Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

21.08.2025, 08:203,512

20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edilip, sylaglar gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijiler gatnaşdy. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. 
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • «Lebiz plastik» hojalyk jemgyýetiniň enjam sazlaýjysy Ahunberdi Mekanowiç Annagulyýew;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň halk aýdym-sazly toparynyň ýolbaşçysy Begmyrat Çarymyradowiç Çarymyradow;
  • Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň bagşy mugallymy Kerwenmyrat Begmyradowiç Orazmyradow;
  • Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň halk saz gurallar bölüminiň dutar mugallymy Amanmuhammet Seýitmuhammedowiç Çaryberdiýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Güýçmyrat Şirmyradowiç Şirmyradow;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kakajan Annagurbanow;
  • Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Aýmämmet ogly Dawydow;
  • Harby bölümiň harby dirižýory — orkestriň müdiri Gaýgysyz Toýmämmedowiç Geldimämmedow;
  • Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Laçyn Öregeldiýewna Mätgeldiýewa;
  • Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gurbanbibi Şirmuhammedowna Hudaýberdiýewa;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnazar Arslan ogly Amanow;
  • Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Alymow;
  • Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Maksat Akynazarowiç Gurbanow;
  • Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Watan Ýolamanowiç Geldiýew.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.