Emeli aň tehnologiýalary bilen üpjün edilen ynsanpisint robot ALI 21-23-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň innowasion täzelikleriniň biri bolar. Bu barada Orient habar berýär.
Unitree G1 robototehnika platformasynyň binýadynda döredilen robot ALI (Artificial Learning & Intelligence) halkara forumda emeli aňyň hem-de ýokary tehnologiýalaryň ilçisi hökmünde çykyş eder. Ol halkara wekillerini we sergä gatnaşyjylary garşylap, çäre barada umumy maglumatlary berer we myhmanlary Türkmenistanyň energetika toplumynyň öňdebaryjy edaralary bolan «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işi bilen tanyşdyrar.
Serginiň çäginde nebitgaz senagatynda emeli aňyň, robototehnikanyň we sanly çözgütleriň ulanylyş mümkinçiliklerini görkezýän tanyşdyrylyş çäreleri hem meýilleşdirildi. Ynsanpisint robotyň halkara forumyň işine gatnaşmagy OGT 2026-nyň guramaçylarynyň döwrebap tehnologiýalara, awtomatlaşdyrmaga we energetika ulgamyny sanlalyşdyrmaga aýratyn üns berýändigini görkezýär.