Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
11.08.2025 23:14
13k+
Türkmenistan Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň ýatlama çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 6-njy awgustda Hirosimada we 9-njy awgustda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
11.08.2025 23:08
4.6k+
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda Merkezi Aziýa çempionatynda 16 medal gazandylar
Karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3-13-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýokary netijeleri görkezdiler. Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar
11.08.2025 23:03
2.1k+
Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy
11.08.2025 23:00
1.8k+
Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
9-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - wekili Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy
11.08.2025 19:33
12k+
Mekdep bazaryndan nobatsyz we yssyda çykmazdan ALSAT.com.tm-den lomaý satyn alyň
Awgust. Kölegede +39°C. Bazarda eliňiz torbaly gezip ýörsüňiz, çagajyk elindäki şepbeşik doňdurmanyň eremegine gynanç bilen seredýär. Bu ýagdaý size tanyşmy? Ene-atalaryň aglabasynyň mekdep harytlary üçin bazarlaýşy şeýleräk ýagdaýda bolýar: yssy, mähelle, meýilleşdirilen çäkden artyk söwda etmezlige çalyşmak… HAS AMATLY USUL BAR: ALSAT
11.08.2025 17:27
10k+
11-nji awgustdan Aşgabatdan Türkmenbaşa awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy
«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça hereket edýän awtobus gatnawlarynyň sanyny üçe çenli artdyrdy. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar
11.08.2025 17:22
6.7k+
Türkmen talyplarynyň taslamasy Indoneziýada dünýä olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp boldy
Ýakynda Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasynyň (IYSA) guramagynda geçirilen Robototehnika we informatika boýunça dünýä olimpiadasynda Türkmenistandan gatnaşan topar "Kompýuter" ugry boýunça 1-nji orna mynasyp boldy
11.08.2025 17:14
9.9k+
Welosipedçi hereket edip barýan Formula-1 ulagynyň üstünden böküp, howply tilsimi ýerine ýetirdi
33 ýaşly şotlandiýaly BMX türgeni Kriss Kaýl Red Bull Racing toparynyň goldawy bilen, ilkinji gezek hereket edýän Formula-1 bolidiniň üstünden welosiped bilen böküş ýerine ýetirdi. Bu adaty bolmadyk we töwekgelçilikli tilsimiň wideosy internete paýlaşyldy
11.08.2025 17:00
4.9k+
Türkmenistan ulag düzgünleşdirişi ugry boýunça AÖB-niň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy
Türkmenistan serhetara söwda we ulag gatnaşyklygy indeksiniň (CBTTFI) ulag düzgünleşdirişi bölümi boýunça iň ýokary – 100 % – baha mynasyp boldy. Bu maglumat Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) täze hasabatynda beýan edilýär
11.08.2025 16:26
20k+
Toyota haýsy ýyllarda iň ygtybarly Camry-lary çykardy: barlaglaryň netijeleri
Toyota Camry onlarça ýyldan bäri öz klasynda iň ygtybarly modelleriň biri hasaplanýar. Car Complaints, J.D. Power we NHTSA-nyň maglumatlaryna görä, 1995, 2001, 2006, 2013, 2017 we 2019–2020 modeller iň az meseleli modeller bolup çykdy
11.08.2025 15:56
3.5k+
Dag howasynyň öýkünmesi syçanlarda Parkinson keseliniň ösüşini haýallatdy
ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň ýanyndaky Broda institutynyň alymlary Parkinson keselli syçanlarda dag howasyna meňzeýän, kislorody az bolan howanyň keseliň alamatlarynyň ösmegini haýalladýandygyny ýüze çykardylar diýip, institutyň metbugat gullugy habar berdi
11.08.2025 15:54
4.3k+
Infiniti birbada üç sany täze modeli: kross-kupeni we QX80-iň iki görnüşini bildiriş etdi
Infiniti premium brendi 15-nji awgustda ABŞ-da geçiriljek Monterey Car Week sergisinde üç sany täze konsepti görkezjekdigini mälim etdi. Bularyň hemmesi soňlugy bilen önümçilik awtoulaglaryna öwrüler. Esasy täzelik QX65 kross-kupe bolar, öňdäki optikanyň we kapotyň bölekleri görkezilip, çap edilen surat muňa şaýatlyk edýär
11.08.2025 15:48
4.3k+
Zacoe awtobezeg ussahanasy Lamborghini Revuelto-ny has giň we has haýbatly görnüşini hödürledi
Zacoe awtobezeg-atelýesi Lamborghini Revuelto superkary üçin kuzowyň elementleriniň toplumyny döretdi. Täze obwesiň kömegi bilen awtoulag, esasy wersiýasyna garanyňda, ep-esli giňeldi. Esasy tapawut - düýbünden täze ganatlarynyň bolmagy, olar adaty ganatlaryň üstünde oturdylmaýar-da, olaryň ornuny tutýar
11.08.2025 15:45
7.4k+
“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy
"Barselona” möwsümden öňki taýýarlygyny Žoan Gamperiň Kubogy ugrunda “Komo 1907” toparyna garşy oýun bilen tamamlady. Bu Seriýa A ligasyna täze goşulan topar bolup, oňa kataloniýalylaryň öňki oýunçysy Sesk Fabregas tälim berýär
11.08.2025 15:22
3.2k+
BMG-niň Awazada geçirilen maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda şöhlelendirildi
5 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi
11.08.2025 15:14
8.2k+
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlap, minnetdarlyk hatlaryny iberdi
11.08.2025 15:01
10k+
UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy
UEFA “Barselonanyň” iki oýunçysyna geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Intere” garşy jogap oýnundan soň doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy. Bu barada AS gazeti habar berdi. Katalon klubunyň hüjümçileri Lamin Ýamal we Robert Lewandowski doping işgäriniň görkezmesini berjaý etmedi we düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda derrew barlag nokadyna gelmedi
11.08.2025 14:36
5.9k+
“Kristal Pelas” “Liwerpuly” utup, taryhynda ikinji kubogyny gazandy
Londonyň “Kristal Pelas” kluby Angliýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda penalti tapgyrynda “Liwerpuly” utdy. Topar öz taryhynda we 2025-nji ýylda ikinji titulyny gazandy. Mundan öň klub finalda “Mançester Sitini” utup, Angliýanyň Kubogyny gazanypdy
11.08.2025 14:12
22k+
Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi
Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär
11.08.2025 10:36
13k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.08 - 17.08)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar
11.08.2025 01:21
11k+
Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy
Arheologlar b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiniň atylmagy zerarly weýran bolan Pompeýde betbagtçylykdan soň hem ýaşaýyşyň gaýtadan dowam eden bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlary tapdylar diýip, täze gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanýan ScienceAlert neşiri habar berýär
11.08.2025 01:11
7.4k+
Volkswagen 20 ýyldan gowrak wagtlap öndürilen Touareg krossoweriniň önümçiligini bes eder
Volkswagen Touareg krossoweri 2026-njy ýylda önümçilikden aýrylar. Modeliň göni mirasdüşeri bolmaz. Markanyň SUV-lar hataryndaky öňdebaryjy orny başga bir krossower - Tayron eýelär diýip, Autocar neşiri habar berýär
11.08.2025 01:07
3k+
WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär
The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna
11.08.2025 01:01
12k+
Ne maşyn, ne-de motor: Kanadada Hyundai Tiburon bilen Honda motosiklinden garylyp ýasalan üç tekerli ulag satylýar
Kanadada Hyundai Tiburon kupesiniň we Honda Goldwing motosikliniň böleklerinden elde ýygnalan üç tekerli ulag (trisikl) satuwa çykaryldy. Adaty bolmadyk bu ulagyň bahasy 4,5 müň dollar diýip, Carscoops habar berýär
11.08.2025 00:00
4k+
Chevrolet Silverado pikaby bir zarýadda rekord 1704 km-i geçip rekord goýdy
Chevrolet kompaniýasy bir zarýadda iň uzak aralygy geçen elektrik ulagy hökmünde täze dünýä rekordyny goýandygyny mälim etdi. Silverado kysymly pikabynyň batareýa bilen işleýän görnüşi 1704,6 kilometri geçmegi başardy diýip, Motor1 habar berýär
10.08.2025 23:51
9.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi we azerbaýjan halkyny taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady
10-njy awgustda azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
10.08.2025 23:32
12k+
Türkmenistan 2025-nji ýylda Russiýa baran syýahatçylaryň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa syýahatçylyk maksady bilen 629 müň daşary ýurt raýaty bardy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu maglumatlar Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasynyň hasabatynda getirilýär
10.08.2025 23:24
3.6k+
Timberland aýakgap brendi Sega bilen hyzmatdaşlykda Sonic kirpili toplumyny çykardy
Timberland meşhur aýakgap brendi Sega kompaniýasy bilen bilelikde Sonic The Hedgehog atly täze eşik we aýakgap toplumyny çykardy. Bu hyzmatdaşlyk Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda ilkinji Sega söwda dükanynyň açylmagyna bagyşlanýar diýip, HybeBeast habar berýär
10.08.2025 23:16
2.2k+
Bloomberg: Tesla Dojo superkompýuterini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan toparyny ýatyrdy
Ilon Maskyň eýeçiligindäki Tesla kompaniýasy Dojo superkompýuter taslamasy bilen meşgullanýan topary dargatdy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamanyň ýolbaşçysy Piter Bennon kompaniýadan gitmäge taýýarlanýar, onuň toparynyň azyndan 20 agzasy işden çykdy
10.08.2025 23:00
7.8k+
Arheologlar 6 müň ýyllyk täsin agaç eli tapdylar
Arheologlar Serteý jülgesiniň (Russiýanyň Smolensk oblasty) torfly oturymly ýerlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda agaçdan ýonulyp ýasalan antropomorf eli tapdylar. Tapyndy Döwlet Ermitažynyň Demirgazyk-Günbatar ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykaryldy
10.08.2025 22:51
2.3k+
Volkswagen T-Roc-yň täze nesli resmi tanyşdyrylyşdan öň görkezildi
Volkswagen kompaniýasy sentýabr aýynda Mýunhen awtoulag sergisinde T-Roc krossoweriniň ikinji neslini görkezmäge taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, täze modeliň daşky we içki suratlary eýýäm internetde peýda boldy. Hytaýyň AutoHome neşiri suratlaryň nireden gelendigini görkezmezden, neşir etdi
10.08.2025 22:48
3.1k+
Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýyladyşhanalar üçin KAS-28, -30 we -32 suwuk dökünleriniň döredilmegi boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze önümiň düzüminde kaliý, azot, ammiak selitrasy we beýleki peýdaly goşundylary bar
10.08.2025 21:45
3.3k+
Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar
Microsoft 2030-njy ýyla çenli adamlar kompýuterleri sesi, gözi we hatda pikirleri bilen dolandyrar diýip hasaplaýar. Windows operasion ulgamynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny kompaniýanyň wise-prezidenti Dewid Ueston paýlaşdy
10.08.2025 21:32
3.4k+
BMW 2026-njy ýylda Final Edition ýörite wersiýasy bilen Z4-iň önümçiligini soňlaýar
BMW Z4 rodsteriniň önümçiligini 2026-njy ýylyň maý aýynda tamamlar. Awtoulaglaryň soňky topary M40i görnüşinde çykar. "Hoşlaşyk" modeli hökmünde bawariýalylar ýazda Z4 Final Edition atly ýörite wersiýasyny hödürlärler
10.08.2025 21:29
3k+
Nissan Qashqai krossowerini täzeledi: ähli tekerleri hereketli, kuwwatly we bahasy 32,6 müň ýewrodan başlaýar
Nissan kompaniýasy täzelenen Qashqai 2025 krossowerini görkezdi. Bu model indi 1,3 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji we ýumşak gibrid ulgamy bilen hödürlenýär. Gurluşyň güýji 140 ýa-da 158 at güýjüne deň
10.08.2025 21:26
2.6k+
“Garri Potter” boýunça audiokitaplara 200-den gowrak aktýor ses berer, Dambldora Doktor Haus ses berer
2025-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň maý aýyna çenli Garri Potter hakyndaky ýedi kitabyň hemmesiniň iňlis dilinde täze audiokitaplary çykar. Taslama Pottermore we Audible tarapyndan amala aşyrylýar. Ses bermäge hünärmen aktýorlaryň 200-den gowragy gatnaşar diýip, Entertainment Weekly žurnaly habar berdi
10.08.2025 21:09
4.3k+
Milliardlarça deňiz ýyldyzyny ýok eden bakteriýa ýüze çykaryldy
Kanadaly we amerikaly biologlar dünýä ummanynda deňiz ýyldyzlarynyň milliardlarçasyny ýok eden, olary iglediji keseli (SSWD) döredijiniň Vibrio pectenicida atly bakteriýalaryň ştammydygyny anykladylar. Bu barada Hakaý institutynyň (Kanada) metbugat gullugy habar berdi
10.08.2025 14:19
2.8k+
Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi
Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler. GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär
10.08.2025 14:16
6.4k+
Bugatti W16 hereketlendirijisini alan ýeke-täk nusgada özboluşly Brouillard giperkaryny görkezdi
Bugatti niderlandly işewür Mişel Perridonyň ýörite sargydy boýunça döredilen özboluşly Brouillard giperkaryny hödürledi. Model alýumin elementleri bilen karbon şassisinde guruldy we diňe ýaryş ýollary üçin niýetlenendir
10.08.2025 14:11
5.6k+
Samsung kompaniýasy Galaxy A22, Galaxy F22 ýaly modelleriň goldawyny bes etdi
Samsung kompaniýasy dört sany arzan smartfon modeliniň – Galaxy A22, Galaxy F22, Galaxy M32 we Galaxy M42 5G smartfonlarynyň programma üpjünçiliginiň goldawyny bes etdi. Bu smartfonlar 2021-nji ýylda çykdy we soňky uly täzelenme hökmünde Android 13-e eýe boldy
«
1
…
218
219
220
…
1118
»
«
1
…
215
216
217
218
219
220
221
222
223
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.