Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

13.03.2026, 18:326,377

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer G.Agajanow maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işleriň geljegi uly bolan nebitgaz ýataklarynda gözleg-barlag guýularyny burawlamagy, özleşdirmegi we ulanmagy netijeli hem-de bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek üçin buraw işleriniň ýokary hilli we wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady. Prezident bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.