Alymlar Perudaky syrly çukurlaryň inklerde buhgalterçilik guraly bolandygyny çaklaýarlar
17.11.2025 14:06
6.2k+

Alymlar Perudaky syrly çukurlaryň inklerde buhgalterçilik guraly bolandygyny çaklaýarlar

Alymlar Perudaky syrly Monte-Sýerpe ýadygärliginiň maksady barada täze bir çaklamany hödürlediler. Täze gipoteza görä, müňlerçe çukurdan ybarat ägirt uly toplum, inkleriň harytlary hasaba almak we alyş-çalyş etmek üçin ulanan hasapçylyk ulgamynyň bir bölegi bolup hyzmat edip bilerdi
Týunerler iň güýçli serialy "Rolls-Royce-y" has-da kämilleşdirdiler
17.11.2025 13:46
4.7k+

Týunerler iň güýçli serialy "Rolls-Royce-y" has-da kämilleşdirdiler

Rolls-Royce awtoulaglarynyň týuningi bilen meşgullanýan Novitec kompaniýasynyň Spofec bölümi doly elektrikli Rolls-Royce Spectre Black Badge kupe-siniň ýörite wersiýasyny hödürledi. Kämilleşdirmeler diňe daşky görnüşi däl, eýsem, elektromobiliň häsiýetnamalaryny hem öz içine aldy
Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler
17.11.2025 13:39
4.8k+

Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler

Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar
"Melgun Prada geýýär" filminiň dowamynyň tizer treýleri çykdy
17.11.2025 13:32
2.7k+

"Melgun Prada geýýär" filminiň dowamynyň tizer treýleri çykdy

20th Century Studios-yň YouTube kanalynda “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ilkinji tizer treýleri çykdy. Filmiň kinoteatrlardaky görkezilişi 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär. Täze film Dewid Frenkeliň meşhur komediýasynyň dowamy bolar
Kim Kardaşýanyň "Skims" brendi 5 milliard dollara durýar
17.11.2025 13:20
5k+

Kim Kardaşýanyň "Skims" brendi 5 milliard dollara durýar

Kim Kardaşýanyň Skims egin-eşik brendi maýa goýumlaryň täze tapgyrynda 225 million dollar toplady. Reuters habarlar gullugynyň habaryna görä, bu şertnamadan soň kompaniýanyň bahasy 5 milliard dollara galdy. Habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Skims häzirki wagtda bazar kapitalizasiýasy takmynan 2,86 milliard dollar bolan esasy bäsdeşi Victoria's Secret-den takmynan iki esse gymmat
Chery krossoweri “Asman Merdiwany” synagyndan geçip bilmän, syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi
17.11.2025 13:14
11k+

Chery krossoweri “Asman Merdiwany” synagyndan geçip bilmän, syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi

Hytaýda Chery Fulwin X3L gibrid krossoweri Týanmen dagynda meşhur “Asman Merdiwanyna” çykyp bilmedi we syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi diýip, Jimu News habar berýär. Awtomobil basgançaklara çykmaga synanyşdy, ýöne yza gaýdyp baryp germewe uruldy
“Super Mario” multfilminiň dowamynyň treýleri çykdy
17.11.2025 13:03
1.6k+

“Super Mario” multfilminiň dowamynyň treýleri çykdy

Nintendo-nyň resmi YouTube kanalynda "Doganlar Super Mariolar Galaktikada" (The Super Mario Galaxy Movie) multfilminiň treýleri çykdy. Meşhur animasiýa blokbasteriniň dowamy 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Film 2007-nji ýylda Wii konsolynda çykan Super Mario Galaxy wideo oýnunyň motiwlerine esaslanýar
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda b.e. öňki V–III asyrlara degişli ýüzlerçe gadymy mazar tapyldy
17.11.2025 12:56
5.8k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda b.e. öňki V–III asyrlara degişli ýüzlerçe gadymy mazar tapyldy

Hytaýly arheologlar Şensi welaýatynyň Sian şäherinde 566 sany gadymy mazary tapdylar. Olaryň aglabasy Söweşýän Şalyklar döwrüne — biziň eýýamymyzdan öňki V–III asyrlara, entek Hytaýyň imperator Sin Şihuandiniň hökümdarlygynyň astynda birleşmezden ozalky döwre degişlidir
Teýlor Swift Madonnadan öňe geçip, taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy boldy
17.11.2025 12:31
3.6k+

Teýlor Swift Madonnadan öňe geçip, taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy boldy

Teýlor Swift ChartMasters-iň wersiýasy boýunça iň üstünlikli aýdymçylaryň sanawynda Madonnadan öňe geçip, bäşinji orny eýeledi. Bu ony aýdym-saz satuwynyň göwrümi boýunça taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy (ýa-da iň köp satylan zenan aýdymçy) edýär
"Google Suratlar" indi äýnegi aýryp, suratlardaky ýüz keşbi üýtgedip biler
17.11.2025 12:27
1.2k+

"Google Suratlar" indi äýnegi aýryp, suratlardaky ýüz keşbi üýtgedip biler

Google kompaniýasy täze EA mümkinçilikleri bolan “Google Suratlar” programmasyna täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar fotosuratlardaky detallary redaktirläp bilerler, mysal üçin äýnekleri aýryp, ýylgyryş goşup ýa-da suratdaky adam surata düşen wagty gözüni ýuman bolsa, ony açyp biler
Balkanabat Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlanýar
17.11.2025 12:20
5.7k+

Balkanabat Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlanýar

2025-nji ýylyň 20-22-nji noýabrynda Balkanabat şäheriniň köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär
Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy
17.11.2025 11:58
5k+

Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

17-nji noýabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar
Sabrina Karpenter "Alisa Täsinlikler dünýäsinde" kinomýuziklinde baş keşbi janlandyrar
17.11.2025 11:25
3k+

Sabrina Karpenter "Alisa Täsinlikler dünýäsinde" kinomýuziklinde baş keşbi janlandyrar

Amerikaly aktrisa we aýdymçy Sabrina Karpenter “Alisa Täsinlikler dünýäsinde” («Алиса в Стране чудес») atly kinomýuziklde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada Variety habar berýär. Filmi Universal Pictures tarapyndan döredilýär
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi gysga möhletli okuwlara çagyrýar
17.11.2025 11:06
3.3k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi gysga möhletli okuwlara çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi aşakdaky dersler boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär: Ynsanperwer, tebigy-ylmy
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymy Yslamabatda “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatynda çykyş etdi
17.11.2025 11:01
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymy Yslamabatda “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatynda çykyş etdi

11-12-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy B.Karaýew Pakistanda “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Ýaşlaryň 141-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldular
17.11.2025 10:55
4.3k+

Ýaşlaryň 141-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldular

16-njy noýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär
2026-njy ýylda Türkmenistanda “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler
17.11.2025 10:35
3.3k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etdi. Bu barada 16-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde yglan edildi
Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi
17.11.2025 10:27
4.4k+

Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi

16-njy novabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Daşkent şäheriniň Kongres merkeziniň foýesinde Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini garşylady
Kristofer Nolan “Odisseýany” düşürmek üçin 600 km-den gowrak plýonka ulandy
17.11.2025 10:03
6.5k+

Kristofer Nolan “Odisseýany” düşürmek üçin 600 km-den gowrak plýonka ulandy

Kristofer Nolanyň geljekki “Odisseýa” filmini düşürmek üçin 2 million futdan gowrak plýonka gerek boldy – bu, takmynan, 609,6 kilometre barabar diýip, Rolling Stone habar berýär. Filmiň düşürilişiniň köp bölegi açyk deňizde geçirildi
Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi
17.11.2025 09:56
2.4k+

Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi

Apple-iň müdirler geňeşi we ýokary ýolbaşçylygy Tim Kuguň baş direktor wezipesinden gitmegine taýýarlygy işjeňleşdirdi. Bu barada kompaniýanyň içindäki gürrüňler bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) habar berýär
Şweýsariýaly daýwer buz astyna 56 metr çuňluga çümüp, rekord goýdy
16.11.2025 23:10
10k+

Şweýsariýaly daýwer buz astyna 56 metr çuňluga çümüp, rekord goýdy

Şweýsariýaly daýwer Waldemar Bruderer demini saklap, buz astyna çuňluga çümmek boýunça rekord goýdy. Ol ýörite esbap we gidrokostýum bolmazdan 56 metr çuňluga ýetdi diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi
Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy
16.11.2025 23:06
4k+

Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis
Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy
16.11.2025 22:56
1.2k+

Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň resmi YouTube-kanalynda “Oýunjaklaryň taryhy 5” multfilminiň ilkinji tizer-treýleri goýberildi. Film 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda dünýä derejesinde çykarylar. Gysga rolikde tomaşaçylara täze gahryman - Lilipad atly planşet hödürlendi
Apple we dizaýner Isseý Miýake adaty bolmadyk iPhone-lar üçin adaty bolmadyk daşlyk-haltajyk döretdiler
16.11.2025 22:48
3.9k+

Apple we dizaýner Isseý Miýake adaty bolmadyk iPhone-lar üçin adaty bolmadyk daşlyk-haltajyk döretdiler

Apple ýapon dizaýneri Isseý Miýake bilen hyzmatdaşlykda iPhone üçin özboluşly, torly torbany ýatladýan iPhone Pocket daşlyk-haltajygyny çykardy. Aksessuaryň dizaýny modelýeriň “mata bölegi” (a piece of cloth) - dürli görnüşde göterip boljak ýönekeý, köp taraply we üýtgäp bilýän zat hakyndaky düşünjesinden ylhamlanýar
Amerikan startapy üç tigirli “günmobilleri” ýygnap başlady
16.11.2025 22:40
4.5k+

Amerikan startapy üç tigirli “günmobilleri” ýygnap başlady

Kaliforniýanyň Aptera startapy özüniň Gün elektromobiliniň synag nusgalarynyň ýygnalyp başlanandygyny habar berdi – bu prototipden yzygiderli önümçilige tarap ilkinji ädim boldy. Işler üpjün edijilerden taýýar komponentleri ulanmak bilen Günorta Kaliforniýadaky täze önümçilik hatarynda alnyp barylýar
Kolin Farrell doganlar Russonyň täze ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini oýnar
16.11.2025 22:38
1.3k+

Kolin Farrell doganlar Russonyň täze ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini oýnar

Irlandiýaly aktýor Kolin Farrell (“Inişeriniň banşisi”, “Pingwin”) “Ordained” ekşn-trillerinde ruhanynyň keşbini ýerine ýetirer. Film bilen “Ar alyjylaryň” birnäçe bölüminiň üstünde işlän doganlar Russolar meşgullanýar diýip, Deadline neşiri habar berýär
2024-nji ýylda tabşyrylan ähli patentleriň tas ýarysy Hytaýa degişli
16.11.2025 22:19
2.1k+

2024-nji ýylda tabşyrylan ähli patentleriň tas ýarysy Hytaýa degişli

2024-nji ýylda ähli tabşyrylan patent arzalarynyň tas ýarysy Hytaýyň paýyna düşdi. Ikinji orny eýelän ABŞ üç esse diýen ýaly yza galdy we öz arzalarynyň sanyny azaltdy diýip, WIPO halkara guramasynyň statistikasyna salgylanyp, South China Morning Post habar berýär
Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer
16.11.2025 21:44
8.2k+

Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer

Agyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua we amerikaly bloger hem boksçy Jeýk Pol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda resmi taýdan söweşer. Ilkibaşda Pol ýeňil agramda WBA-nyň çempiony Jerwonta Dewis bilen duşuşmalydy
Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy
16.11.2025 21:39
2.8k+

Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy

14-nji noýabrda Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) romany boýunça düşürilen adybir filmiň global premýerasy boldy. Film eýýäm ABŞ-da, Kanadada we başga birnäçe ýurtda görkezilýär. Filmiň sýužeti antiutopik totalitar ABŞ-da ýaşaýan Benjamin Riçards barada gürrüň berýär
Hytaý elektrik energiýasyny almak üçin ägirt batböregi synagdan geçirdi
16.11.2025 21:35
4.9k+

Hytaý elektrik energiýasyny almak üçin ägirt batböregi synagdan geçirdi

Hytaýda belentlikde energetika önümçiligi üçin dünýädäki iň uly batböregiň synaglary tamamlandy. Ol ýeliň güýjüni elektrik energiýasyna öwürmek üçin niýetlenýär we adaty ýel diňleri bilen deňeşdirilende has tygşytly çözgüt hökmünde göz öňünde tutulýar diýip, Interesting Engineering ýazýar
Call of Duty: Black Ops 7 çykdy
16.11.2025 21:32
2.3k+

Call of Duty: Black Ops 7 çykdy

14-nji noýabrda Activision kompaniýasynyň Call of Duty oýnunyň täze bölümi Call of Duty: Black Ops 7 çykdy. Oýun PK-da we konsollarda elýeterli, şeýle-de PC Game Pass we Game Pass Ultimate ýazylyşyklaryna goşuldy
Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar
16.11.2025 21:17
1.2k+

Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar

Disney wideo döretmek üçin öz neýroulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ol Disney+ ulanyjylaryna kontent döretmek mümkinçiligini berer. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Bob Aýger maliýe ýylynyň jemi boýunça konferensiýa jaňynda habar berdi diýip, The Hollywood Reporter belleýär
Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi
16.11.2025 21:15
1.5k+

Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň doly tertibini hödürledi. Onda sportuň medal ugrunda has köp göreşilýän iki görnüşi bilen baglanyşykly birnäçe aýratynlyklar bar
Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi
16.11.2025 20:46
2.6k+

Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi

Apple we OpenAI Ilon Maskyň kompaniýalarynyň (X Corp we xAI) antimonopoliýa arzasyny ýatyryp bilmediler. ABŞ-nyň okrug kazysy Mark Pitman (Mark Pittman) bu baradaky haýyşlary kanagatlandyrmady. Kazynyň bu karary X Corp we xAI kompaniýalaryna Apple we OpenAI-ny "bäsdeşlige garşy dilleşmekde" we bäsdeşler üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýan kazyýet işini dowam etmäge mümkinçilik berdi
22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy
16.11.2025 19:37
9.7k+

22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy

2003-nji ýylyň 16-njy noýabry  «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy
Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy
16.11.2025 19:00
4.8k+

Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy

Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» (“Келажак мероси”) halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi
Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde arheologiýa boýunça halkara kongrese gatnaşdylar
16.11.2025 18:40
1.1k+

Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde arheologiýa boýunça halkara kongrese gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň işine gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşirinde habar berilýär
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplar we okuwçylar üçin okuw gollanmalaryny taýýarladylar
16.11.2025 18:32
2.9k+

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplar we okuwçylar üçin okuw gollanmalaryny taýýarladylar

Türkmenistanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary tarapyndan ýokary okuw mekdepler we orta mekdepler üçin taýýarlanylan okuw gollanmalary neşir edildi. Informatikany okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymlary M
Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy
16.11.2025 18:25
2.1k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rumyniýadan, Müsürden we Marokkodan kärdeşleri bilen jaňlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hususan-da, Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýu, Müsür Arap Respublikasynyň
Türkmen wekiliýeti Pekinde Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy
16.11.2025 18:19
3.4k+

Türkmen wekiliýeti Pekinde Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

14-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektoryndan, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygyndan we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymyndan ybarat wekiliýet Pekin şäherinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly iri halkara çäresine gatnaşdy