Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň deri keltekçesi Sotheby's auksionynda tas $1 milliona satyldy

Düýn, 18:302,425
1 / 2

Geçen anna güni geçirilen Sotheby's auksionynda Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huangyň keltekçeleriniň biri satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän bahany ýokarlandyrmak bilen 65 gezek isleg bildirildi. Netijede, Huangyň goly çekilen bu keltekçe 960 müň dollara satyldy.

Mukdar onuň deslapky bahalandyrylan 40–60 müň dollar möçberinden has ýokary boldy. Auksiony guramaçylaryň maglumatlaryna görä, bu keltekçäni satyn almak üçin 45 sany dürli kolleksioner bäsleşdi.

Deri keltekçe eýýäm köpden bäri Jensen Huangyň geýiminiň aýrylmaz bölegidir. Ol jemgyýetçilik köpçüliginiň öňüne seýrek halatda onsuz çykýar. Bu onuň eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri saklap gelýän şahsy stilidir.

Önümleriň tanyşdyrylyş dabaralarynda, korporatiw çärelerde we sergilerde Huang hemişe diýen ýaly özüniň Tom Ford brendine degişli bolan gara deri keltekçesini geýýär, onuň bölek satuw bahasy 10 müň dollara golaýdyr. Auksionda tas 1 million dollara satylan keltekçe bilen ol 2023-nji ýylda Taýbeýde (Taýwan) Foxconn kompaniýasynyň çäresinde çykyş edipdi.

Huangyň özi hemişe bu stili barada degişýär. Ol 2016-njy ýylda Reddit forumyndaky çekişmelerde özüni «deri keltekçeli ýigit» diýip atlandyrypdy. 2020-nji ýyllardaky podkastlaryň birinde bolsa ol özüni aýalynyň we gyzynyň geýindirýändigini aýdypdy.

Sotheby’s tarapyndan berlen beýanatda bu auksiondan alnan serişdeleriň innowasiýalar bilen meşgullanýan täjirçilik däl Edge Institute guramasyny goldamak üçin haýyr-sahawat başlangyjyna sarp ediljekdigi habar berilýär. Satuwdan gelen girdejiler talyp haklaryna we grantlara gönükdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.