ABŞ-nyň strategik nebit ätiýaçlygy 1982-nji ýyldaky derejä çenli azaldy

30.09.2026, 09:004,068

ABŞ-nyň strategik nebit ätiýaçlygy 1982-nji ýyldaky derejesine çenli azaldy. Geçen hepdäniň ahyrynda onuň möçberi 283,8 million barrele deň boldy. Bu hakdaky maglumatlary ABŞ-nyň Energetika ministrligi mälim edýär.

Dünýäde nebit ätiýaçlyklary mart aýynyň başyndan bäri azalyp başlady. Şol döwürde ABŞ-nyň Prezidenti Halkara energetika agentligi (IEA) bilen ylalaşygyň çäginde ätiýaçlyklardan 172 million barrel nebitiň çykarylmagy hakda görkezme berdi. Muňa, esasan, çig nebitiň bahasynyň birden ýokarlanmagy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaý sebäpli üpjünçilikde ýüze çykan bökdençlikler sebäp boldy.

ABŞ-nyň strategik nebit ätiýaçlygynyň iň ýokary derejesi 2009-njy ýylyň dekabrynda hasaba alnyp, 727 million barrele ýetipdi. Iň pes görkeziji bolsa 1982-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda bolup, şol wagt ätiýaçlykda 283,3 million barrel nebit galypdy. Häzirki wagtda ammarlardaky nebit ätiýaçlygy iň ýokary sygymynyň, takmynan, 40%-ine deňdir.

ABŞ-nyň strategik nebit ätiýaçlygy 1975-nji ýylda, arap ýurtlary nebit embargosyny yglan etmegi netijesinde dörän nebit çökgünliginden soň döredildi. Onuň esasy wezipesi ýurtda nebit üpjünçiliginiň duýdansyz ýetmezçiligi ýüze çykan ýagdaýynda gorag serişdesi hökmünde hyzmat etmekdir.

Nebit Tehas we Luiziana ştatlarynda ýerleşýän iri ýerasty duz gümmezlerinde saklanýar.