Hazar deňziniň türkmen böleginde täze gaz akymy alyndy

10.08.2026, 14:474,854

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Toplum-1» şertnamalaýyn çäginde ýerleşýän «Magtymguly» gaz käninde täze A8 belgili ulanyş guýusy 4 981 metr çuňlukda üstünlikli burawlandy.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, ýerastynda geçirilen işleriň netijesinde bir gije-gündizde 1,3 million kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz hem-de 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy.

Bu netije «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Carigali» kompaniýasynyň baglaşan önümi paýlaşmak baradaky şertnamasynyň çäklerinde gazanyldy.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyna 30 ýyl doldy. Geçen döwrüň dowamynda Hazar deňzinde we kenarýaka zolakda 5 sany döwrebap platforma guruldy, 40-a golaý guýy burawlandy. Şeýle-de, Hazar deňzinden 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy. Kenarda gaz taýýarlaýan zawod, terminal we deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desgalar toplumy işe girizildi.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek, şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji toplumlarda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.