Toyota Corolla-nyň binýadynda döredilen täsin retro-sedan önümçilikden aýrylýar

21.02.2026, 11:496,289
1 / 5

Ýaponiýanyň "Mitsuoka" kompaniýasy 2014-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän meşhur "Ryugi" sedanynyň önümçiligini bes edýändigini yglan etdi. Toyota Corolla Axio platformasynda gurlan bu täsin modeliň iň soňky tapgyry bary-ýogy 20 sany awtoulagdan ybarat bolar.

Mitsuoka taslamanyň tamamlanmagy mynasybetli ýörite seriýany taýýarlady. "Hoşlaşyk" seriýasyna degişli bolan bu 20 awtoulag birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanar: diňe gara reňkli kuzow we ýük bölüminde ýörite nyşan; goşmaça saýlaw hökmünde meşhur BBS diskalary.
Awtoulagyň esasy karkasy Toyota-dan alynsa-da, onuň öň we yz taraplary Mitsuoka tarapyndan doly üýtgedilip, XX asyryň ortalaryndaky Britaniýa awtoulaglarynyň stilini (tegelek faralar, uly radiator gözenegi) janlandyrýar.
Awtoulagyň "içki dünýäsi" dolulygyna standart Toyota Corolla Axio-ny gaýtalaýar. Hereketlendiriji 1,5 litrlik, 103 at güýjüni öndürýän atmosfera motory bar. Şol bir motor esasynda döredilen gibrid güýç gurluşy.
Salony diňe deri bezegi we Mitsuoka-nyň logotipleri bilen tapawutlanýar.
Soňky nusgalaryň bahasy enjamlaşdyrylyşyna baglylykda 21 400 dollardan 25 200 dollara çenli üýtgeýär.
Ryugi-niň önümçiligi bes edilse-de, kompaniýa täze taslamalar bilen dowam edýär. Şu ýylyň baharynda Mitsuoka ýene bir meşhur modeli bolan Buddy krossoweriniň önümçiligini täzeden dikeltmegi meýilleşdirýär. Bu model bolsa 1980-nji ýyllaryň amerikan wnedorožnikleriniň stilinde dizaýn edilen Toyota RAV4-dir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.