Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
17.05.2025 19:44
7.9k+
Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär
17.05.2025 19:34
6.4k+
TikTok meditasiýa funksiýasyny işe girizdi, ol ukynyň hilini gowulandyrmaga kömek eder
TikTok meditasiýa funksiýasynyň işe girizilendigini habar berdi. Ol ukyny gowulandyrmaga we gije programmada sarp edilýän wagty azaltmaga gönükdirilendir. Ozal bu funksiýa ýetginjekleriň arasynda synagdan geçirildi, indi bolsa ähli ulanyjylar üçin elýeterlidir
17.05.2025 14:51
9.4k+
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge-iň mahabatynda iPhone-y ýaňsylaýar
Samsung şu hepde ýogynlygy 5,85 mm bolan Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi. Şondan soň, kompaniýa iki wideo çykaryp, onda öz smartfonynyň ýeňil agramyna we inçeligine ünsi çekip, ony iPhone 16 Pro bilen deňeşdirdi
17.05.2025 14:40
1.2k+
OpenAI programmistlere gönükdirilen GPT-4.1 modelini çykardy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT hyzmatynda GPT-4.1 we GPT-4.1 mini modellerini çykardy. Kompaniýa X sosial ulgamynda täze modelleriň ilkinji nobatda kod ýazmak we düzetmek boýunça gurallara zerurlygy bolan programmistlere gönükdirilendigini habar berdi
17.05.2025 14:09
14k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň birine baryp gördi
16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler
17.05.2025 13:12
3.4k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlar 18-nji maýda sagat 18:00-da başlanýar. Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň
17.05.2025 11:59
2k+
ChatGPT dünýäniň iň meşhur 5 saýtynyň biri boldy
Similarweb-iň reýtingine görä, chatgpt.com dünýäde iň köp girilýän saýtlaryň arasynda 5-nji orny eýeledi. Ulanyjylar bu saýtda ortaça 7 minutdan gowrak wagt sarp edýärler we her zyýaratda 4-den gowrak sahypa girýärler
17.05.2025 11:51
5.1k+
III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler
2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi
17.05.2025 09:34
11k+
Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler
2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Türkmenistandan Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
17.05.2025 09:10
2.9k+
Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi
Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar berýär
17.05.2025 09:08
2.6k+
Steam-de 89 million hasabyň maglumatlary internete syzdy. Ulanyjylara parollaryny çalyşmak maslahat berilýär
Hakerler Steam platformasyndaky 89 million hasabyň maglumatlaryny ogurlady diýip, «XDA» portaly habar berýär. Muny «Underdark AI» atly kiberhowpsuzlyk kompaniýasy ýüze çykardy. Olaryň LinkedIn sahypasynda berýän maglumatlaryna görä, «Machine1337» lakamly ulanyjy bu maglumat bazasyny darknetde 5000 dollara satýar
17.05.2025 09:07
7k+
Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy
Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar. Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi
17.05.2025 09:04
2.3k+
Google «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesinden el çekýär. Onuň ýerine EA gözleg ornaşdyrylar
Käbir ulanyjylar Google gözleg hyzmatynyň baş sahypasynda «AI Mode» atly emeli aň botunyň peýda bolandygyny aýtdylar. X we Threads ýaly sosial torlarda peýda bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Google dürli görnüşlerde emeli aň gözlegine başlamak üçin, düwmäniň ýerleşişini synagdan geçirýär
17.05.2025 09:03
9.2k+
Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi
Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady. Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar
17.05.2025 08:25
1.4k+
Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar
Marionyň başdangeçirmeleri baradaky täze animasion film 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykar. Illumination we Nintendo studiýalary Super Mario World adyny alyp biljek täze taslamanyň üstünde işleýär diýip, NBC habar berýär
17.05.2025 00:33
4.3k+
Lidarly döwrebap awtomobiller smartfonyň kamerasyny ýakýar
u/Jeguetelli atly Reddit ulanyjysy özüniň iPhone 16 Pro Max smartfonynyň kamerasynyň Volvo EX90 elektromobilini ýakyn aralykdan surata düşürjek bolan mahaly zaýalanandygyny habar berdi. Çünki, şol wagt awtomobile daşky dünýäni “görmäge” kömek edýän lazer sensory – lidar işjeň ýagdaýdady
16.05.2025 18:24
7.9k+
“Ýewrowideniýe-2025-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
69-njy “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynda ahyrky tapgyra çykan ýene 10 gatnaşyjy belli boldy. Bäsleşik Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilýär. Finala çykan 10 gatnaşyjy: ·Ysraýyl – New
16.05.2025 17:04
2.1k+
Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener
16.05.2025 16:47
15k+
Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy
16.05.2025 16:38
5.9k+
Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi
Abu-Dabide Ýakyn Gündogarda ilkinji Disney dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy. Bu waka mynasybetli Dubaýyň Lumasky kompaniýasy 9000 dronyň gatnaşmagy bilen uly yşyk şüweleňini geçirdi. Gijeki asmanda dronlar Zoluşkanyň galasyny we Disney dünýäsinden beýleki obrazlary şekillendirdi
16.05.2025 16:29
4.5k+
Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner
The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler
16.05.2025 16:11
4.1k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy
DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar
16.05.2025 16:05
2.7k+
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar
HBO “Ýedi şalygyň rysary” (Рыцарь семи королевств) serialynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň başyna süýşürdi. Ilkibaşda “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) serialynyň prikweli şu güýzde çykmalydy diýip, Variety belleýär
16.05.2025 15:56
4.5k+
Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy
San-Nikolau adasynda (Kabo-Werde arhipelagy) XX asyryň aýagyndan bäri ýitip giden hasaplanylýan çekirtgäniň janly nusgasy tapyldy. Bu seýrek görnüşleri halas etmäge mümkinçilik berýär diýip, Pensoft neşiri ýazýar
16.05.2025 10:57
3.1k+
Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady
16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi
16.05.2025 00:10
14k+
Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer
Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär. Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar
15.05.2025 22:07
5.3k+
“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder
Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar
15.05.2025 22:03
3.7k+
Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar
Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder
15.05.2025 21:29
2.2k+
iPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar
Apple kompaniýasy Synchron neýrotehnologiýa startapy bilen bilelikde iPhone, iPad we beýleki gurluşlary pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän “beýni-kompýuter” (BCI) interfeýsini işläp taýýarlaýar
15.05.2025 21:15
4.3k+
Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy
Seýrek mawy göwher Mediterranean Blue Ženewada geçirilen Sotheby’s auksionynda 21,5 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Agramy 10,03 karat bolan ýiti mawy reňkli göwher işjeň söwda getirdi
15.05.2025 21:12
2.5k+
Düşnükli, ýiti reňkli we janly: Google Android 16-nyň täzelenen interfeýsini çykardy
Google I/O konferensiýasynyň öňüsyrasynda ýörite çäre geçirildi. Onda kompaniýa 3 milliarddan gowrak smartfonlarda we planşetlerde gurnalan Android operasion ulgamynyň täzelenmesini resmi taýdan hödürledi. Täze dizaýn Material 3 Expressive stiline esaslanýar we Android 16-da peýda bolar
15.05.2025 12:03
3.5k+
Rafael Nadal “Rolan Garros” – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi
“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi, ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi. Wideoda tanymal tennisçi söz bilen çykyş edýär we onuň dowamynda Rojer Federer
15.05.2025 11:50
6.9k+
Bloger ýüzlerçe filmlerden replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymyny ýasady
The Unusual Suspect YouTube kanalynyň awtory 331 filmden we teleşoudan replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymynyň üýtgeşik wersiýasyny döretdi. Wideo eýýäm ýaýrady. Bu aýdymda filmlerden alnan bölekler Eminemiň aýdymy hakykatda aýdyşy ýaly tizlikde ýaňlanýar
15.05.2025 11:27
3.5k+
Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi
Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär
15.05.2025 00:04
4.6k+
Fransuz mekdeplerinde smartfonlardan “10 gün ýüz öwürmek” tejribesi geçirilýär
Fransiýanyň ýüzlerçe mekdebinde smartfonlardan, planşetlerden we oýun pristawkalaryndan ýüz öwürmek boýunça 10 günlük sosial tejribe başlady. Ol 13-nji maýdan 22-nji maý aralygynda dowam eder we oňa 117 500-den gowrak çaga gatnaşar diýip, BFMTV habar berýär
14.05.2025 16:11
2.8k+
Gaty batareýalaryň zarýad alşyny rekord derejä çenli tizleşdirýän material döredildi
Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň (TUM) alymlary batareýalara çalt zarýad almaga we howpsuz işlemäge mümkinçilik berýän täze materialy döretdi. Ol geljekki akkumulýatorlar, aýratynam, elektromobiller we ykjam gurluşlar üçin esas bolup biler
14.05.2025 15:59
9.3k+
Portugaliýada Lego-dan äpet şäher guruldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
14.05.2025 15:55
5.4k+
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi
Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr. Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy
14.05.2025 15:48
3k+
Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar
Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär
14.05.2025 15:09
20k+
«Arkadag» FK-nyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragy kitaphananyň gurluşygyna gönükdiriler
«Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygy üçin berlen pul baýragy Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler
«
1
…
85
86
87
…
276
»
«
1
…
82
83
84
85
86
87
88
89
90
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.