
6.6k+

Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy

Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy
Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler
08.02.2026 19:04
4.4k+

Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler

Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi
Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi
08.02.2026 18:42
3.9k+

Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar autizm baradaky öňki düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Täze maglumata görä, gyzlar hem autizm spektriniň bozulmalaryndan oglanlardan az ejir çekmeýärler
Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi
08.02.2026 18:20
2.7k+

Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär
Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär
08.02.2026 18:12
3.7k+

Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär

Extreme Networks kompaniýasynyň tehniki direktory we emeli aň ugrunyň ýolbaşçysy Nabil Buhariniň ähli duşuşyklara ýetişmek üçin öz ýene bir nusgasynyň gerekdigi hakyndaky aýdan degişmesi işgärleri tarapyndan derrew durmuşa geçirildi
Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar
08.02.2026 17:41
9.8k+

Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar

  PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) okuw mekdebine girmek maksady bilen Block-I Education Sponsorship bilim maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi
Okuwçy robototehnikaçylar Astanadaky ýaryşa ugradylar: maksat — ABŞ-daky dünýä finalyna çykmak
08.02.2026 16:55
4.6k+

Okuwçy robototehnikaçylar Astanadaky ýaryşa ugradylar: maksat — ABŞ-daky dünýä finalyna çykmak

Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FIRST Tech Challenge (FTC) halkara çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar
Ronaldunyň oýnamakdan ýüz öwürmegi saud Pro-ligasyna $2,4 mlrd ýitgi getirdi
08.02.2026 15:40
20k+

Ronaldunyň oýnamakdan ýüz öwürmegi saud Pro-ligasyna $2,4 mlrd ýitgi getirdi

Saud Arabystanynyň Pro-ligasy özüniň okgunly ösüş döwründe iň agyr zarba bilen ýüzbe-ýüz boldy we bu wakanyň merkezinde Kriştianu Ronaldu durýar. Speedline portalynyň habar bermegine görä, amerikan teleýaýlymy FOX Sports liga bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi
Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi
08.02.2026 13:57
9.5k+

Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi

Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda şwesiýaly lyžaçy Ebba Anderssonyň kümüş medaly skiatlon ýaryşyndan soňky sylaglaýyş dabarasynyň edil yz ýanynda döwüldi. Bu barada SVT teleýaýlymy habar berýär
Täjigistanly telekeçi Afrikadaky startap  üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi
08.02.2026 13:26
6.3k+

Täjigistanly telekeçi Afrikadaky startap üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi

Täjigistanly telekeçi Azamat Sultanow biznes-hyzmatdaşy Hendrik Ketçemen bilen bilelikde, Afrikanyň ulag bazarynda işleýän GoCab startapyny giňeltmek üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi diýip Asia-Plus neşiri habar berýär
Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer
08.02.2026 13:15
3.2k+

Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi
Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi
08.02.2026 13:12
10k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy
Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..
08.02.2026 10:36
6.1k+

Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..

Ýakynda peýda bolan RentAHuman.ai hyzmaty internetde kän jedel döretdi. Ol emeli aň agentlerine neýroulgamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän meselelerini çözmek üçin adamlary işe almaga mümkinçilik berýär. 2-nji fewralda işe başlan bu meýdança algoritmleriň eýeleri bilen iş gözleýjileriň arasynda baglaýjy halka bolup hyzmat edýär
Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi
08.02.2026 10:23
2.4k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi
Ysy eksponat etdiler: Germaniýanyň muzeýinde gadymy müsür balzamlarynyň ysy dikeldildi
08.02.2026 09:05
2.6k+

Ysy eksponat etdiler: Germaniýanyň muzeýinde gadymy müsür balzamlarynyň ysy dikeldildi

Halkara alymlar topary Gadymy Müsürde mumyýalamak üçin ulanylan gadymy balzamlaryň ysyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Bu täzelik bilen Gannowerdäki Awgust Kestner muzeýinde geçirilen sergide tanyşdyryldy
Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi
08.02.2026 05:00
5.3k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi
Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady
08.02.2026 04:46
11k+

Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady

Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi
Google Android smartfonlaryna faýllary AirDrop arkaly iPhone-a  gönümel ibermegi öwreder
08.02.2026 03:56
1.6k+

Google Android smartfonlaryna faýllary AirDrop arkaly iPhone-a gönümel ibermegi öwreder

2026-njy ýylda Quick Share funksiýasy Android smartfonlarynyň köpüsinden Apple-iň  enjamlaryna faýllary geçirmäge mümkinçilik berer diýip, Android platformasynyň inženerçilik işlenmeleri boýunça wise-prezidenti Erik Keý habar berýär
Excel boýunça çempionatda uly öwrülişik: Üç gezekki dünýä çempiony täjini elden gidirdi
08.02.2026 03:56
3.6k+

Excel boýunça çempionatda uly öwrülişik: Üç gezekki dünýä çempiony täjini elden gidirdi

Asly Irlandiýaly bolan Dirmid Erli Microsoft Excel boýunça dünýä çempiony boldy. Ol 2025-nji ýylyň çempionatynyň finalynda bu adyň üç gezekki eýesinden – awstraliýaly bäsdeşinden üstün çykdy. Bäsleşik 500 töweregi tomaşaçyny ýygnady
Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
08.02.2026 03:08
2.7k+

Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Apple TV+ platformasy «Monarh: Nägehanlaryň mirasy» («Монарх: Наследие монстров») serialynyň ikinji möwsüminiň täze treýlerini görkezdi. Kadrlardan görnüşi ýaly, serialyň gerimi has giňeldi: Godzilla we King-Kong indi wakanyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrüler
Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler
08.02.2026 00:19
5.6k+

Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir
Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi
07.02.2026 22:33
7.8k+

Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi

Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy
Spotify audio-kitaplar bilen adaty kitaplary utgaşdyrmaga mümkinçilik berer
07.02.2026 21:22
1.3k+

Spotify audio-kitaplar bilen adaty kitaplary utgaşdyrmaga mümkinçilik berer

Spotify öz hyzmatyna adaty – çap edilen görnüşdäki kitaplar bilen işlemegiň täze usulyny goşýar diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Platformanyň «Page Match» atly täze guraly ulanyja kitaby okan ýerinden başlap diňlemäge ýa-da diňlän ýerinden başlap okamaga mümkinçilik berýär
ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär
07.02.2026 20:27
3.8k+

ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär

Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi
Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletini uzaldýan plýonka oýlanyp tapyldy
07.02.2026 17:42
3.7k+

Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletini uzaldýan plýonka oýlanyp tapyldy

Öz üstündäki mikroplaryň tas 100 göterimini ýok etmäge ukyply, azyk önümlerini gaplamak üçin niýetlenen innowasion material döredildi. Bu täzelik önümleriň saklanyş möhletini artdyrmaga we iýmitden zäherlenmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berer diýip, Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TDU) saýtynda habar berilýär
Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy bellenildi
07.02.2026 17:24
3.5k+

Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda özbek şahyry, akyldary we döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy
Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty auksionda başlangyç bahadan 15 esse gymmat satyldy
07.02.2026 16:44
3.5k+

Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty auksionda başlangyç bahadan 15 esse gymmat satyldy

Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty Christie's auksionynda 27,2 million dollara satyldy. Bu nyrh suratkeşiň auksionda satylan eserleriniň arasynda rekord görkeziji boldy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berdi
FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi
07.02.2026 16:20
2.6k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy
Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy
07.02.2026 15:56
1.5k+

Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy

Prime Video striming hyzmaty režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» atly täze serialynyň resmi treýlerini görkezdi. Taslamanyň ilkinji premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji martyna meýilleşdirildi. Serialda baş keşbi — ýaş Şerlok Holmsy «Soň» («После») kinofranşizasy arkaly tanalýan aktýor Hiro Faýns Tiffin oýnady
Toyota rekord mukdarda maşyn öndürip satsa-da, prezidentini çalyşdy
07.02.2026 15:54
7.8k+

Toyota rekord mukdarda maşyn öndürip satsa-da, prezidentini çalyşdy

​Aprel aýyndan başlap, dünýäniň iň iri awtoulag öndürijisi bolan "Toyota Motor" kompaniýasynyň täze prezidenti 57 ýaşly Kenta Kon bolar. ​Maliýe hünärmeniniň korporasiýanyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi, kompaniýanyň nobatdaky önümçilik rekordyny goýmagynyň yzysüre boldy: 2025-nji ýylda "Toyota Motor" bütin dünýäde 11,32 mln awtoulag satyp, satuw mukdaryny 4,6% artdyrdy
Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy
07.02.2026 15:41
4.3k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy
Maskyň "içgysgynç" kompaniýasy Dubaýdaky 20 minutlyk ýoly 3 minuda çenli gysgaldar
07.02.2026 15:30
7.7k+

Maskyň "içgysgynç" kompaniýasy Dubaýdaky 20 minutlyk ýoly 3 minuda çenli gysgaldar

Dubaýda "Dubai Loop" atly ýokary tizlikli ýerasty ýol ulgamynyň ilkinji dört stansiýasynyň taslamasy tanyşdyryldy. ​Ulag girişleri Burj Khalifa gökdiräniniň ýanynda, DIFC 2 işewürlik etrabynda, Dubai Mall Zabeel awtoduralgasynda we Brookfield Place halkara ulag terminalynda ýerleşer
Tramp dermanlary arzan tapmaga kömek edýän TrumpRx saýtyny işe girizdi
07.02.2026 15:29
6.2k+

Tramp dermanlary arzan tapmaga kömek edýän TrumpRx saýtyny işe girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikanlara lukmanlaryň görkezmesi boýunça satyn alyp bolýan dermanlary arzan bahadan tapmaga kömek etjek TrumpRx saýtynyň işe girizilendigini habar berdi. TrumpRx — bu dermanlary gönüden-göni satmaýan hökümet web-saýtydyr
Dacia Sandero 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň geçginli awtoulagy boldy
07.02.2026 15:15
1.9k+

Dacia Sandero 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň geçginli awtoulagy boldy

JATO Dynamics analitik agentliginiň täze hasabatyna görä, Dacia Sandero hetçbegi 2025-nji ýylyň dowamynda Ýewropada iň köp satylan awtoulag hökmünde hasaba alyndy. Ýyl boýunça bu modelden jemi 238 500 sany satyldy