Xbox 25 ýyllygyny geýmerler üçin täze sowgatlar bilen belledi

06.08.2026, 17:231,583
1 / 2

Xbox 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk sahypasyny hem-de konsol we Xbox App goşundylarynyň ulanyjylary üçin birnäçe bonuslary çykardy.

3-nji awgustdan başlap oýunçylara tematiki oboýlar we profil nyşanlary elýeter boldy. Olary konsolyň esasy ekranynyň dizaýny hökmünde ulanyp bolar ýa-da kompýuteriň iş stoly üçin ýükläp alybermeli. Häzirlikçe diňe iki sany surat hödürlenýär. Microsoft-da bellemeklerine görä, bu suratlary hut Xbox-yň öz janköýerleri ýasapdyr.

Mundan başga-da, Game Pass katalogynda Xbox-yň dürli nesilleriniň ýörite oýun ýygyndylary peýda boldy. Ulanyjylara Fable, Halo, DOOM 3, Psychonauts we esasy konsol üçin ähmiýetli bolan başga-da ýadygärlik oýunlary täzeden geçmek teklip edilýär.

Tematiki oboýlaryň täze oýunlar bilen üsti ýetiriljekmi ýa şunuň bilen oňmalymy — kompaniýa bu barada heniz dil ýarmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.