«Türkmengaz» DK-niň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

14.11.2026, 09:511,881

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmen Energiýa ylmy-amaly maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Halkara hyzmatdaşlaryň ýöriteleşdirilen tehnologik tanyşdyrmalary bilen gatnaşmagynda geçiriljek bu maslahatyň çäginde nebitgaz ýataklaryny geljekde ylmy taýdan esaslandyrylan sanly çözgütler esasynda özleşdirmek boýunça täze ylmy açyşlary we oýlap tapmalary görkezmek meýilleşdirilýär. Çäräniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen utgaşykly guralmagy halkara inžener-tehnologik kompaniýalaryň hem-de ylmy-barlag institutlarynyň bilermenlerine öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmaklaryna, şeýle-de ýurtda döredilen şertler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagynda ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.