“Jon Uigiň” režissýory Jeýson Momoa bilen “The Pirate” filmini düşürer

21.08.2025, 16:303,268

Amazon MGM aktýor Jeýson Momoa bilen hyzmatdaşlykda uly ekranlarda “Garakçy” (The Pirate) filmini çykarar. Momoa prodýuser hökmünde çykyş eder we keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Deadline ýazýar.

KHBS taslamany Indoneziýanyň meşhur “Reýd” uruşly filminiň stilindäki ekşen diýip atlandyrýar, ýöne filmiň wakalary garakçylaryň gämisinde bolup geçýär.
Filmi düşürmek bilen režissýor Dewid Litç (“Jon Uik”, “Kaskadýorlar”) meşgullanar.
Filmiň premýerasynyň senesi entek belli däl. Şu ýyl Momoa Minecraft oýnunyň ekranlaşdyrmasynda hem-de “Uruş serdary” atly taryhy mini-serialda peýda boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.