Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

01.02.2026, 12:031,977

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar.
Hödürlenýän şertlere görä, aksiýa gatnaşmak üçin abunany 2026-njy ýylyň 24-nji fewralyna çenli resmileşdirmek zerurdyr. Synag möhletini iPhone, iPad, Mac, Apple Vision Pro enjamlarynda, şeýle-de Android smartfonlaryndaky «Apple Music» goşundysynda işjeňleşdirip bolýar.
Aksiýa hem şahsy, hem maşgala nyrhlaryna degişlidir. Abunany islendik wagtda, hasapdan pul alynmazdan öň ýatyrmak mümkinçiligi-de bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.