Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy
29.12.2025 13:31
3.6k+

Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy

Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy. Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy
Şweýsariýaly inženerler jansyz langustinleriň gabyklaryndan robot ýasadylar
29.12.2025 12:40
2.8k+

Şweýsariýaly inženerler jansyz langustinleriň gabyklaryndan robot ýasadylar

Lozanna Federal Politehniki mekdebiniň (EPFL) ýanyndaky CREATE laboratoriýasynyň inženerleri öli langustinleriň ekzoskeletlerini esas hökmünde ulanyp, biogibrid robotlaryny işläp düzdüler. Berk hitinden ybarat bolan bu organiki gurluşlar biologik berkligi we bogun membranalarynyň çeýeligini özünde jemleýän täsin gurluşlary döretmäge mümkinçilik berdi
NASA we Boeing geljekki uçarlar üçin has uzyn we inçe ganatlary döredýärler
29.12.2025 12:03
4.7k+

NASA we Boeing geljekki uçarlar üçin has uzyn we inçe ganatlary döredýärler

NASA-nyň we Boeing-iň inženerleri täze görnüşli, uzaldylan we inçe ganatyň nusgasyny synagdan geçirdiler. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluş ýangyç sarp edilişini we zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin niýetlenendir
Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar
29.12.2025 11:56
3.3k+

Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar

Glazgo uniwersitetiniň alymlary elektromagnit şöhlelenmesiniň 99,97%-den gowragyny yzyna serpikdirip bilýän örän inçe, çeýe we dury nanoplýonkany oýlap tapdylar. Bu material Wi-Fi we 5G signallarynyň täsir edýän şertlerinde geýilýän sensorlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň we çeýe displeýleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin niýetlenendir
Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer
29.12.2025 11:36
5.1k+

Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer

Hytaýyň az tanalýan Kosmera markasy ýanwar aýynda Las-Wegasda geçiriljek CES sergisinde iki sany elektrik awtoulagynyň prototipini tanyşdyrar. Olaryň arasynda 1900 at güýjündäki giperkar aýratyn gyzyklanma döredýär
Gmail maglumatlary ýitirmezden elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berer
29.12.2025 11:32
2.5k+

Gmail maglumatlary ýitirmezden elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berer

Google ulanyjylara öz akkauntlaryny ýa-da maglumatlaryny ýitirmezden, Gmail elektron poçta salgylaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany girizip başlady. Bu barada kompaniýanyň goldaw sahypasyndaky täzelenen mümkinçilikleriň sanawynda habar berilýär
Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi we jemgyýeti öwreniş boýunça okuw kitaplary neşir edildi
29.12.2025 11:26
3.5k+

Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi we jemgyýeti öwreniş boýunça okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen täze okuw kitaplary çapdan çykdy. Täze neşirleriň biri «Türkmençe-parsça gepleşik sözlügidir». Bu gollanmanyň
Lexus RZ krossoweriniň sagatda 100 km-e 4,4 sekuntda çykýan iň güýçli modifikasiýasyny hödürledi
29.12.2025 11:17
5.7k+

Lexus RZ krossoweriniň sagatda 100 km-e 4,4 sekuntda çykýan iň güýçli modifikasiýasyny hödürledi

Lexus kompaniýasy RZ elektrik krossowerleriniň hataryny täze flagman model — 600e F Sport Performance bilen giňeltdi. Bu awtoulag öz maşgalasynda iň kuwwatly güýç beriji gurluş bilen üpjün edilip, bary-ýogy 4,4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär
«Çernobyly» düşüren Ýohan Renk Assassin's Creed serialyna režissýorlyk eder
29.12.2025 11:11
3.5k+

«Çernobyly» düşüren Ýohan Renk Assassin's Creed serialyna režissýorlyk eder

«Emmi» baýragynyň eýesi, belli režissýor Ýohan Renk («Çernobyl», «Kosmonawt») meşhur Assassin’s Creed wideo oýnunyň esasynda düşüriljek täze serialyň režissýory bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Serial Netflix platformasynda görkeziler
Alymlar ýaldyrawuk tomzaklaryň aragatnaşyk ýörelgesinden peýdalanyp, ýerden daşardaky aňy gözlemegi teklip etdiler
29.12.2025 11:06
2.9k+

Alymlar ýaldyrawuk tomzaklaryň aragatnaşyk ýörelgesinden peýdalanyp, ýerden daşardaky aňy gözlemegi teklip etdiler

Arizona ştatynyň uniwersitetiniň alymlary ýerden daşary aňy gözlemek üçin täze strategiýany hödürlediler. Ol biologik aragatnaşyk ýörelgelerine we pulsarlary (neýtron ýyldyzlaryny) fon hökmünde ulanmaga esaslanýar
Alymlar beýnä ünsüni jemlemäge kömek edýän gen tapdylar
29.12.2025 11:00
2.5k+

Alymlar beýnä ünsüni jemlemäge kömek edýän gen tapdylar

Rokfeller institutynyň alymlary Nature Neuroscience žurnalynda ünsüň tebigatyna bagyşlanan ylmy işlerini çap etdiler. Gözlegler ünsi jemlemek ukybynyň diňe bir beýnidäki peýdaly signallaryň güýçlenmegine däl, eýsem "fon" işjeňliginiň (beýnidäki artykmaç sesleriň) peselmegine-de baglydygyny görkezýär
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy
29.12.2025 10:54
16k+

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

27-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy
ABŞ-da güýçli gar tupany sebäpli 16 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we gijikdirildi
29.12.2025 10:44
10k+

ABŞ-da güýçli gar tupany sebäpli 16 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

ABŞ-a inen güýçli boragan howa gatnawlarynyň işinde uly bökdençligiň ýüze çykmagyna getirdi. Tutuş ýurt boýunça, şeýle-de Kanadanyň (Toronto, Monreal, Wankuwer) howa menzillerinde gatnawlar ýatyryldy we gijikdirildi
Grenlandiýa deňzinde Arktikanyň iň çuň gaz gidrat ýataklary tapyldy
29.12.2025 00:38
5.6k+

Grenlandiýa deňzinde Arktikanyň iň çuň gaz gidrat ýataklary tapyldy

Arktika sebitinde 3640 metr çuňlukda iň çuň gaz gidrat ýataklary ýüze çykaryldy. Bu ýerlerde işjeň metan we çig nebit syzyplary hasaba alyndy, olar bolsa öz gezeginde dinamiki geologik we biologik gurşawy emele getirýärler
Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi
29.12.2025 00:24
3.6k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär
Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy
29.12.2025 00:16
6.4k+

Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy

Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysyna we ilkinji Prezidentine bagyşlanan iri medeni merkez — Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý açyldy. Saadiýat adasynda ýerleşýän bu muzeý ýurduň taryhy we onuň lideriniň mirasy bilen tanyşmak üçin döredilen özboluşly giňişlikdir
Mercedes-Benz ABŞ-da «dizel dawasyny» çözmek üçin 150 million dollar töleýär
28.12.2025 23:51
3.7k+

Mercedes-Benz ABŞ-da «dizel dawasyny» çözmek üçin 150 million dollar töleýär

Mercedes-Benz kompaniýasy dizel hereketlendirijileriniň zyýanly zyňyndylary baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy boýunça derňewi tamamlamak üçin ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen 149,6 million dollarlyk ylalaşyk baglaşdy
Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady
28.12.2025 23:47
3.7k+

Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady

Ford kompaniýasy Louisville Assembly Plant zawodynda Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady. Modeliň iň soňky nusgasy konweýerden düşdi we zawodyň işgärleri awtoulagyň kuzowyna ýadygärlik gol çekdiler. Soňky awtoulag çykanyndan soňra, hünärmenler köne önümçilik liniýalaryny söküp başladylar: Luiswilldäki zawod döwrebaplaşdyrylar
«Alaň 3» bilen «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmleri bir wagtda çykarylar
28.12.2025 23:20
4k+

«Alaň 3» bilen «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmleri bir wagtda çykarylar

Warner Bros. we Disney kinostudiýalary «Alaň: Bölüm 3» we «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmlerini ABŞ-da prokata 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda bir wagtda çykarmagy meýilleşdirýär. Iki blokbasteriň reliz gününiň gabat gelmegi sosial ulgamlarda kinofilmleriň atlaryndan ýasalan «DunesDay» adalgasynyň peýda bolmagyna getirdi
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlady
28.12.2025 12:45
11k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlady

“Ýönekeý” kompaniýasy hemmeleri Täze – 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürek gutlaýar hem-de Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýa okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlandygyny habar berýär. Okuw ugurlarynyň arasynda dil taýýarlygy (padkurs), bakalawr, magistrlik okuw maksatnamalaryndan başlap, jemi 150-den gowrak ugur saýlap bolýar
“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy
27.12.2025 20:56
13k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar
2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi
27.12.2025 20:51
4.5k+

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň bolan günleriniň sany soňky on ýylda iň ýokary görkezijä, geomagnit-gozganma günleriniň umumy sany bolsa soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
Gondurasyň Prezident saýlawlarynda asly palestinaly konserwator ýeňiş gazandy
27.12.2025 20:49
5.9k+

Gondurasyň Prezident saýlawlarynda asly palestinaly konserwator ýeňiş gazandy

30-njy noýabrda Gondurasda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ýeňijisi asly palestinaly konserwatiw dalaşgär Nasri Asfura boldy. Merkezi Amerika ýurdunyň Milli saýlaw geňeşiniň (CNE) habar bermegine görä, Milli partiýanyň wekili 40,26% ses aldy
Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler
27.12.2025 20:47
2.8k+

Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler

Microsoft öz esasy önümleriniň koduny 2030-njy ýyla çenli C we C++-dan Rust-a geçirmek meýilnamalary barada aýtdy. Bu işiň esasy bölegini inženerleriň goldamagynda ýöriteleşdirilen emeli aň agentleri ýerine ýetirer diýip, korporasiýanyň öňdebaryjy inženeri Galen Hant habar berdi
Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?
27.12.2025 17:19
9.3k+

Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?

Meşhur JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory Zak Nelson Samsung-yň ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň berkligini barlady. Synagyň netijesi gynandyryjy boldy: enjam düzedip bolmajak derejede zeper aldy
ChatGPT her ulanyjy üçin ýylyň jemini görkezip başlady
27.12.2025 16:30
2.4k+

ChatGPT her ulanyjy üçin ýylyň jemini görkezip başlady

ChatGPT-de indi Spotify Wrapped ýaly şahsy ýylyň jemini jemlemek funksiýasy peýda boldy. Täze gural «ChatGPT bilen ýylyňyz» adyny aldy we häzirlikçe birnäçe ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çäkli ulanyjylar üçin elýeterlidir
Nýu-Ýorkuň polisiýasy Grinçi gözlege berdi: Ony tapana 10 müň dollar baýrak bar
27.12.2025 16:25
11k+

Nýu-Ýorkuň polisiýasy Grinçi gözlege berdi: Ony tapana 10 müň dollar baýrak bar

Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa bölümi (NYPD) Roždestwo baýramyny ogurlamaga synanyşmakda aýyplanýan meşhur Grinçiň gözlegini yglan etdi. Şäher dolandyryşy jenaýatçynyň tapylmagyna kömek edene 10 000 dollara çenli pul baýragyny wada berdi
2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar
27.12.2025 13:07
12k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär
Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek konsertleriň we baýramçylyk şowhunlarynyň sanawy
27.12.2025 11:26
13k+

Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek konsertleriň we baýramçylyk şowhunlarynyň sanawy

27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler
Maslahat köşgünde 2026-njy ýyly garşylamak mynasybetli çagalaryň baýramçylyk çäresi geçirildi
27.12.2025 11:20
6k+

Maslahat köşgünde 2026-njy ýyly garşylamak mynasybetli çagalaryň baýramçylyk çäresi geçirildi

26-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde çagalaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi
27.12.2025 11:14
24k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi
Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar
27.12.2025 10:49
7.6k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder
Xiaomi Smart Home Screen 11-i — akylly öý üçin smart-displeýini çykardy
27.12.2025 10:34
1.6k+

Xiaomi Smart Home Screen 11-i — akylly öý üçin smart-displeýini çykardy

Xiaomi resmi taýdan özüniň ilkinji premium derejeli akylly displeýini — Smart Home Screen 11-i yglan etdi. Täze önüm planşetiň we smart-kolonkanyň mümkinçiliklerini birleşdirýän, akylly öý ekoulgamyny dolandyryş merkezi hökmünde hödürlenýär
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi
26.12.2025 22:50
25k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi

2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde täze ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklady
Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy
26.12.2025 22:20
9.4k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi
Xiaomi üýtgeşik datçikli Watch 5 smart-sagadyny we Buds 6 flagman nauşnigini görkezdi
26.12.2025 20:34
3.2k+

Xiaomi üýtgeşik datçikli Watch 5 smart-sagadyny we Buds 6 flagman nauşnigini görkezdi

Xiaomi Hytaýda Watch 5 flagman smart-sagadyny we Buds 6 simsiz nauşnigini hödürledi. Xiaomi Watch 5 sagady poslamaýan polatdan korpusa we ýakut aýna eýe boldy. Ol inçe çarçuwaly 1,54 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi
Bir dýuýmlyk Leica sensorly Xiaomi 17 Ultra flagman kamerofony hödürlendi
26.12.2025 20:24
4.5k+

Bir dýuýmlyk Leica sensorly Xiaomi 17 Ultra flagman kamerofony hödürlendi

Xiaomi Hytaýda uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Esasy täzelik Xiaomi 17 Ultra flagman smartfony boldy. Smartfon kamerofon hökmünde görkezilýär we Leica kameralar ulgamy bilen üpjün edildi. Smartfon durulygy 3200x1440 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,83 dýuýmlyk LTPO OLED ekranyna eýe boldy
Maradonanyň oýunda urşup ýyrtylan futbolkasy 179 müň dollara satyldy
26.12.2025 12:30
13k+

Maradonanyň oýunda urşup ýyrtylan futbolkasy 179 müň dollara satyldy

Diego Maradonanyň 1984-nji ýyldaky Ispaniýa kubogynyň finalynda — "Barselona" we Bilbaonyň "Atletik" toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýyrtylan futbolkasy auksionda 179 müň dollara (23% komissiýasy bilen birlikde) satyldy
Amerikaly bir adam lotereýada 1,8 milliard dollardan gowrak utdy, emma bu şonda-da rekord däl
26.12.2025 12:11
13k+

Amerikaly bir adam lotereýada 1,8 milliard dollardan gowrak utdy, emma bu şonda-da rekord däl

ABŞ-nyň Arkanzas ştatynyň ýaşaýjysy "Powerball" lotereýasynda 1,817 milliard dollar utdy. ABC News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu ABŞ-nyň lotereýa taryhyndaky ikinji iň uly utuşdyr. Jekpoty anyklamak mümkinçiligi 292 milliondan bire deňdir
S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar
26.12.2025 12:05
11k+

S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar

S7 Airlines awiakompaniýasy Russiýanyň Nowosibirsk şäheri bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny açýar. Awiakompaniýa täze ugur boýunça biletleriň satuwyna eýýämden başlady. Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martynda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar