Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär
27.01.2026 18:00
6.9k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär
«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy
27.01.2026 16:31
8.8k+

«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy
Apple-iň ýolbaşçysy wezipesini tabşyrmaga taýýarlanýar: kompaniýada Jon Týornusyň ygtyýarlyklary giňeldildi
27.01.2026 16:12
5.3k+

Apple-iň ýolbaşçysy wezipesini tabşyrmaga taýýarlanýar: kompaniýada Jon Týornusyň ygtyýarlyklary giňeldildi

Tim Kuk Apple kompaniýasynyň enjamlaýyn üpjünçiligini işläp düzmek boýunça wise-prezidenti Jon Týornusyň ygtyýarlyklaryny giňeldip, oňa kompaniýanyň dizaýnerler toparyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman habar berýär
Görjege bir pursat wagtlaýyn rugsat: da Winçiniň freskasy ilkinji gezek köpçülige görkeziler
27.01.2026 16:11
6.9k+

Görjege bir pursat wagtlaýyn rugsat: da Winçiniň freskasy ilkinji gezek köpçülige görkeziler

Milanda italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň (1452-1519) seýrek duş gelýän freskasy ilkinji gezek köpçüligiň synlamagy üçin elýeterli bolar. Artnet News neşiriniň habar bermegine görä, bu eser Sfortsa galasynyň Zale delle Asse otagynyň potologynda çekilen
Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar
27.01.2026 15:32
3.1k+

Türkmenistan we Italiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
YouTube Music heniz Apple Music-de ýok funksiýany ornaşdyrdy
27.01.2026 15:27
1.3k+

YouTube Music heniz Apple Music-de ýok funksiýany ornaşdyrdy

Google kompaniýasy YouTube Music hyzmatyna bir akkaunta birikdirilen enjamlaryň arasynda pleýlist nobatyny sinhronlaşdyrmak funksiýasyny ornaşdyrdy. Indi ulanyjylar smartfondan kompýutere ýa-da başga bir enjama geçende, sazy şol bir saklanan ýerinden dowam edip diňläp bilerler
BMW M3 elektrokary gaty sesi bilen benzinli ulaglara «öýkünip» bilýär
27.01.2026 15:22
3.9k+

BMW M3 elektrokary gaty sesi bilen benzinli ulaglara «öýkünip» bilýär

BMW kompaniýasy elektromobil ugruna geçilýän şertlerde sport modellerine mahsus sesi saklamagy meýilleşdirýär. BMW M3-niň elektrik görnüşi kapotyň aşagynda adaty hereketlendiriji bolmasa-da, benzinli hereketlendirijiniň sesini döredýär
Google Discover-iň emeli aňy habarlary ýoýmagyny dowam edýär, ýöne bu ýagdaý kompaniýany kanagatlandyrýar
27.01.2026 15:07
2.2k+

Google Discover-iň emeli aňy habarlary ýoýmagyny dowam edýär, ýöne bu ýagdaý kompaniýany kanagatlandyrýar

Dekabr aýynyň başynda The Verge neşiri Google-yň "Discover" lentasyndaky asyl sözbaşylary mazmunyna hemişe kybap gelip durmaýan, emeli aň (EA) tarapyndan döredilen sözlemler bilen çalşyp başlaýandygyny habar beripdi
Ocean Art 2025 suwasty foto bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi
27.01.2026 14:54
3.6k+

Ocean Art 2025 suwasty foto bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

The Underwater Photography Guide neşiri her ýyl geçirilýän 14-nji "Ocean Art" suwasty foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Emin agzalary makro suratçylykdan başlap, suwasty sanly sungata çenli dürli ugurlar boýunça iň gowy eserleri saýladylar
Tejen etrabynda migrasiýa gullugynyň bölüminiň täze edara binasy açyldy
27.01.2026 14:48
5.7k+

Tejen etrabynda migrasiýa gullugynyň bölüminiň täze edara binasy açyldy

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sargydy boýunça amala aşyrylan bu taslamany «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy gurdy
Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar
27.01.2026 13:25
6.2k+

Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar

Täzelenen Mercedes-Benz S-Class-yň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşy 29-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi bu senäni tassyklady we geljekki täze modeliň birnäçe tizer suratlaryny çap etdi
Nolanyň «Odisseýa» filmine repçi Trewis Skott gatnaşdy
27.01.2026 13:13
2k+

Nolanyň «Odisseýa» filmine repçi Trewis Skott gatnaşdy

 Amerikan telewideniýesinde režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň täze tizeri görkezildi. Wideorolikde meşhur repçi Trewis Skottuň hem peýda bolmagy köpçülikde uly seslenme döretdi.  «Deadline» neşiriniň ýazmagyna görä, reperiň filmdäki keşbi baradaky jikme-jiklikler häzirlikçe aýan edilmeýär
Bekmambetowyň täze filmi ABŞ prokatynda «Awatar 3-den» öňe saýlandy
27.01.2026 11:47
6.3k+

Bekmambetowyň täze filmi ABŞ prokatynda «Awatar 3-den» öňe saýlandy

Režissýor Timur Bekmambetowyň «Rehimdarlyk» (Mercy, rus prokatynda «Казнить нельзя помиловать») atly täze dartgynly ylmy-fantastik filmi geçen dynç günleriniň netijeleri boýunça Demirgazyk Amerikanyň kinoprokatynda birinji orna çykdy
Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi
27.01.2026 11:44
1.9k+

Samsung Ýaponiýada Android smartfonlaryň bazarynda ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi

2025-nji ýylyň netijelerine görä, Ýaponiýada smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung kompaniýasy Android enjamlaryň bazarynda lider boldy. Bu baradaky maglumatlar ýurduň elektronika dükanlarynyň kassa terminallaryndan we iň iri onlaýn satyjylaryň hasabatlaryndan alyndy
Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi
27.01.2026 11:29
2.5k+

Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy
Sowuk we buz synagy: Tesla Cybercab seriýalaýyn önümçilige taýýarlanýar
27.01.2026 11:17
3.5k+

Sowuk we buz synagy: Tesla Cybercab seriýalaýyn önümçilige taýýarlanýar

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz işleýän Cybercab taksisi şu ýylyň aprel aýynda seriýaly önümçilige goýberiler. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Cybercab prototipleri Alýaskanyň aşa sowuk, garly we buzly şertlerinde gyşky synaglardan geçirilýär
Apple-yň täze barlagy: Emeli aňy dolandyrmak daşyndan görnüşinden has çylşyrymly
27.01.2026 10:54
1.1k+

Apple-yň täze barlagy: Emeli aňy dolandyrmak daşyndan görnüşinden has çylşyrymly

Apple we Pompeu Fabra uniwersitetiniň bilelikdäki ylmy işi emeli aň modelleriniň (LLM) we surat döredýän generatiw ulgamlaryň dolandyrylyşynyň goýlan wezipä, modeliniň arhitekturasyna we hatda soragyň (prompt) nähili düzülendigine gaty baglydygyny görkezdi
Tesla «Zolagy saklamak» kömegini mugt däl-de, tölegli funksiýa öwürdi
27.01.2026 10:39
1.9k+

Tesla «Zolagy saklamak» kömegini mugt däl-de, tölegli funksiýa öwürdi

Tesla täze awtoulaglar üçin esasy Autopilot bukjasynda düýpli üýtgeşme etdi. 2026-njy ýylyň täze baha gurluşyna görä, ulagy hereket zolagynda awtomatiki saklaýan kömekçi ulgam (Autosteer) indi standart komplektasiýa girmeýär
2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar
27.01.2026 10:20
2.4k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer
900 million ulanyjy üçin bir serwer: ChatGPT nähili işleýär?
27.01.2026 10:12
2k+

900 million ulanyjy üçin bir serwer: ChatGPT nähili işleýär?

OpenAI kompaniýasy hepdede 800–900 million işjeň ulanyjysy bolan ChatGPT-niň maglumatlar binýadynyň (PostgreSQL) nähili işleýändigini aýan etdi. Geň galdyryjy tarapy, şeýle ägirt uly ulgam şardirlemesiz (maglumatlary böleklere bölmän), diňe bir sany esasy serwer we 50 töweregi nusga (replika) arkaly işleýär
12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy
27.01.2026 10:10
6.6k+

12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär
ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener
27.01.2026 09:21
1.3k+

ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

​Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gutlady
27.01.2026 09:02
6.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär
27.01.2026 07:22
4.2k+

Türkmenistanyň Energetika instituty nazary mehanika boýunça V internet-olimpiadasyny geçirýär

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär
Netflix 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynyň iň meşhur film we seriallaryny mälim etdi
27.01.2026 07:16
3.5k+

Netflix 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynyň iň meşhur film we seriallaryny mälim etdi

Netflix platformasy 2025-nji ýylyň iýul-dekabr aýlary aralygynda iň köp tomaşa edilen film we seriallaryň reýtingini çap etdi. Bu sanawda uly gyzyklanma döreden premýeralar bilen bir hatarda, köpçüligiň ünsünden düşen käbir kinolar hem orun aldy
Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler
27.01.2026 01:06
1.5k+

Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnukly işini üpjün etmegi tabşyrdy
27.01.2026 00:12
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnukly işini üpjün etmegi tabşyrdy

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Esenguly etrabynda prokuraturanyň täze edara binasy açyldy
26.01.2026 23:46
10k+

Esenguly etrabynda prokuraturanyň täze edara binasy açyldy

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çäre Watan goragçylarynyň gününe bagyşlandy. Iki gatly bina «Rysgally zähmet» kärhanasy tarapyndan gurlup, onda prokuratura işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertler döredildi
ABŞ-daky gar boragany gaz çykarylyşyny azaldyp, bahalary 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä galdyrdy
26.01.2026 23:22
10k+

ABŞ-daky gar boragany gaz çykarylyşyny azaldyp, bahalary 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tebigy gazyň birža bahalary 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek 1 million britan ýylylyk birligi (BTU) üçin 6 dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär
Aşgabatda IIM-niň işgärleriniň maşgalalary üçin täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga berildi
26.01.2026 22:32
10k+

Aşgabatda IIM-niň işgärleriniň maşgalalary üçin täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga berildi

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda, Aşgabatda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýörite gurlan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň täze tapgyry ulanmaga berildi. Bu barada THP habar berýär
Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler
26.01.2026 22:13
4k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär
Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer
26.01.2026 21:51
1.8k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi
Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady
26.01.2026 17:41
2.3k+

Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady

Windows 11 üçin 13-nji ýanwarda çykan KB5074109 belgili howpsuzlyk täzelenmesi kompýuterleriň kadaly işe girizilmegine päsgel berýän çynlakaý näsazlygy ýüze çykardy. Microsoft bu ýalňyşlygyň bardygyny tassyklap, meseläni öwrenip başlandygyny habar berdi
Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler
26.01.2026 17:34
2.9k+

Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär
Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar
26.01.2026 17:25
4.3k+

Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar

26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär
Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi
26.01.2026 17:22
4.8k+

Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi

Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli türgen gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we dünýäniň 17 ýurdundan türgenleri jemledi
Reňki juda batyrgaý bolup çykdy: Xiaomi SU7 we YU7 modellerinde «Lava Orange» reňkinden ýüz öwürdi
26.01.2026 16:49
3.8k+

Reňki juda batyrgaý bolup çykdy: Xiaomi SU7 we YU7 modellerinde «Lava Orange» reňkinden ýüz öwürdi

Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbin Xiaomi SU7 sedany we YU7 krossoweri üçin meşhur Lava Orange reňkiniň indi elýeterli däldigini mälim etdi. Bu reňkdäki awtoulaglaryň önümçiligi resmi taýdan bes edildi
Sony ýedi ýyldan soň ilkinji winil plastinka aýtdyryjylaryny tanyşdyrdy
26.01.2026 16:41
1.7k+

Sony ýedi ýyldan soň ilkinji winil plastinka aýtdyryjylaryny tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy 2019-njy ýyldan bäri özüniň ilkinji täze winil aýtdyryjylaryny bildiriş etdi. Täze PS-LX3BT we PS-LX5BT modelleri ulanmakda ýönekeýligi bilen tapawutlanýar we hem simli, hem-de Bluetooth arkaly Hi-Res ses akymyny goldaýar
Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi
26.01.2026 16:17
8.3k+

Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi

Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal
Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?
26.01.2026 15:29
7.7k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar