Bir adam elde ýasalan agaç welosipedde tutuş Beýik Britaniýany aýlandy
01.01.2026 18:52
15k+

Bir adam elde ýasalan agaç welosipedde tutuş Beýik Britaniýany aýlandy

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Kidus Tesera öz ýasan agaç welosipedinde tutuş ýurt boýunça syýahata ugrady. Onuň täsin syýahaty barada The Guardian gazeti habar berýär. Asly Efiopiýaly bolan bu adam sekiz ýyl mundan ozal Londonyň Imperiýa kollejinde okamak üçin Angliýa gelýär we tiz wagtdan şol bir gündelik durmuşa başlandygyny we öz medeniýeti bilen aragatnaşygy ýitirýändigini duýýar
Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy
01.01.2026 18:42
8k+

Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy

Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň halkyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
01.01.2026 18:33
2.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň halkyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
Türkmenistanda resmi taýdan GDA-da başlyklyk edip başlady
01.01.2026 18:28
6k+

Türkmenistanda resmi taýdan GDA-da başlyklyk edip başlady

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralarynda başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabat Guramanyň mümkinçilikleriniň iň ýokary derejede amala aşyrylmagyna ýardam bermegi meýilleşdirýär
Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar
01.01.2026 18:19
4.6k+

Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz hem toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar
01.01.2026 18:09
6.8k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze - 2026-njy ýyl bilen gutlady
01.01.2026 18:00
12k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze - 2026-njy ýyl bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi.  "2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar
TMCARS: “Täze – 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!"
31.12.2025 16:47
81k+

TMCARS: “Täze – 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!"

TMCARS-yň gadyrly ulanyjylary! Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, 2026-njy ýyl durmuşyňyzda iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçiliklere baý ýyl bolsun! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: 5 milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy körpeler üçin çäre gurady
31.12.2025 13:43
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy körpeler üçin çäre gurady

30-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar
Serdar Berdimuhamedow pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça karara gol çekdi
31.12.2025 13:25
18k+

Serdar Berdimuhamedow pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen 2025-nji ýylyň jemini jemlediler we geljek ýylyň çärelerini maslahatlaşdylar
31.12.2025 09:23
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen 2025-nji ýylyň jemini jemlediler we geljek ýylyň çärelerini maslahatlaşdylar

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi
31.12.2025 09:09
13k+

Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder
Hytaýda dünýäde ilkinji alty tonnalyk konwertoplan uçuryldy
31.12.2025 09:05
7.9k+

Hytaýda dünýäde ilkinji alty tonnalyk konwertoplan uçuryldy

Hytaýda alty tonnalyk «Lanying R6000» konwertoplanynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy. «Sinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, synag uçuşy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda geçirildi. Bu howa gämisi Hytaýyň «United Aircraft» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi, onuň hereketlendirijisini bolsa «AERO Engine Corporation» kärhanasy öndürdi
Yrakda gowy ýagdaýda saklanyp galan 3000 ýyllyk küýzegärçilik ussahanasy tapyldy
31.12.2025 08:57
7.8k+

Yrakda gowy ýagdaýda saklanyp galan 3000 ýyllyk küýzegärçilik ussahanasy tapyldy

Arheologlar Yrak Kürdüstanynda gadymy küýzegärçilik ussahanasyny ýüze çykardylar. «Journal of Archaeological Science» neşiri onuň takmynan 3000 ýyllyk ýaşyna garamazdan, örän gowy ýagdaýda saklanyp galandygyny habar berýär
Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi
31.12.2025 08:50
6.9k+

Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) guramanyň esasy taslamalaryny we ylmy barlaglaryny özünde jemleýän 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň ýygyndysyny hödürledi. Çap edilen kadrlaryň arasynda Germaniýadaky LUNA desgasynda astronawtlaryň türgenleşik pursatlary bar
Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy
31.12.2025 08:46
9.1k+

Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar
Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi
31.12.2025 08:44
4.5k+

Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi

Ganyň düzümindäki S-reaktiw belogynyň (SRB) derejesi infarktyň we insultuň ýüze çykmagyny adaty holesterin görkezijilerinden has takyk çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu belogyň görkezýän dowamly çişme ýagdaýy aterosklerozyň ähli tapgyrlarynda esasy orun eýeleýär
IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady
31.12.2025 08:30
6.7k+

IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) ýylyň iň gowy tälimçileriniň reýtingini hödürledi. Klub derejesinde birinji orny 222 utuk bilen «Pari Sen-Žermeniň» halypasy Luis Enrike eýeledi. Ikinji orunda Enso Mareska («Çelsi», 60), üçünji orunda Hans-Diter Flik («Barselona», 57) ýerleşdi
2025-nji ýylda iň gymmat düşen tebigy betbagtçylyklar belli boldy
31.12.2025 08:24
15k+

2025-nji ýylda iň gymmat düşen tebigy betbagtçylyklar belli boldy

Kaliforniýadaky tokaý ýangynlary 2025-nji ýylyň iň gymmat düşen klimat betbagtçylygy diýlip ykrar edildi. Onuň ýetiren ýitgisi 60 mlrd dollar diýlip hasaplandy, pida bolanlaryň sany bolsa 400 adama ýetdi. Şeýle maglumatlar Christian Aid haýyr-sahawat guramasynyň ýyllyk hasabatynda hödürlenýär
Barlaglar: YouTube-yň maslahat berýän her bäşinji wideosy — emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli mazmundyr
31.12.2025 08:21
5.7k+

Barlaglar: YouTube-yň maslahat berýän her bäşinji wideosy — emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli mazmundyr

«Kapwing» kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, «YouTube» platformasynyň täze ulanyjylara hödürleýän wideolarynyň takmynan 20%-i tomaşa sanyny emeli usullar bilen köpeltmek üçin döredilen, emeli aňyň (EA) pes hilli önümidir
«Haýwanlar şäherini» döredijiler üçünji bölümiň üstünde işläp başlady
31.12.2025 08:16
3.1k+

«Haýwanlar şäherini» döredijiler üçünji bölümiň üstünde işläp başlady

«Haýwanlar şäheri-2» multfilminiň režissýorlary Baýron Howard we Jared Buş animasion filmiň üçünji bölümi üçin pikir gözlegine çykdy. Olar multfilmiň önümçiliginiň dokuz ýyl töweregi wagt aljakdygyny aýdýar (birinji bilen ikinji bölümiň arasyndaky wagt hem şonça bolupdy)
Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer
31.12.2025 08:14
1.3k+

Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär
Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy
31.12.2025 08:10
3.8k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar
«Adidas» brendi «Minecraft» oýnundan ylhamlanyp çagalar kolleksiýasyny çykardy
31.12.2025 08:05
3.2k+

«Adidas» brendi «Minecraft» oýnundan ylhamlanyp çagalar kolleksiýasyny çykardy

«Adidas» brendi «Minecraft» oýny bilen hyzmatdaşlykda döredilen «Holiday 2025» baýramçylyk kolleksiýasyny hödürledi. Täze önümler toplumy çagalara we ýetginjeklere niýetlenen: ähli aýakgaplar, egin-eşikler, sumkalar we aksessuarlar diňe degişli ölçeglerde öndürilýär
«Queen» topary ozal çap edilmedik Roždestwo aýdymyny çykarmaga taýýarlanýar
30.12.2025 23:46
2.6k+

«Queen» topary ozal çap edilmedik Roždestwo aýdymyny çykarmaga taýýarlanýar

«Queen» topary ozal köpçülige ýetirilmedik «Not for Sale» («Polar Bear») atly Roždestwo aýdymyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada toparyň gitaraçysy Braýan Meý «Planet Rock» radio gepleşiginde habar berdi diýip, «Rolling Stone» žurnaly ýazýar
Britaniýanyň kenarýakasyndaky syr: Uelsiň çäginden ýüzlerçe gadymy ädik tapyldy
30.12.2025 23:37
9.7k+

Britaniýanyň kenarýakasyndaky syr: Uelsiň çäginden ýüzlerçe gadymy ädik tapyldy

Günorta Uelsiň Ogmor-baý-Si kenarynda meýletinçiler geň tapyndyny — Wiktoriýa döwrüne (XIX asyryň ikinji ýarymy) degişli birnäçe ýüz ädigi tapdylar. BBC-niň habar bermegine görä, aýakgaplar «Beach Academy» guramasynyň agzalary tarapyndan derýanyň kenarynda arassalaýyş işleri geçirilýän wagtynda tapyldy
Disney 2025-nji ýylda iň girdejili we kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy
30.12.2025 17:07
4.5k+

Disney 2025-nji ýylda iň girdejili we kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy

Disney 2025-nji ýylda iň girdejili kinostudiýa we bazarda kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy. Umumy girdejiniň 2,3 mlrd dollary ABŞ-nyň paýyna düşdi, 3,65 mlrd dollary bolsa halkara bazarlarda gazanylan girdejiler emele getirdi diýip, Deadline habar berýär
Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasy kyn şertlerde we ýiti ýagtylykda synagdan geçirildi
30.12.2025 16:47
6.9k+

Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasy kyn şertlerde we ýiti ýagtylykda synagdan geçirildi

Meşhur hytaýly bloger Sýaolu Lourens täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny synagdan geçirip, suratlary hödürledi. Bloger syýahat, fotosuratlar we wideograflar bilen meşgullanýar. Onuň Weibo platformasynda 1 milliondan gowrak agzasy bar
Täze ýylyň öňýanynda Aşgabat we Mary şäherlerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy
30.12.2025 16:40
13k+

Täze ýylyň öňýanynda Aşgabat we Mary şäherlerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy

29-njy dekabrda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň
Aşgabatda daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň konsertleri geçirildi
30.12.2025 16:33
15k+

Aşgabatda daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň konsertleri geçirildi

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda birnäçe baýramçylyk konsertleri boldy. Gyşky oýunlary sport toplumynyň sahnasyndaky saz marafonyny «Ýewrowideniýe-2009» bäsleşiginiň baýrakçysy (üçünji orun), eýran-şwesiýaly aýdymçy Araş açdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy
30.12.2025 16:22
7.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly
Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
30.12.2025 15:04
3.6k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar
«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasryna» garşy oýnar
30.12.2025 14:55
19k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasryna» garşy oýnar

«Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al-Nasr» saud kluby bilen duşuşar. Ýaryşyň bu tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11-nji we 17-18-nji fewralyna meýilleşdirilýär
«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady
29.12.2025 23:21
19k+

«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi
2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat
29.12.2025 16:46
17k+

2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat

2025-nji ýylyň 29-njy dekabry - 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygyndaky hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ygalyň mukdarynyň 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi  ýurdumyzda ýylyň soňky hepdesinde bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi
Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy
29.12.2025 16:17
2.4k+

Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy

Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi
91 ýaşynda fransuz kinosynyň ýyldyzy Brižit Bardo aradan çykdy
29.12.2025 16:15
9.4k+

91 ýaşynda fransuz kinosynyň ýyldyzy Brižit Bardo aradan çykdy

Meşhur fransiýaly aktrisa, aýdymçy, fotomodel we ýazyjy Brižit Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň esaslandyran haýwanlary goramak gaznasyna salgylanyp, AFP agentligi habar berdi. Ýaşlykda Brižit Bardo balet bilen meşgullandy
Şweýsariýaly alymlar howa köpürjiklerinden ýasalan «myşsaly» ýumşak robot döretdiler
29.12.2025 13:59
3.5k+

Şweýsariýaly alymlar howa köpürjiklerinden ýasalan «myşsaly» ýumşak robot döretdiler

Şweýsariýanyň Sýurih federal tehnologiýa institutynyň (ETH Zurich) alymlary skat balygynyň hereketlerini gaýtalap bilýän, simsiz işleýän Stingraybot atly kiçijik roboty işläp taýýarladylar. Enjamyň ini takmynan 4 santimetr bolup, ol lukmançylyk barlaglary we hassalary hirurgiki däl usulda bejermek üçin niýetlenendir diýip, New Atlas neşiri habar berýär
ABŞ-da taryhdan öňki nägehanyň awtobus ululygyndaky ilkinji takyk nusgasy döredildi
29.12.2025 13:53
13k+

ABŞ-da taryhdan öňki nägehanyň awtobus ululygyndaky ilkinji takyk nusgasy döredildi

ABŞ-da Deinosuchus schwimmeri görnüşiniň skeletiniň ylmy taýdan takyk ilkinji nusgasy döredildi. Bu taryhdan öňki alligator hatda dinozawrlaryň hem ýüregine dowul salmagy başarypdyr we öz döwrüniň iň howply ýyrtyjylarynyň biri hasaplanypdyr
Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy
29.12.2025 13:42
17k+

Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi