Nvidia kompaniýasyny esaslandyryjy we hemişelik ýolbaşçysy Jensen Huanyň meşhurlygy eýýäm tehnologiýa dünýäsiniň daşynda hem bellidir. Meşhur Sotheby’s auksion öýi hem onuň bu meşhurlygyndan peýdalanyp, haýyr-sahawat işini guramakçy boldy we tehnologiýa ägirdiniň eýesiniň geýen Tom Ford brendine degişli gara deri keltekçesini auksiona çykardy. Bu keltekçäniň 40 000 dollar bilen 60 000 dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar.

Deriden tikilen eşikler Jensen Huanyň özboluşly «nyşanyna» öwrüldi. Ol tas ähli tanyşdyrylyşlara we sport ýa-da tehnologiýa çärelerine hemişe deri keltekçe geýip gelýär we diňe resmi hökümet gepleşikleri geçirende işewürlerçe penjek-balak geýinýär. Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň bu aýratynlygyny hemme kişi bilýär, şonuň üçin hem keltekçeleriň köpüsini oňa hyzmatdaşlary sowgat berýär ýa-da onuň özi olara sowgat edýär.
Auksiona çykaryljak keltekçe täp-täze zat bolman, gaýta onuň aýratyn geçmişi bardyr. Onuň düşündirişinde görkezilişi ýaly, keltekçe süre geýlipdir. Jensen Huan edil şu keltekçäni egnine geýip, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Taýbeýde bolan Foxconn we Nvidia-nyň bilelikdäki maslahatynda çykyş edipdir.
Eginbaşyň içliginde kompaniýanyň ýolbaşçysynyň altyn reňkli marker bilen çeken goly bar. Onuň hakykylygyny we hut Jensen Huana degişlidigini bilermenler resmi taýdan tassykladylar. Dükanlarda bu nusgadaky täze keltekçäniňň bahasy takmynan 9 000 dollar töweregi durýar, ýöne bu harydyň baý taryhy sebäpli onuň ahyrky bahasynyň has gymmat boljakdygy her kime-de düşnüklidir.

Bu söwdany «Long Journey Ventures» atly wençur gaznasy gurady we eşigi auksiona berdi. Söwdadan geljek ähli pul serişdeleri inženerleriň hem-de döredijilik wekilleriniň arasynda täzeçillik ruhuny goldamak we ösdürmek bilen meşgullanýan «The Edge Institute» atly haýyr-sahawat guramasyna berler.