Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy

03.01.2026, 11:02680

Braziliýaly hüjümçi Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär.

33 ýaşly Neýmaryň klub bilen öňki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy. Hüjümçä birnäçe klubuň, şol sanda «Flamengonyň» gyzyklanma bildirendigi habar berilýär.
Neýmar öz karýerasynyň başlan ýeri bolan «Santosa» 2025-nji ýylyň ýanwarynda gaýdyp geldi. Şondan bäri topar üçin ähli ýaryşlarda 28 oýna gatnaşyp, 11 gol geçirdi.
Belläp geçsek, hüjümçi ençeme gezek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin oýnamak isleýändigini aýtdy. Ýöne ol 2023-nji ýyldan bäri milli toparda çykyş edenok. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.