Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

05.02.2026, 10:231,444

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar.
Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi.
Ulanyjylar ses arkaly diňe ýol salgysyny däl, eýsem öňüňden çykýan taryhy ýerler, ýol ugrundaky binalar (meselem, kafeler we olaryň aýratynlyklary) barada maglumat sorap ýa-da barmaly ýerine çenli galan wagty anyklap bilerler. Kömekçi hatda has nygtaýjy soraglara-da jogap berýär, şeýle hem ýoluň ugruny üýtgetmek, duralgalary goşmak we alternatiw ýollary tapmak baradaky buýruklary-da ýerine ýetirýär.
Nawigasiýa wezipelerinden başga-da, Gemini kontaktdakylara habar iberip we barylýan ýerdäki howa maglumaty barada maglumat berip hem bilýär. Kömekçini ekranyň burçundaky şekiljik ýa-da ses buýrugy arkaly işjeňleşdirip bolýar. Täzelenme dünýä boýunça iOS  we Android ulgamlaryndaky enjamlara girizilip başlandy. 
Nerds.xyz saýtyny  esaslandyryjy Braýan Jajioliniň bellemegine görä, bu täze aýratynlyk syýahatçylar we görüş ukyby pes adamlar üçin hem örän peýdaly bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.