Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

05.02.2026, 08:152,578
1 / 2

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş ýollaryny seljerdi. Taraplar iri göwrümli bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge, ilkinji nobatda, energetika pudagyndaky, şeýle hem ulag we logistika ulgamlaryndaky taslamalara aýratyn üns berdi.
Maslahatlaşmalaryň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny tassyklady.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.