Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

06.02.2026, 06:511,133

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi.

​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar.
​Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu programma komponentiniň gurnalmagy öndürijiligiň ep-esli peselmegine we şekiliň hiliniň ýaramazlaşmagyna getiryär. Şeýle hem, GeForce grafiki güýçlendirijileri bolan kompýuterleriň eýeleri gara ekranyň peýda bolmagy bilen utgaşýan kritiki ýalňyşlyklar barada habar berýärler.
​Häzirki wagtda täzelenmeler bukjasyny öçürmek wagtlaýyn çäre hökmünde hödürlenýär. Meseläniň nähili derejede ýaýrandygy anyklanmaýar, emma bökdençlikler operasion ulgamy ulanýanlaryň ählisinde hasaba alynmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.