Medeniýet we jemgyýet

Spotify kontentleri bilelikde diňlemek üçin toparlaýyn çatlary işe girizdi
02.02.2026 15:06
1k+

Spotify kontentleri bilelikde diňlemek üçin toparlaýyn çatlary işe girizdi

Spotify striming hyzmaty ulanyjylar üçin toparlaýyn çat funksiýasyny goşdy. Täze gural habar alyşmak, audiokitaplar, podkastlar we pleýlistler bilen paýlaşmak üçin on adamy bir topara birleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri ýazýar
Gresiýada iň gadymy agaç gurallar tapyldy: olaryň 430 müň ýyllyk taryhy bar
02.02.2026 14:55
1.7k+

Gresiýada iň gadymy agaç gurallar tapyldy: olaryň 430 müň ýyllyk taryhy bar

Gresiýadaky kölleriň biriniň kenarynda dünýäde iň gadymy agaç zähmet gurallary diýlip ykrar edilen iki sany artefakt tapyldy. Tapyndylaryň ýaşy, takmynan, 430 müň ýyla deň diýlip çak edilýär diýip, Associated Press habar berýär
Ermenistanyň premýer-ministri ilkinji konsertini berdi
02.02.2026 14:48
4k+

Ermenistanyň premýer-ministri ilkinji konsertini berdi

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 30-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde ilkinji gezek özüniň «Warçabend» atly saz topary bilen çykyş etdi. Ol bu konsertden pursatlary öz resmi telegram kanalynda paýlaşdy
Isläňokmy, aýyr: Instagram özüňi başgalaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga şert döreder
02.02.2026 14:37
1.8k+

Isläňokmy, aýyr: Instagram özüňi başgalaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga şert döreder

Instagram ulgamy ulanyjylaryna özlerini başga adamlaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany taýýarlaýar. Bu barada TechCrunch neşiri Meta kompaniýasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär
Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi
02.02.2026 12:53
1.5k+

Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi

San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada ​"Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. ​Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär
Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi
02.02.2026 12:45
4.7k+

Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy. Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi
Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär
02.02.2026 12:33
4k+

Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy
Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» ugrunda «Grammy» baýragynyň eýesi boldy
02.02.2026 12:10
857

Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» ugrunda «Grammy» baýragynyň eýesi boldy

Amerikaly meşhur režissýor Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» diýen ugurda «Grammy» baýragyna mynasyp boldy. Baýraklaryň gowşuryş dabarasy öten agşam Los-Anjeles şäherinde geçirildi. Spilberg bu baýragy «Jon Wilýamsyň sazy» («Музыка Джона Уильямса») atly dokumental filmiň prodýuseri hökmünde gazandy
Grammy–2026: esasy baýraklar Bad Bunny bilen Billi Aýlişde, Kendrik Lamar – iň köp baýrakly repçi
02.02.2026 11:48
2.1k+

Grammy–2026: esasy baýraklar Bad Bunny bilen Billi Aýlişde, Kendrik Lamar – iň köp baýrakly repçi

Los-Anjelesde saz äleminiň iň uly sylaglarynyň biri hasaplanýan «Grammy Awards» baýragynyň 68-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu ýylyň iň esasy baýraklaryna Bad Bunny we Billi Aýliş mynasyp boldy. Gazanylan baýraklaryň sany boýunça Kendrik Lamar (5 baýrak) bilen Bad Bunny (4) öňe saýlandy
Suratçylar jemgyýeti ýylyň iň gowy fotosuratlaryny we ussatlaryny yglan etdi
02.02.2026 11:03
5.4k+

Suratçylar jemgyýeti ýylyň iň gowy fotosuratlaryny we ussatlaryny yglan etdi

1988-nji ýylda esaslandyrylan Halkara fotosuratçylar jemgyýeti (The Society of Photographers) «Ýylyň suratçysy — 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Emin agzalary hödürlenen müňlerçe işiň arasyndan iň ussatlaryny saýlap, dürli kategoriýalar boýunça ýeňijileriň we finalçylaryň sanawyny köpçülige ýetirdiler
+23 hem-de gar gatyşykly ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
02.02.2026 09:15
12k+

+23 hem-de gar gatyşykly ýagyş: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer
02.02.2026 02:10
2k+

Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleri ulgamlaýyn esasda maglumat taýdan şöhlelendirer
Spotify 2025-nji ýylda sazandalara rekord 11 milliard dollar töleg töledi
02.02.2026 01:40
1.1k+

Spotify 2025-nji ýylda sazandalara rekord 11 milliard dollar töleg töledi

Spotify striming hyzmaty 2025-nji ýylyň jemi boýunça sazandalara we awtorlyk hukugynyň eýelerine 11 mlrd dollardan gowrak töledi diýlip, kompaniýanyň resmi beýanynda habar berilýär. Bu görkeziji platforma üçin rekord bolup, geçen ýylky netijeden, takmynan, 1 mlrd dollar köpdür
Puma we tilkijikler TPOTY-2025 fotobäsleşiginiň baş baýraklaryny aldylar
01.02.2026 22:49
7k+

Puma we tilkijikler TPOTY-2025 fotobäsleşiginiň baş baýraklaryny aldylar

“Ýylyň syýahatçy suratçysy” (Travel Photographer of the Year — TPOTY) halkara bäsleşiginiň guramaçylary "Ýabany haýwanlar, tebigat we suwasty dünýä" kategoriýasynda öňe saýlanan işleri yglan etdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, tebigatyň iň täsirli pursatlaryny surata düşüren şu suratçylar ýeňiji boldular: Esasy baýraklar: Iň gowy aýratyn surat: Guanako awlaýan puma — Kewin Ýu Şi (Kevin Yu Shi)
Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar
01.02.2026 16:31
5.2k+

Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar

Dubaýda Emirligi ösdürmegiň «20 minutlyk şäher» konsepsiýasynyň we ýene-de iki sany strategik başlangyjynyň amala aşyrylmagy tassyklanyldy. «Dubai10X» maksatnamasynyň çägindäki degişli taslamalary Dubaýyň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Goranmak ministri şeýh Hamdan ben Mohammed Al Maktum makullady
Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy
01.02.2026 15:13
1.4k+

Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy

Aktyor Genri Kewill sosial torlarda «Dagly» («Горец») filminden ilkinji şekilleri paýlaşdy. «Amazon MGM» kinostudiýasynyň bu taslamasy 1980-nji ýyllarda surata düşürilen adybir filmiň remeýkidir. Filmiň režissýorlyk kürsüsinde «Jon Uik» franşizasynyň awtorlarynyň biri bolan Çad Stahelski oturýar
Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar
01.02.2026 12:21
2k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar
Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär
01.02.2026 12:03
1.9k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar
ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy
31.01.2026 18:36
2.8k+

ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy

ABŞ-nyň Milli film sanawyna 25 sany täze kinofilm goşuldy diýip, Variety neşiri habar berýär.  Bu sanaw her ýyl täzelenip, oňa medeni, taryhy ýa-da estetiki ähmiýeti bolan, azyndan 10 ýyl mundan ozal düşürilen filmler girizilýär
OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer
31.01.2026 18:17
1.2k+

OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer

13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5
«Ýaş tebigatçy» we «Watan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi
31.01.2026 18:06
2.2k+

«Ýaş tebigatçy» we «Watan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik
Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi
31.01.2026 17:47
8.6k+

Coca-Cola-nyň ak aýysy «dönüklik edip», Pepsi-niň tarapyna geçdi

Onýyllyklaryň dowamynda Coca-Cola markasy bilen baglanyşdyrylan ak aýy garaşylmadyk ýagdaýda tarapyny üýtgetdi we Pepsi-niň täze mahabatynyň baş gahrymanyna öwrüldi. Pepsi kompaniýasy Superboul-2026 üçin «Saýlaw» (The Choice) atly wideoşekilli mahabatyny çykardy
ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy
31.01.2026 17:10
5.3k+

ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy

Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi
Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar
31.01.2026 14:47
2.7k+

Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar

Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi. Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär
«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler
31.01.2026 14:04
2.1k+

«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär
«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy
31.01.2026 13:06
2.3k+

«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy

Netflix-iň YouTube kanalynda «Berlin we samyrly hanym» (Берлин и дама с горностаем) serialynyň tizeri ýerleşdirildi. Bu taslama ozal «Kagyz öý» (Бумажный дом) serialynyň prikweli hökmünde çykan «Berlin» serialynyň dowamydyr
Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär
31.01.2026 10:53
3.1k+

Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär

Apple TV telekompaniýasy HBO-nyň üstünligini ozup geçmäge hyýallanýar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, striming hyzmaty ýazyjy Brendon Sandersonyň kitaplary esasynda fentezi-älemini döretmek üçin ägirt uly şertnama baglaşdy
«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy
31.01.2026 03:56
15k+

«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy

«Ýeke özi öýde», «Bitljus» filmleriniň we «Şitts Krik» serialynyň ýyldyzy, aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 71 ýaşan O’Haranyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek açyk aýdylmaýar
Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady
31.01.2026 03:34
2.6k+

Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady

Internet torunda emeli aňyň kömegi bilen döredilen «On This Day… 1776» («Şu gün... 1776-njy ýyl») atly taryhy serialyň treýleri peýda boldy. Filmde ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi barada gürrüň berilýär. Serialyň prodýuseri hökmünde «Arzuwlaryň rekwiýemi» («Реквием по мечте») we «Nuh» («Ной») filmleri bilen meşhur bolan režissýor Darren Aronofskiniň çykyş etdi
Daşoguzda dessançy bagşy-sazandalaryň festiwaly geçiriler
31.01.2026 01:25
1.6k+

Daşoguzda dessançy bagşy-sazandalaryň festiwaly geçiriler

Şu ýylyň mart aýynda Daşoguz welaýatynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal geçiriler. Bu medeni çärä görülýän taýýarlyk barada 30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B
«Täze tolkun» filmi Sezar kino baýragynyň 10 nominasiýasyny aldy
30.01.2026 20:54
2.6k+

«Täze tolkun» filmi Sezar kino baýragynyň 10 nominasiýasyny aldy

Fransiýanyň 51-nji Sezar milli kino baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Şu ýyl nominasiýalaryň sany boýunça Riçard Linkleýteriň «Täze tolkun» (Новая волна) komediýasy öňdebaryjy boldy. Bu film jemi on sany nominasiýada, şol sanda «Iň gowy film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy original ssenariý», «Iň gowy operatorlyk işi» we «Iň gowy kostýum dizaýny» ýaly kategoriýalarda baýraga dalaşgar görkezildi
Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy
30.01.2026 19:55
6.7k+

Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda döwlet sylaglarynyň gowşuryş dabarasy geçirildi. Gullugyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu çäre Watan goragçylarynyň güni mynasyberli geçirildi
Türkmenistanda GDA ýurtlarynyň awtorlary üçin atçylyk barada tele-filmler bäsleşigi yglan edildi
30.01.2026 18:54
4.7k+

Türkmenistanda GDA ýurtlarynyň awtorlary üçin atçylyk barada tele-filmler bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanda atçylyga, bedewleriň medeniýetdäki ornuna we atçylyk sportunyň ösüşine bagyşlanan GDA ýurtlarynyň «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara tele-filmler bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýär
Adamlar pikirleri çapraz gelse-de, bilermenleriň dipfeýklerine ynanmaga köp ýykgyn edýärler
30.01.2026 12:20
3.4k+

Adamlar pikirleri çapraz gelse-de, bilermenleriň dipfeýklerine ynanmaga köp ýykgyn edýärler

​Diňleýjiler abraýy uly bolan adamlaryň çykyşlaryndaky audio-dipfeýklerine (emeli aň arkaly döredilen ses ýazgylaryna), hatda olaryň sözlerinde many taýdan çaprazlyk bolan ýagdaýynda-da ynanmaga has köp ýykgyn edýärler diýip "NeuroImage" žurnaly habar berýär
Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi
30.01.2026 11:52
6.9k+

Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Arzyman» filmi häzirki wagtda montaž tapgyryndan geçýär. Şahyryň ykbaly we mirasy baradaky täze kino eserini režissýor, ssenariçi hem-de «Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy Çaryýar Seýidow düşürdi
Uçýan gurbaga, bir gözli ýolbars... ​"Capturing Ecology" halkara bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
30.01.2026 11:16
4.9k+

Uçýan gurbaga, bir gözli ýolbars... ​"Capturing Ecology" halkara bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Britaniýanyň ekologiýa jemgyýeti her ýyl geçirilýän "Capturing Ecology" (Ekologiýany surata düşürmek) atly fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim etdi. Bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden ekologlar we fotosuratçylar gatnaşdylar
Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze jaýlar ulanmaga berildi
30.01.2026 04:18
6.8k+

Türkmenbaşy şäherinde polisiýa işgärleriniň maşgalalary üçin täze jaýlar ulanmaga berildi

Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, her biri 24 maşgala niýetlenen iki sany dört gatly täze ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy
LEGO «Ýüzükleriň hökümdaryndaky» Sauronyň tuwulgasynyň toplumyny çykardy
30.01.2026 03:19
1.9k+

LEGO «Ýüzükleriň hökümdaryndaky» Sauronyň tuwulgasynyň toplumyny çykardy

LEGO Icons seriýasynda «Sauronyň tuwulgasy» atly täze toplum peýda boldy. 538 bölekden ybarat bolan bu toplum, meşhur epopeýanyň esasy ganymynyň tikenli tuwulgasynyň nusgasyny gaýtalaýar. Tuwulganyň taýýar modeliniň beýikligi takmynan 33 santimetre deňdir
Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi
29.01.2026 21:08
4.6k+

Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi

Collider neşiri häzire çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny hödürledi. Bilermenleriň bellemegine görä, gowy ylmy-fantastik filmler tomaşaçyny ýeňil galpyldyda saklaýar, toslanan dünýäniň ýönekeý düzgünlerini we ýyllar geçse-de könelmeýän pikirleri özünde jemleýär
ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär
29.01.2026 13:56
4.4k+

ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt Maksatnamasyny resmi taýdan işe girizdi. Bu ädim her bir çaganyň sagdyn bolmagyny, bilim almagyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.