Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi
13.11.2025 20:08
3.6k+

Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Hususan-da, R.Meredow Jibutiniň
Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi
13.11.2025 20:00
2.3k+

Niger Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Aly bilen duşuşyk geçirdi
Aýdymçy Dua Lipa deriniň idegi üçin kosmetika toplumyny çykardy
13.11.2025 19:49
6k+

Aýdymçy Dua Lipa deriniň idegi üçin kosmetika toplumyny çykardy

Britaniýaly aýdymçy Dua Lipa özüniň Dua atly täze ideg kosmetika liniýasyny çykardy diýip, Hypebae portaly habar berýär. Bu kolleksiýa kosmetika brendi Augustinus Bader Science bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Oňa üç sany serişde girýär: derini arassalaýjy krem — Balancing Cream Cleanser, deri öýjüklerini täzeleýji krem — Renewal Cream we derini ýalpyldadýan toplum — Supercharged Glow Complex
Alymlar günebakar unundan düzüminde köp mukdarda belok saklaýan et önümini döretdiler
13.11.2025 19:45
5.8k+

Alymlar günebakar unundan düzüminde köp mukdarda belok saklaýan et önümini döretdiler

Braziliýadan we Germaniýadan alymlaryň topary etiň ornuny çalşyp biljek innowasion önümi işläp taýýarladylar. Bu önüm üçin esasy çig mal hökmünde günebakar uny ulanyldy diýip, ScienceDaily ýazýar. Barlag prosesinde alymlar ilki bilen günebakar tohumlaryndan ýag çykardylar, soňra uny gabygyndan we käbir fenollardan arassaladylar — bu minerallaryň we beloklaryň özleşdirilmegini gowulandyrdy
Albaniýa bilen Gresiýanyň araçägindäki gowakdan dünýädäki iň uly kerep tapyldy
13.11.2025 19:39
12k+

Albaniýa bilen Gresiýanyň araçägindäki gowakdan dünýädäki iň uly kerep tapyldy

Alymlar dünýäniň iň uly möý kerebini tapdylar. Ol 106 inedördül metr meýdany tutýar we gowagyň dar geçelgesiniň diwaryny doly örtýär. Bu tor müňlerçe örtükli kerep aýlawyndan ybarat bolup, «ýamalan düşek» ýaly görnüşi emele getirýär diýip, Live Science neşiri belleýär
Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy
13.11.2025 19:06
5.8k+

Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy

Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi. «Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir
“Alaň 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy
13.11.2025 18:57
4.1k+

“Alaň 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy

Internetde “Alaň” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler. Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler
Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer
13.11.2025 17:25
3.2k+

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer. Ol režissýor we prodýuser Tom Forduň “Asmana bakyp ýygla” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Variety habar berýär. Film Enn Raýsyň 1982-nji ýyldaky adybir romany esasynda surata düşüriler
Dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça sanaw taýýarlanyldy
13.11.2025 11:22
10k+

Dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça sanaw taýýarlanyldy

World Population Review 2025-nji ýyl üçin dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň ortaça dowamlylygy barada deslapky maglumatlary çap etdi. Reýting Halkara zähmet guramasynyň (ILO) we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) maglumatlaryna esaslanýar
Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy
13.11.2025 11:16
5.3k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
13.11.2025 11:08
9.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Ketrin Konnollä Irlandiýayň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ketrin Konnollä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Irlandiýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi
Hytaýda 17 müň dollardan Hyundai Mufasa 2026-nyň satuwa başlandy
13.11.2025 11:02
6.7k+

Hytaýda 17 müň dollardan Hyundai Mufasa 2026-nyň satuwa başlandy

Hytaýda Hyundai Mufasa 2026 täze ykjam krossoweriniň satuwy başlandy. Model üç görnüşde hödürlenýär, onuň bahasy 121 800 – 142 800 ýuan aralygynda bolup, bu takmynan 17 100 – 20 000 amerikan dollaryna deňdir. Ähli wersiýalarda 2,0 litrlik, 160 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji we alty tizlikli awtomatiki geçiriş oturdylan
Täze Ford F-250 dünýäde iň çalt dizel pikap boldy
13.11.2025 10:50
5.6k+

Täze Ford F-250 dünýäde iň çalt dizel pikap boldy

Täze Ford F-250 Super Duty dünýäde iň çalt dizel pikaby bolup, täze rekord goýdy. 6,7 litrlik Power Stroke V8 hereketlendirijisi bilen işleýän High Output wersiýasy 500 at güýjüni we 1626 Nm torky öndürýär. Bu äpet pikap bary-ýogy 5,5 sekuntda 100 km/sag tizlige çykýar — bu görkeziji Honda NSX sport awtoulagynyň netijesi bilen deňdir
ABŞ-da taryhda iň uzak dowam eden "şatdaun" tamamlandy
13.11.2025 10:46
13k+

ABŞ-da taryhda iň uzak dowam eden "şatdaun" tamamlandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda iň uzak dowam eden hökümet işiniň togtadylmagyna (“şatdaun”) nokat goýup, wagtlaýyn maliýeleşdirmäge degişli kanuna gol çekdi diýip, CNN habar berýär. Şeýlelikde, 40 günden gowrak dowam eden federal hökümetiň işiniň togtadylmagy resmi taýdan soňlandy
Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar
13.11.2025 09:35
3.7k+

Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar

RM Sotheby’s auksion öýi Formula-1 taryhynyň iň meşhur bolidleriniň biri bolan McLaren MP4/6 awtoulagyny auksiona çykarýar. Hut şu ulagda Aýrton Senna 1991-nji ýylyň Braziliýadaky Gran Prisinde, geçiriş gutusyndaky çynlakaý näsazlyklara garamazdan, ýeňiş gazanypdy
Wulkanlar, buz bölekleri... : halkara Chromatic Awards baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
13.11.2025 06:56
6.2k+

Wulkanlar, buz bölekleri... : halkara Chromatic Awards baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Halkara Chromatic Awards fotosurat bäsleşiginiň guramaçylary şu ýyl ýokary baha mynasyp bolan iň gowy tebigat we landşaft suratlarynyň toplumyny hödürlediler. 1-nji orun: Patagoniýadaky Fitz Roý dagynyň töweregindäki
Toyota Hilux pikapy düýbünden başgaça dizaýny aldy we ilkinji gezek elektrik boldy
12.11.2025 18:52
12k+

Toyota Hilux pikapy düýbünden başgaça dizaýny aldy we ilkinji gezek elektrik boldy

Toyota öz Hilux pikabynyň dokuzynjy neslini hödürledi. Täze modeliň global premýerasy Bangkokda geçirildi we bu ýerde awtomobiliň elektrik görnüşi-de görkezildi. Pikabyň eksterýeri we interýeri doly gaýtadan işlendi, şol bir wagtyň özünde Hilux-yň tanalýan stili saklandy
Alymlar buzuň täze görnüşini – Ice XXI-i açdylar
12.11.2025 18:50
6.7k+

Alymlar buzuň täze görnüşini – Ice XXI-i açdylar

Koreýanyň Standartlar we ylymlar boýunça ylmy-gözleg institutynyň (KRISS) alymlary kristal buzuň täze, 21-nji görnüşini ýüze çykardylar. Ol 2 GPa-dan ýokary basyşda we otag temperaturasynda emele gelýär. Ol Ice XXI diýlip atlandyryldy diýip, Eurekalert neşiri habar berýär
Hytaýly alymlar rak keseline garşy derman serişdelerini öndürmegiň täze usulyny tapdylar
12.11.2025 18:49
9.5k+

Hytaýly alymlar rak keseline garşy derman serişdelerini öndürmegiň täze usulyny tapdylar

Hytaýly himikler beýlekiler bilen bir hatarda onkologiýa kesellerini bejermek üçin gymmat derman serişdelerini öndürmegiň adaty tehnologiýasyny üýtgedip biljek täze usuly oýlap tapdy diýip, South China Morning Post (SCMP) habar berýär
Türkmenistan «Lu Ban ussahanasy» üçin enjamlary almak hakynda Hytaý bilen şertnama baglanyşdy
12.11.2025 18:40
9.7k+

Türkmenistan «Lu Ban ussahanasy» üçin enjamlary almak hakynda Hytaý bilen şertnama baglanyşdy

Türkmenistanyň Pekindäki ilçihanasynda «Lu Ban ussahanasy» (Luban Workshop) üçin enjamlaryň ilkinji tapgyryny ibermek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu ussahana Aşgabadyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda işläp başlar
Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär
12.11.2025 18:22
2.1k+

Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär

12-13-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär
Türkmen talyplary Polşada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 22 medal gazandylar
12.11.2025 17:44
6.1k+

Türkmen talyplary Polşada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 22 medal gazandylar

6–10-njy noýabr aralygynda Katowise şäherindäki (Polşa) Sileziýa uniwersitetinde geçirilen talyplaryň halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda ýurdumyzyň wekilleri jemi 22 medala mynasyp boldular diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär
Aziýanyň ösüş banky Aşgabatda lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer
12.11.2025 17:37
7.2k+

Aziýanyň ösüş banky Aşgabatda lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek
Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä gatnaşyjylary gutlady
12.11.2025 13:58
3.4k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özaraarabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy
12.11.2025 12:51
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy
Tmcars “Türkmentel-2025” halkara sergisine gatnaşýar
12.11.2025 09:32
16k+

Tmcars “Türkmentel-2025” halkara sergisine gatnaşýar

Tmcars 12 – 14-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel-2025» halkara sergisine gatnaşýar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. “Türkmentel-2025” halkara forumy hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar
Ford Bronco Heritage Edition 2026 – täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş hödürlendi
12.11.2025 09:07
3.8k+

Ford Bronco Heritage Edition 2026 – täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş hödürlendi

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň täzelenen Bronco hataryny tanyşdyrdy. Täze ýylyň modeli üçin Heritage Edition wersiýasyna täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş ulgamy goşuldy. Indi retro görnüşli wnedorožnigi 2,3 litrlik EcoBoost I4 turbo hereketlendiriji bilen we 10 tizlikli awtomat geçiriş bilen sargyt edip bolýar
Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi
12.11.2025 08:51
14k+

Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasy (TFF) bikanun pul goýumlaryna gatnaşmakda güman edilmegi sebäpli 1024 oýunçynyň, şol sanda Superliganyň 27 futbolçysynyň wagtlaýyn futboldan çetleşdirilendigini habar berdi diýip, Anadolu agentligi belleýär
Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär
12.11.2025 08:48
5.5k+

Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär

Madridiň “Atletiko” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň Apollo Sports Capital (ASC) maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi. Şertnamanyň çäklerinde Migel Anhel Hil we Enrike Sereso baş direktor we prezident hökmünde öz orunlaryny, şeýle-de paýdar statusyny saklap galar
92 ýaşly amerikaly dünýäde işleýän iň garry santehnik diýlip ykrar edildi
12.11.2025 08:41
10k+

92 ýaşly amerikaly dünýäde işleýän iň garry santehnik diýlip ykrar edildi

92 ýaşly amerikaly Ross Palermo dünýäde işleýän iň garry santehnik hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Palermo bu kärde tas 75 ýyl bäri zähmet çekýär. Ol 1933-nji ýylda italýan immigrantlarynyň maşgalasynda dünýä indi we orta mekdebi tamamlan badyna 1951-nji ýylda işe başlady
Buker baýragyny wenger-britan ýazyjysy Dewid Soloýyň romany aldy
12.11.2025 00:32
2k+

Buker baýragyny wenger-britan ýazyjysy Dewid Soloýyň romany aldy

2025-nji ýylyň Buker baýragyny “Flesh” (“Syna”) romany üçin Dewid Soloý aldy. Ýeňijä kubok we 50 müň funt sterling berildi. Baýragy ýazyja geçen ýylky ýeňiji Samanta Harwi gowşurdy. Şu ýyl eminler toparyna ýazyjy Aýobami Adebaýo, ýazyjy we tankytçy Kris Pauer, romançy Kaýli Rid, ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl we aktrisa Sara Jessika Parker girdi
Günde 2025-nji ýylda iň güýçli alawlama hasaba alyndy
12.11.2025 00:21
6.1k+

Günde 2025-nji ýylda iň güýçli alawlama hasaba alyndy

11-nji noýabrda Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamasy bolup geçdi. Onuň güýçlüligi X5.1 diýlip hasaplanýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär
Täze Toyota GR Corolla 400 a.g. hereketlendirijisini alar we silindrini artdyrar
11.11.2025 15:27
8.9k+

Täze Toyota GR Corolla 400 a.g. hereketlendirijisini alar we silindrini artdyrar

Toyota indiki nesil GR Corolla hetçbeginde 1,6 litrlik turbinaly üç silindrli hereketlendirijini 400 a.g. kuwwatly täze dört silindrli hereketlendiriji bilen çalyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Carscoops neşiri ýazýar
Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler
11.11.2025 15:19
4.2k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar
Pantone 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň esasy reňk öwüşginlerini yglan etdi
11.11.2025 15:13
3.9k+

Pantone 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň esasy reňk öwüşginlerini yglan etdi

Pantone reňk instituty 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň moda ugurlary baradaky hasabatyny çap etdi. Bilermenleriň bellemegine görä, geljek möwsümiň esasy äheňi gülgüne we ýaşyl reňkleriniň utgaşmasy bolar. Bu iki reňk tebigatda hem-de häzirki zaman dizaýn giňişliginde tebigy görnüşde sazlaşýar
“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler
11.11.2025 14:57
6.1k+

“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler

15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir
“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy
11.11.2025 14:30
8.6k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy
Apple iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeldýär
11.11.2025 14:20
3k+

Apple iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeldýär

Apple kompaniýasy iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, kompaniýa hemralary gyssagly jaňlardan daşary hem ulanmaga mümkinçilik berjek birnäçe tehnologiýany öwrenýär
Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar
11.11.2025 14:18
3.7k+

Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. Mejlis 7–11-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär
Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
11.11.2025 14:14
3.5k+

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy