Google klawiaturany eskalatora öwürdi: ýazmak üçin harplar aýlanyp gelýänçä garaşmaly

Şu gün, 12:422,192
1 / 4

Google kompaniýasynyň Ýaponiýadaky bölümçesiniň inženerleri düwmeleri aýlanyp durýan eskalator görnüşli Gboard Conveyor Belt Version klawiaturasyny görkezdi.

Bu taslamanyň esasy pikiri — ulanyjyny elini ýa-da barmaklaryny tutuş klawiatura boýunça gezdirmek zerurlygyndan dyndarmakdyr. Şu maksat bilen kompaniýa düwmeleri konweýer lentasynda ýerleşdirmek kararyna geldi.

Klawiatura her birinde 29 düwme bolan dört sany lentadan (jemi 116 düwme) ybarat bolup, olar gurnalan konweýer mehanizminiň kömegi bilen üznüksiz aýlanýar we gerek bolan harplarydyr nyşanlary golaýlan ýagdaýynda basmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, A düwmesine barmak uzatmagyň deregine, ulanyjy A harpy aýlanyp gelýänçä garaşmaly bolýar.

Global Japan degişme görnüşinde şeýle formatyň bir el ýa-da bir barmak bilen tekst ýazmak üçin örän amatlydygyny, beýleki el bilen bolsa, meselem, çaý içip boljakdygyny belleýär.

Eskalator klawiatura kompaniýanyň 1-nji oktýabrda geçirilýän her ýylky däbiniň dowamy boldy. Şol gün inženerler Gboard tapgyrynyň adaty bolmadyk, ýöne iş ýüzünde ulanyp boljak klawiaturalaryny hödürleýär.

Tapgyryň öňki enjamlary ýaly, Gboard Conveyor Belt Version hem köpçülikleýin önümçilige çykarylmaz. Ýöne Google şeýle klawiaturany özbaşdak ýygnamaga we ulanmaga taýýar bolan höwesjeňler üçin ähli zerur çyzgylary hem-de 3D çap üçin shemalary GitHub-da açyk elýeterlilige goýdy.