Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

13.11.2025, 06:165,245
1 / 4

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy.

Cantor Fitzgerald bankynyň ýolbaşçysy, ABŞ-nyň söwda ministri Howard Latnigiň ogly Brendon Latnik sosial ulgamda:

“Satoşi Amerikada! Bu täsir galdyryjy skulpturany Maýamä getirmek bilen buýsanýarys,” — diýip ýazdy.

Ýadygärligiň nusgalaryny Satoshigallery atly sungat topary ýerleşdirýär. Şonuň ýaly heýkeller eýýäm Şweýsariýada, Ýaponiýada we Salwadorda bar. Mundan başga-da, Satoşi Nakamotonyň adyna aýratyn ýadygärlik Budapeştde (Wengriýada) goýlupdyr.
Heýkeliň awtory — bitkoin entuziasty Walentina Pikottsi. Heýkel bürünçden ýasalan bolup, kapýuşonly oturan adamy şekillendirýär. Onuň ýüz keşbi ýok, sebäbi Satoşi Nakamotonyň şahsyýeti entegem näbelli.
Satoşi Nakamoto — 2008-nji ýylda bitkoin döredilende ulanylan lakam bolup, ol bir adama ýa-da toparyň adyna degişli bolup biler. Şahsyýetini anyklamak boýunça birnäçe synanyşyklar edilse-de, ol entegem syry açylmadyk ýagdaýda galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.