Google kompaniýasy Windows üçin Gemini goşundysyny çykardy

Şu gün, 17:13372

Google kompaniýasy Windows operasion ulgamly kompýuterler üçin Gemini emeli aň kömekçisiniň goşundysyny çykardy. Ol beýleki programmalar bilen işleşilýän wagty gönüden-göni emeli aňa tiz ýüzlenmäge mümkinçilik berýär.

Goşundyny Alt + Space düwmeleri arkaly aktiw penjiräniň üstünden çykarmak bolýar. Mysal üçin, Gemini resminamadaky faktlary barlamaga ýa-da tanyşdyryş slaýdlary üçin sözbaşylary tapmaga kömek eder, şondan soň ulanyjy derrew öz işine dolanyp biler.

Has çylşyrymly ýumuşlar üçin aýratyn iş meýdançasy göz öňünde tutuldy. Onda Gemini-ň adaty funksiýalary elýeterli, tölegli ulanyjylar bolsa gije-gündiz işleýän Gemini Spark EA agentine ýumuşlary tabşyryp biler. Ol Google-dan, şol sanda Gmail we Google Drive hyzmatlaryndan maglumatlary seljerip, taslamanyň materiallary boýunça deslapky gysgaça mazmuny taýýarlap bilýär.

Şeýle hem goşundy arkaly Nano Banana modeliniň kömegi bilen prezentasiýalar üçin suratlary, platforma birikdirilen Gemini Omni bilen bolsa wideoşekilleri döretmek bolýar.

Google goşundynyň fon režiminde işleýändigini, şol sebäpli kompýuteriň işleýşine agram salmajakdygyny nygtaýar. Geljekde kompaniýa doly derejeli desktop goşundylaryna mahsus bolan täze funksiýalary goşmagy meýilleşdirýär.

Windows üçin Gemini goşundysy Windows 10 we Windows 11 operasion ulgamlary bilen gabat gelýär.