Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
21.08.2025 23:43
2.4k+
Google resmi taýdan Pixel 10 smartfon hataryny hödürledi
Google resmi taýdan Pixel 10 smartfon hataryny hödürledi. Oňa esasy model, flagman Pixel 10 Pro we Pixel 10 Pro XL, şeýle-de eplenýän Pixel 10 Pro Fold girdi. Smartfonlaryň ählisi Tensor G5 çibinde işleýär we güýzde satuwa çykarylar
21.08.2025 16:30
3.2k+
“Jon Uigiň” režissýory Jeýson Momoa bilen “The Pirate” filmini düşürer
Amazon MGM aktýor Jeýson Momoa bilen hyzmatdaşlykda uly ekranlarda “Garakçy” (The Pirate) filmini çykarar. Momoa prodýuser hökmünde çykyş eder we keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Deadline ýazýar. KHBS taslamany Indoneziýanyň meşhur “Reýd” uruşly filminiň stilindäki ekşen diýip atlandyrýar, ýöne filmiň wakalary garakçylaryň gämisinde bolup geçýär
21.08.2025 16:24
2.7k+
Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň posterini hödürläp, çykjak senesini aýtdy
Netflix sosial ulgamlarda Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň çykjak senesini yglan etdi. Film 17-nji oktýabrda çäkli prokata çykar. Üç hepdeden, 7-nji noýabrda film akym platformasynda ýazylyşyk boýunça elýeterli bolar
21.08.2025 16:08
15k+
Britaniýaly bagban bir tomusda Ginnesiň dört rekordyny goýdy
Glosterşir graflygyndan britaniýaly bagban Grem Barratt şu tomus birbada dört rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol birinji rekordy 2-nji iýunda goýdy: Barratt 18 santimetr uzynlykda nohut kösügini ösdürip ýetişdirdi
21.08.2025 15:16
13k+
Milliarder “Titanigiň” ýanyna düşmek üçin $10 mln tölemäge taýýar
Ady agzalmaýan milliarder Atlantik ummanynyň düýbündäki “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna düşmek kararyna geldi we munuň üçin 10 mln dollar tölär. Ol 2023-nji ýylda “Titan” suwasty enjamy bilen bolan heläkçilikden soň, suwa giden gäminiň ýanyna ugrajak ilkinji adam bolar diýip, çeşmä salgylanyp, New York Post gazeti habar berdi
21.08.2025 08:20
3.5k+
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edilip, sylaglar gowşuryldy
21.08.2025 08:14
3.2k+
Aşgabatda «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy badalga alýar: Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşyjylary gutlady
Şu gün, 21-nji awgustda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady
20.08.2025 14:32
8.2k+
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” we “Elio” onlaýn çykdy
Daşary ýurt onlaýn platformalarynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filminiň sanly relizi boldy. Bu Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky franşizanyň sekizinji filmidir, onuň premýerasy maý aýynda boldy
20.08.2025 14:28
6.5k+
Xiaomi tigirçekli TW çykarar: filmlere öýüň islendik ýerinde 13 gün zarýad bermezden tomaşa edip bolýar
Xiaomi kompaniýasy öz taryhynda ilkinji tigirçekli telewizoryny – Xiaomi MAX 27-ni hödürledi. Ol oturdylan akkumulýator bilen işleýär. Ony öýüň içinde bir ýerden başga bir ýere göçürmek we islendik otagda filmdir seriallara tomaşa etmek bolýar
20.08.2025 14:25
4.9k+
Tehasda bir kitap 82 ýyldan soň kitaphana gowşuryldy
Tehasdaky San-Antonio jemgyýetçilik kitaphanasyna tas 82 ýyldan soň bir kitap yzyna gaýtarylyp berildi diýip, UPI habar berýär. Şäher administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 11 ýaşly oglan 1943-nji ýylyň iýulynda Frensis Brýus Streýniň “Siziň çagaňyz, onuň maşgalasy we dostlary” atly kitabyny aldy
20.08.2025 14:22
1.6k+
Windows 11-e işleýiş näsazlygyndan awtomatik gorag goşuldy
Microsoft korporasiýasy KB5063878 belgisi bilen Windows 11-iň hökmany täzelenmesini çykardy. Windows Latest-iň habar bermegine görä, onuň esasy täzeligi Windows işe girizilen wagty näsazlyk ýüze çykan halatynda ulgamy dikeltmek üçin niýetlenen Quick Machine Recovery funksiýasy boldy
20.08.2025 14:09
6.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady
20.08.2025 08:52
2.7k+
YouTube “Oskary” ýaýlymda görkezmek hukugyny satyn almak isleýär
YouTube “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin hukuk satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada iki çeşmä salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, barha abraýyny ýitirýän dabaranyň iň uly wideohostingde ýerleşdirilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyryp bilerdi
19.08.2025 18:54
4.5k+
«Ýüzükleriň hökümdarynyň" täze filminde Frodo bilen Gendelf gaýdyp geler
“Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) franşizasyndaky indiki filminde hobbit Frodo we jadygöý Gendelf sahna çykar. Bu barada Gendelfiň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Ien Makkellen Londonda geçirilen “For the Love of Fantasy” atly duşuşykda mälim etdi
19.08.2025 15:16
11k+
Dubaýda dünýäde ikinji iň beýik bina bolan "Burj-Aziziniň" taslamasynyň jikme-jiklikleri mälim edildi
Birleşen Arap Emirliklerinde Dubaýda guruljak “Burj-Azizi” diýlip atlandyrylýan beýik binanyň funksional zolaklaşdyrylyş nusgasy köpçülige ýetirildi. Binanyň beýikligi 725 metre barabar bolar. Bina taslamany durmuşa geçirýän Azizi Developments kompaniýasynyň ady bilen atlandyryldy
19.08.2025 14:13
1.7k+
“Skibidi”, “delulu” we “tradwaýf” näme? Kembrij sözlüginde täze sözler peýda boldy
Kembrij sözlügine “skibidi”, “tradwaýf” we “delulu” sözleri girdi. Bu internet medeniýetiniň iňlis diline ýetirýän täsiriniň artýandygyny görkezýär diýip, The Guardian habar berýär. “Internet medeniýeti iňlis dilini üýtgedýär we bu hadysa syn etmek, onuň netijelerini bolsa sözlükde bellige almak gyzykly” – diýip, sözlügiň leksik programmasynyň ýolbaşçysy Kolin Makintoş belledi
19.08.2025 14:09
2.8k+
Zak Kreggeriň “Ýaraglar” horror filminiň kassa ýygymy býujetden üç esse ýokary boldy
Režissýor Zak Kreggeriň “Ýaraglar” (Орудия) horrory dünýä prokatynda meşhur boldy. Ikinji hepdäniň ahyryna çenli onuň kassa ýygymy 38 mln dollar býujetde 148 mln dollara ýetdi. Bu bolsa önümçilik çykdajylaryndan üç esse ýokarydyr diýip, Variety habar berýär
18.08.2025 19:23
9.1k+
Hindi ýazyjysy diňe 2114-nji ýyla ýetilende okalyp bilinjek kitaby ýazar
Meşhur hindi ýazyjysy Amitaw Goş “Geljegiň kitaphanasy” taslamasynyň 12-nji gatnaşyjysy boldy. Onuň indiki golýazmasy, 2114-nji ýyla çenli, ýagny 89 ýyllap okyjylar üçin elýeterli bolmaz diýip, The Guardian habar berýär
18.08.2025 19:03
3.3k+
Arheologlar uniwersitetiň çäginde ýerli amerikalylaryň gadymy düşelgesini tapdylar
Arheologlar Demirgazyk Karolinadaky Appalaçi döwlet uniwersitetiniň çäginde ýerli amerikalylaryň düşelgesiniň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar b.e. öňki 8000-1000-nji ýyllaryň giçki arhaik we wudlend döwürlerine degişlidir diýip, Archaeology magazine ýazýar
18.08.2025 16:25
11k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.08 - 24.08)
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugynyň çaklamalaryna görä, awgust aýynyň 18-inden 24-i aralygyndakky hepdede ýurdumyzda üýtgäp durýan howa bolar. Käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşlaryň bolmagy ahmal
18.08.2025 16:02
3.4k+
Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri tapawutlandyrmak ukyby bilen Ginnesiň kitabyna girdi
Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri çalt tapawutlandyrmak başarnygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 10 reňkden ybarat ýumuşdan 33,5 sekuntda baş çykaryp, guşlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi. Synag wagtynda Sýaoguýa 10 sany kiçiräk gap we şol bir reňklerdäki 10 top berildi
18.08.2025 15:59
2.5k+
Lokarnodaky kinofestiwalyň baş baýragyny “Iki möwsüm, iki nätanyş” ýapon filmi aldy
Lokarnoda (Şweýsariýa) geçirilen 78-nji kinofestiwalyň baş baýragyny – “Altyn barsy” režissýor Sýo Miýakeniň “Iki möwsüm, iki nätanyş” (Два сезона, два незнакомца) ýapon filmi aldy. Bu barada abraýly kinofestiwalyň guramaçylary habar berdi
18.08.2025 15:46
6.7k+
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Mary welaýatyna Hojanepes Ataýew we Remezan Işankulyýew wekilçilik eder
Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi
18.08.2025 15:36
3.4k+
Patyşa Karl III itler üçin tagamlaryň söwdasyny ýola goýdy
Britan patyşa maşgalasynyň Şotlandiýadaky rezidensiýasynda, Balmoral galasynyň web sahypasyndaky onlaýn dükanda önümleriň täze görnüşleri peýda boldy. Indi markaly çaý önümleri, deri önümleri, oýnawaçlar we çagalar üçin kitaplar bilen birlikde itler üçin hem dürli önümleri satyn alyp bolýar
18.08.2025 15:23
2.4k+
“Google Terjime” Duolingo-nyň garşysyna çykýar: onda dil öwrenmek režimi peýda bolar
“Google Terjime” programmasy daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döredilen “Praktika” (Practice) atly täze funksiýany synagdan geçirýär diýip, Android Authority portaly habar berdi . Žurnalistler ony programmanyň iň soňky wersiýasynda işjeňleşdirmegi başardylar
18.08.2025 10:22
14k+
Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Astanada "Silk Way Star" bäsleşigine gatnaşar
Gazagystanyň paýtagty Astanada “Silk Way Star” atly birinji Aziýanyň wokal bäsleşigi badalga alýar, bu ýaryş Azerbaýjandan Günorta Koreýa çenli — 12 ýurtdan zehinleri birleşdirer. Türkmenistana wekilçilik etmek hormaty meşhur aýdymçy we kompozitor Döwran Şammyýewe miýesser etdi
18.08.2025 10:17
6.1k+
DXOMark: Huawei Pura 80 Ultra dünýädäki iň gowy kamerofonlaryň sanawynda öňdäki orny eýeledi
Huawei Pura 80 Ultra DXOMark-yň global kamerofonlarynyň sanawynda öňdäki orny eýeledi we umumy bal boýunça rekord goýdy. DXOMark-yň berýän maglumatlaryna görä, enjam dünýä sanawynda 175 bal gazanyp, ähli kategoriýalarda iň gowy netijeleri görkezdi
18.08.2025 10:15
14k+
Tehasdaky Perl atly towuk dünýäniň iň garry towugy diýlip yglan edildi. Ol 14 ýaşynda
Tehasdaky Perl atly towuk resmi taýdan dünýäniň ýaşap ýören iň garry towugy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Rekord hasaba alnan pursadynda, eýesi Sonýa Hallyň sözlerine görä, towuk 14 ýaş 69 günlük eken
18.08.2025 10:13
3.4k+
Moskwada «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi
15-nji awgustda Moskwada Uly Nikitskaýa köçesiniň ugrunda ýerleşýän P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi
18.08.2025 08:47
3.3k+
Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar
“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady
17.08.2025 23:41
10k+
Alymlar ertirki kofe üçin iň gowy wagty aýdyp, ony ýekelikde içmegi maslahat berdi
Kofe üçin iň gowy wagt oýananyňdan soň 2,5 sagatdan soň bolup, ony iň gowusy ýekelikde içmeli. Şeýle teklibi ýewropaly alymlar öňe sürýär. Olar kofe içmegiň wagtynyň we şertleriniň içgiden alynýan lezzete nähili täsir edýändigini öwrendi
17.08.2025 23:37
3.3k+
iOS 26-da animasiýalar çaltlaşdyryldy: köne iPhone “has janly” işlär
Apple kompaniýasy iOS 26-ny synagdan geçirmegi dowam etdirýär, onuň durnukly wersiýasy indiki aýda iPhone 17 bilen bilelikde çykar. Häzir işläp düzüjiler iOS 26 beta 6-ny gurnap bilýär, onda birnäçe uly üýtgeşmeler peýda boldy
17.08.2025 23:34
2.4k+
LEGO “Garri Potter” boýunça “Hogsmid obasy” kolleksiýa toplumyny çykarar
LEGO kompaniýasy “Garri Potter” boýunça “Hogsmid obasy” ady bilen täze kolleksiýa toplumyny hödürledi. Ol 3 müňden gowrak bölekden ybarat bolup, 1-nji sentýabrda 379,99 ýewro (takmynan, 445 dollar) bahadan satuwa çykar
17.08.2025 23:31
2.7k+
THR: Dedpul indiki “Ar alyjylarda” peýda bolar
Raýan Reýnolds indiki “Ar alyjylar. Kyýamat güni” (Мстители. Судный день) filminde ýene Dedpuly oýnar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiriniň çeşmeleri habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, gahryman filmde peýda bolar, ýöne supergahrymanlaryň toparynyň doly agzasy bolmaz
16.08.2025 23:29
3.4k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi onlaýn elýeterli boldy
Jeýms Gannyň “Supermen” blokbasteri akym hyzmatlarynda peýda boldy we indi onlaýn tomaşa etmek üçin elýeterlidir. Film halkara prokatda 500 mln dollardan gowrak ýygnap, önümçilik we marketing çykdajylaryny doly ödedi
16.08.2025 19:07
7.8k+
Türkmenistanda soltan Jelaletdin barada täze kitap neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Orazpolat Ekäýew bilen Rejep Jommyýewiň «Soltan Jelaletdin Menguberdi» atly kitabyny neşir etdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär
16.08.2025 18:52
12k+
«Türkmenfilm» türkmen kinematografiýasynyň 100 ýyllygy mynasybetli film çykarar
2026-njy ýylda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi milli kinematografiýanyň 100 ýyllygyny bellär. Bu baýramçylyga taýýarlygyň çäginde “Keşplerde ýaşaýan ykballar” atly dokumental-publisistik film taýýarlanylýar
16.08.2025 18:18
3.9k+
Eminemiň meşhur “Stan” klibi barada film çykaryldy: repçi premýerada çykyş etdi
Amerikaly repçi Eminem “Stan” klibiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Stans” dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Premýera Nýu-Ýorkda geçdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. “Stan” aýdymy üçin klip 2000-nji ýylyň 20-nji noýabrynda çykdy we derrew meşhur boldy
16.08.2025 17:50
1.7k+
Meta-nyň Threads sosial ulgamynyň aýlyk ulanyjy sany 400 milliondan geçdi
Meta degişli bolan Threads sosial ulgamynyň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 400 milliondan geçdi diýip, Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri aýtdy. Mosseri işe başlany bäri iki ýylyň içinde bu hyzmatyň "açyk pikir alyşmak üçin möhüm platforma" öwrülendigini aýtdy
16.08.2025 17:45
2.3k+
YouTube görýän wideolaryna esaslanyp, ulanyjynyň ýaşyny kesgitlemek ulgamyny synagdan geçirýär
13-nji awgustda YouTube ABŞ-da ulanyjynyň ýaşyny barlamak boýunça täze ulgamyny synagdan geçirip başlady. Tehnologiýa görýän wideolarynyň häsiýetine baglylykda uly ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik tomaşaçylary tapawutlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanar
«
1
…
66
67
68
…
276
»
«
1
…
63
64
65
66
67
68
69
70
71
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.