Lebap welaýatynda sentýabryň başynda Demirgazyk Kükürtli ýatagynda 3-nji belgili täze gaz guýusy ulanylyşa girizildi. Onuň bir gije-gündizdäki kuwwaty 75 müň kub metr tebigy gaza barabar.
Çykarylýan «mawy ýangyç» Darganata etrabynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirilýär diýip, türkmen metbugatynda aýdylýar.
Guýy «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik bölümine degişli. Ýakyn wagtda bu ýerde bir gije-gündizde 3 tonna çenli gaz kondensatyny almak meýilleşdirilýär.
Bölümiň garamagyna Malaý, Bagaja, Sakar, Farap we Kükürtli ýataklary girýär. Şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda meýilnamada göz öňünde tutulan 4 milliard 804 million 822 müň kub metriň deregine 5 milliard 411 million 536 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ugradyldy. Meýilnama 112,6% berjaý edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende görkeziji 109%-e deň boldy.
Bellenilen döwürde gaz kondensatynyň çykarylyşy meýilnamadaky 2 495 tonnanyň deregine 2 920 tonna ýetdi. Bu bolsa meýilnamanyň 117% berjaý edilendigini aňladýar. Çig mal Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna nobatdaky gaýtadan işleýiş üçin iberildi.
Kükürtli liniýa önümçilik bölüminde 440-dan gowrak adam zähmet çekýär. Zähmet topary önümçilik wezipelerini ýerine ýetirmek, hereket edýän guýularyň netijeliligini artdyrmak we täze desgalary ulanylyşa girizmek bilen meşgullanýar.