Döwlet Baştutany bag ekmek boýunça giň gerimli çärä badalga berdi

13.03.2026, 23:347,451

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Resminama ýurduň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ony gülleýän bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen kabul edildi.

Döwlet Baştutany wise-premýer T.Atahallyýewe bu giň gerimli ekologiýa çäresiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.