Türkmenistanda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak meselelerine uly üns berilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäginde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli işler amala aşyrylýar. Bu çäreler önümçilik işlerinde daşky gurşawy aýawly saklamaga we metan gazyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli çäreleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.