Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar
22.01.2026 12:20
2k+

Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar

Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi
Hemralaryň kömegi bilen Antarktidanyň buzasty dünýäsiniň jikme-jik kartasy düzüldi
22.01.2026 11:57
5.8k+

Hemralaryň kömegi bilen Antarktidanyň buzasty dünýäsiniň jikme-jik kartasy düzüldi

Halkara alymlar topary hemra maglumatlaryny we buzuň hereketini seljermegiň täze usulyny ulanmak arkaly Antarktidanyň buzasty relýefiniň has jikme-jik kartasyny döretdi. Bu gezek alymlar gymmat ekspedisiýalaryň deregine buz galyňlygynyň aşagyndaky relýefiň formasyny anyklamak üçin buz galkanynyň üstündäki kiçijik üýtgeşmeleri we hereketleri öwrendi
Türkmenistan Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek üçin potratçy gözleýär
22.01.2026 11:38
8.4k+

Türkmenistan Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek üçin potratçy gözleýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) işläp düzmek üçin halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi bildirişde aýdylýar
GDA ýurtlarynda ýaş metrologlaryň arasynda bäsleşik yglan edildi
22.01.2026 11:32
1.4k+

GDA ýurtlarynda ýaş metrologlaryň arasynda bäsleşik yglan edildi

«GDA-nyň iň oňat ýaş metrology» diýen at ugrundaky ilkinji halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi başlandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde GDA ýurtlarynyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň Standartlar býurosy çykyş edýär
Çad Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy
22.01.2026 11:24
1.6k+

Çad Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär
Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
22.01.2026 11:19
965

Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
22.01.2026 11:16
821

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylar medallar bilen sylaglanyldy
22.01.2026 11:10
11k+

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylar medallar bilen sylaglanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady
22.01.2026 01:25
14k+

AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) Aşgabadyň köpugurly «Olimpiýa» stadionyny AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy üçin «Arkadag» toparynyň öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady
FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady
22.01.2026 01:14
11k+

FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň 2026-njy ýyldaky ilkinji sanawyny neşir etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy sanawda öňki ornuny saklap, 137-nji basgançakda ýerleşdi. Ýygyndymyz sanawda Filippinleriň (136) we Merkezi Afrika Respublikasynyň (138) arasynda ýerleşýär
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady
22.01.2026 01:04
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijelerine seretdi
22.01.2026 00:48
13k+

Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijelerine seretdi

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy
22.01.2026 00:16
19k+

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Ý.Nuryýew, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi
1942-nji ýylyň arhiwindäki bilezikden ylhamlanan Bvlgari täze bezegler toplumyny çykardy
22.01.2026 00:03
3.9k+

1942-nji ýylyň arhiwindäki bilezikden ylhamlanan Bvlgari täze bezegler toplumyny çykardy

Bvlgari  arhiwini täzeden gözden geçirmegi esasynda Bvlgari Eternal atly täze bezegler toplumyny çykardy. Toplumyň ilkinji bölegi 1942-nji ýylda döredilen bilezikden ylhamlanyp döredilen monjuk, ýüzük, bilezik we iki jübüt gulakhalkadan ybarat Vimini liniýasydyr
"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler
21.01.2026 23:49
3.3k+

"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler

JAMA Pediatrics žurnalynda çap edilen täze gözlegde sosial media ortaça kadada ulanmagyň ýetginjekler üçin has peýdalydygy anyklandy. Bu endigi aşa köp ulanmak ýa-da doly saklanmak olaryň psihologiýa rahatlygynyň peselmegine getirip biler
Haçan? Nädip?: arheologlar Amerika ýaýran ilkinji adamlaryň geliş ugruny öwrendiler
21.01.2026 23:39
4.1k+

Haçan? Nädip?: arheologlar Amerika ýaýran ilkinji adamlaryň geliş ugruny öwrendiler

Science Advances žurnalynda çap edilen täze gözleg Amerika ilkinji göçüşligiň alternatiw düşündirişini hödürleýär. Ondan çen tutsaň, ilkinji amerikaly bolmak islän adamlaryň buzly Beringiýadan geçmegiň ýerine, deňiz baýlyklaryny özleşdirip, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanyň kenary arkaly hereket edip bilmekleri-de mümkindi
UFC 324-nyň tutluşyklary: Getji we Pimblett wagtlaýyn çempionlyk ugrunda göreşerler
21.01.2026 23:29
7.1k+

UFC 324-nyň tutluşyklary: Getji we Pimblett wagtlaýyn çempionlyk ugrunda göreşerler

25-nji ýanwarda irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde UFC 324 sport şüweleňi geçiriler. Ýaryşyň esasy wakasy — ýeňil agramda (70,3 kg) boş galan wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrundaky göreş bolar. Bu tutluşykda amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblett garşylaşar
Astronomlar taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürer
21.01.2026 18:59
4.7k+

Astronomlar taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürer

Event Horizon Telescope (EHT, «Wakalaryň gözýetiminiň teleskopy») halkara taslamasynyň astronomlary mart-aprel aýlarynda taryhda ilkinji gezek gara girdaby wideo düşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada taslamanyň awtorlarynyň birine, Kembrij uniwersitetiniň professory Sera Markoffa salgylanyp, Guardian gazeti habar berýär
Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar
21.01.2026 18:58
3.6k+

Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär
Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy
21.01.2026 18:53
1.5k+

Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
21.01.2026 18:49
1.6k+

Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär
Pekinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
21.01.2026 16:52
3.2k+

Pekinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň ýeňijileriniň gysga sanawyna girdi
21.01.2026 16:48
4.2k+

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň ýeňijileriniň gysga sanawyna girdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2026» abraýly baýragyň ýylyň ylmy-barlag taslamasy: «STEM» ugry boýunça ýeňijileriň gysga sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär
Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär
21.01.2026 15:13
1.7k+

Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär

Google kompaniýasy Android-de ses arkaly gözlegiň interfeýsini tapgyrlaýyn täzelemäge başlady. Bu soňky birnäçe ýylda ilkinji uly üýtgeşme boldy: indi dört nokatdan ybarat adaty animasiýanyň deregine ulanyjylara has döwrebap we sazlap bolýan dizaýn hödürlenýär
BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi
21.01.2026 13:22
12k+

BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi

500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi
ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy
21.01.2026 13:18
7.1k+

ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy

Çarşenbe gününe geçilen gije Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýunlary geçirildi. Oýun güni uly ýeňişler we garaşylmadyk ýeňlişler bilen dartgynly boldy. «Inter» – «Arsenal» – 1:3 Günüň esasy oýny Milandaky duşuşyk boldy
Lukmanlar bir ýyl ömür berdi, ol bolsa 40 ýyl ýaşady: öýkeniň rak keseli bolan gojanyň täsin wakasy
21.01.2026 11:57
18k+

Lukmanlar bir ýyl ömür berdi, ol bolsa 40 ýyl ýaşady: öýkeniň rak keseli bolan gojanyň täsin wakasy

Gresiýaly Stamatis Moraitis ABŞ-dan öz dogduk mekany bolan Ikariýa adasyna gaýdyp gelenden soň, öýkeniň rak keseliniň ahyrky derejesi bilen ýene 40 ýyl töweregi ýaşady. Onuň täsin hekaýatyny Daily Express gürrüň berýär
«Arassa zeminiň ýyldyzy»: Şri-Lankada 3,5 müň karat agramly iň uly ýakut daşy görkezildi
21.01.2026 11:56
4.5k+

«Arassa zeminiň ýyldyzy»: Şri-Lankada 3,5 müň karat agramly iň uly ýakut daşy görkezildi

Şri-Lankada 3 563 karat agramly, ýyldyz öwüşginini berýän dünýäde iň uly benewşe ýakut daşy görkezildi. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, onuň bahasy 300-400 mln dollara barabar diýip, Associated Press habar berýär
Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy
21.01.2026 10:59
2.6k+

Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy

Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar
Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi
21.01.2026 10:55
2.2k+

Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi
Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy
21.01.2026 10:50
2.5k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar
Hytaýyň ilaty bir ýylda 3,39 mln adam azaldy
21.01.2026 10:47
6.6k+

Hytaýyň ilaty bir ýylda 3,39 mln adam azaldy

Hytaýyň ilaty 2025-nji ýylda 3,39 mln adam azaldy. Muny HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär. Statistika görä, bir ýylda ýurtda 7,92 mln adam dünýä indi, ýogalanlaryň sany 11,31 mln adama ýetdi
Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler
21.01.2026 10:44
8k+

Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler

Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady
Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi
21.01.2026 10:36
4.8k+

Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi

Döredilen media toparyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitap sowgat berdi
21.01.2026 10:31
3.9k+

Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitap sowgat berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hytaý diline, taryhyna we medeniýetine degişli okuw edebiýatlarynyň 190 nusgasyny gowşurdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär
Türkmenistanyň Prezidenti SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylary gutlady
21.01.2026 10:24
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda «Garaşsyz
ChatGPT göreldeli «okuwçydygyny» görkezdi. EA synagda 9 ders boýunça ýokary baha aldy
21.01.2026 10:20
1.7k+

ChatGPT göreldeli «okuwçydygyny» görkezdi. EA synagda 9 ders boýunça ýokary baha aldy

OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan döredilen ChatGPT çat-boty ýapon uniwersitetlerine giriş synagynda dokuz ders boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi. Bu barada emeli aň ulgamlarynyň deňeşdiriji synagyny geçiren LifePrompt kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar
«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi
21.01.2026 10:18
9.3k+

«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi

Turiniň kazyýeti «Ýuwentus» klubunyň arbitraž kazyýetiň Kriştianu Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemek baradaky kararyna garşy arzasyny ret etdi. Bu barada La Gazzetta dello Sport neşiri habar berdi. 2024-nji ýylda arbitraž «Ýuwentusy» futbolça 9,7 mln ýewro tölemäge borçlandyrypdy
Alymlar ilkinji gezek ösümlikleriň nädip dem alýandygyny görkezdiler
21.01.2026 10:16
5.2k+

Alymlar ilkinji gezek ösümlikleriň nädip dem alýandygyny görkezdiler

Illinoýs uniwersitetiniň alymlary ösümlikleriň hakyky wagtda dem alyş prosesini görkezmegi başardy. Haýran galdyryjy kadrlar Live Science neşirinde hödürlendi. Ylmy gözlegçiler syn etmek üçin Stomata in-sight ady bilen ýörite gural döretdi
Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi
21.01.2026 10:11
1.2k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär