«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Şu gün, 11:141,270

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda Karara gol çekdi. Resminama anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edildi diýip, TDH habar berýär.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu çäreler içerki we daşarky sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu işde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, wise-premýer Guwanç Agajanowa döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.