Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler

17.05.2025, 09:3411,095

2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Türkmenistandan Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin howa gämisiniň ýörite gatnawynyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagyny guramak tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.